Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

93-NJI BAP

Ynsan ogly aýan bolar

Ynsan ogly aýan bolar

LUKA 17:20—37

  • «HUDAÝYŇ PATYŞALYGY SIZIŇ ARAŇYZDADYR»

  • ISA HÖKÜM SÜRÜP BAŞLANDA NÄMELER BOLAR?

Isa henizem ýa Samariýada, ýa-da Jelilede bolmaly. Fariseýler ondan Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi barada soraýarlar, sebäbi olar Patyşalyk şowhun-dabara bilen geler öýdýärdiler. Emma Isa: «Hudaýyň Patyşalygy göze görnüp gelmez; adamlar, „Ynha, ol bärde!“ ýa-da „Ol aňyrda!“ diýmezler. Sebäbi Hudaýyň Patyşalygy siziň araňyzdadyr» diýip jogap berýär (Luka 17:20, 21).

Käbirleri: «Isanyň aýtmagyna görä, Patyşalyk Hudaýyň gullukçylarynyň ýüreginde höküm sürýär» diýýärler. Emma şeýle pikir etmek nädogry, sebäbi Patyşalyk fariseýleriň ýüreginde bolmagy mümkin däldi. Isa «siziň araňyzda» diýmek bilen, özüniň, ýagny Hudaýyň saýlan Patyşasynyň şol wagt olaryň arasyndadygyny aýtjak boldy (Matta 21:5).

Ähtimal, şondan soň Isa fariseýleriň ýanyndan gaýdyp, şägirtlerine Patyşalygyň gelmegi baradaky başga-da käbir jikme-jiklikleri düşündiren bolmaly. Ol başda Patyşalykda höküm sürmek bilen bagly şeýle duýduryş berýär: «Şeýle bir günler geler: siz Ynsan oglunyň ýanyňyzda birje gün bolmagyny islärsiňiz, ýöne ony görmersiňiz» (Luka 17:22). Bu sözler Ynsan oglunyň gelejekde höküm sürjekdigini görkezýärdi. Ýöne käbir şägirtler heniz Patyşalyk gelmänkä, ony alada galyp agtararlar. Her näme-de bolsa, olar Hudaýyň bellän wagtynda Ynsan oglunyň gelmegine garaşarlar.

Isa gürrüňini şeýle dowam edýär: «Adamlar size „Serediň, ol aňyrda!“ ýa-da „Ine, bärde!“ diýerler. Ýöne siz olara ynanmaň, yzlaryna-da düşmäň. Çünki ýyldyrym çakanda, ol asmanyň bir ujundan beýleki ujuny nähili ýagtyldýan bolsa, Ynsan oglunyň aýan bolmaly güni hem şeýle bolar» (Luka 17:23, 24). Emma Isanyň şägirtleri özlerini ýalan mesihlerden nädip gorap bilerler? Isanyň aýtmagyna görä, ýyldyrym çakanda nähili ýagtylýan bolsa, hakyky Mesih gelende-de şeýle aýan bolar. Diýmek, Isa Patyşalykda höküm sürüp başlanda, oňa garaşýan adamlaryň ählisi muňa açyk-aýdyň düşüner.

Soňra Isa geçmişde bolan wakalary mysal getirip, özüniň aýan bolmaly döwründe adamlaryň garaýşynyň nähili boljakdygyny şeýle görkezýär: «Nuhuň günleri nähili bolan bolsa, Ynsan oglunyň günleri-de şeýle bolar... Lutuň günlerinde hem şeýle bolupdy: adamlar iýip-içýärdiler, satyn alýardylar, satýardylar, ekýärdiler we jaýlar gurýardylar. Emma Lutuň Sodomdan çykan güni gökden ot hem-de kükürt ýagyp, olaryň ählisini ýok etdi. Ynsan oglunyň aýan boljak güni hem şeýle bolar» (Luka 17:26—30).

Isa Nuhuň we Lutuň döwründe ýaşan adamlaryň iýip-içmek, satmak, satyn almak, ekmek we jaý gurmak ýaly işler bilen meşgullanandyklary üçin ýok edilendigini aýtjak bolmady. Elbetde, Nuh, Lut we olaryň maşgalasy hem şunuň ýaly işler bilen meşgullanandyr. Emma başgalar şeýle işler bilen başagaý bolup, Hudaýyň islegine we nähili döwürde ýaşaýandyklaryna üns bermediler. Ine, şonuň üçin hem Isa şägirtlerine Hudaýyň islegine üns berip, şoňa görä ýaşamagy maslahat berýär. Şeýlelikde, gelejekde Hudaý şu dünýäni ýok etmäge gelende, olar özlerini halas edip bilerler.

Şägirtler «yzda galan zatlara», ýagny dünýäniň işlerine ünsüni sowmaly däl. Isa şeýle diýýär: «Şol gün jaýyň üçegindäki adam öýündäki zatlaryny almak üçin aşak düşmesin; şonuň ýaly-da ekin meýdanyndaky adam hem yzynda galan zatlaryny almak üçin dolanmasyn. Lutuň aýalyna näme bolandygyny ýadyňyza salyň» (Luka 17:31, 32). Bilşimiz ýaly, Lutuň aýaly duz sütünine öwrülipdi.

Isa Ynsan oglunyň Patyşa bolup höküm sürüp başlanda, boljak ýagdaýy suratlandyryp, şägirtlerine: «Size diýýärin, şol gije otagda iki adam bolar; olaryň biri alnar, biri goýlar» diýýär (Luka 17:34). Hawa, käbir adamlar halas bolar, galanlary bolsa ýok ediler.

Şägirtleri Isadan: «Halypam, bu zatlar nirede bolar?» diýip soranda, ol hem: «Maslyk nirede bolsa, bürgütler hem şol ýere üýşer» diýip jogap berýär (Luka 17:37). Dogrudan-da, käbir adamlar görgür bürgüt ýaly bolar. Olar hakyky Mesih bolan Ynsan oglunyň ýanyna ýygnanarlar. Şonda Isa iman edýän şägirtlerini halas ediji hakykat bilen üpjün eder.