Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

11-NJI BAP

Suwa çümdürýän Ýahýa ýol taýýarlaýar

Suwa çümdürýän Ýahýa ýol taýýarlaýar

MATTA 3:1—12; MARKUS 1:1—8; LUKA 3:1—18; ÝAHÝA 1:6—8, 15—28

  • ÝAHÝA WAGYZ ETMEK WE SUWA ÇÜMDÜRMEK ÜÇIN GELÝÄR

  • KÖPLER SUWA ÇÜMDÜRILÝÄR, ÝÖNE HEMMELER DÄL

Isanyň 12 ýaşynda ybadathanada mugallymlara sorag beren döwründen bäri takmynan 17 ýyl geçipdi. Häzir b. e. 29-njy ýylynyň ýaz aýlarydy. Köpler Isanyň garyndaşy Ýahýa hakda gürrüň edýärler. Ol Iordan derýasynyň günbatar tarapynda wagyz edýär.

Ýahýanyň daş keşbi we gepleýşi adamlara güýçli täsir edýärdi. Onuň düýe ýüňünden geýimi we bilinde deriden guşagy bardy. Ol çekirtge we ýabany ary baly bilen iýmitlenýärdi. Ýahýa nähili habary aýdýardy? Ol: «Toba ediň, sebäbi gögüň Patyşalygy golaýlaşdy» diýýärdi (Matta 3:2).

Ýahýanyň habaryny diňlemäge gelýän adamlar ruhlanýardy. Olaryň köpüsi toba etmegiň, ýagny öňki eden erbet işlerinden el çekip, garaýşyny we özüni alyp barşyny özgertmegiň wajypdygyna düşünip başlaýardylar. «Onuň ýanyna Iýerusalimiň, bütin Ýahudanyň we Iordan derýasynyň daş-töweregindäki ähli ýerlerden adamlar gelýärdi» (Matta 3:5). Olaryň köpüsi toba edýärdi. Ýahýa hem toba eden adamlary Iordan derýasynda suwa çümdürýärdi. Näme üçin?

Suwa çümdürilmegiň göçme manysy bardy. Suwa çümdürilýän adam Hudaýyň Kanun ähtini bozandygy üçin eden günälerine ýürekden toba edýändigini görkezýärdi (Resullaryň işleri 19:4). Emma hemmeler muňa taýyn däldi. Meselem, Ýahýa ýanyna gelen käbir dini ýolbaşçylara, ýagny fariseýlerdir saddukeýlere «alahöwrenler nesli» diýýär. Ýahýa olara: «Toba edýändigiňizi görkezýän işleri ediň. Siz özüňize: „Biz Ybraýymyň nesli“ diýmegiňizi bes ediň. Sebäbi Hudaý şu daşlardan hem Ybraýyma nesil öndürip biler. Palta agaçlaryň düýbünde eýýäm taýyn durandyr. Gowy miwe bermeýän her bir agaç çapylyp, oda taşlanar» diýýär (Matta 3:7—10).

Ýahýanyň täsirli habary we köpleriň suwa çümdürilmegi hemmeleriň diýen ýaly ünsüni özüne çekýärdi. Şonuň üçin ruhanylar we lewiler onuň ýanyna adam iberýärler. Olar hem gelip, Ýahýadan: «Sen kim bolarsyň?» diýip soraýarlar.

Ýahýa: «Men Mesih däl» diýip, açyk aýdýar.

«Onda sen kim bolarsyň? Ylýas pygambermi?» diýip soraýarlar.

Ol: «Ýok» diýip jogap berýär.

Şonda olar Musanyň aýdan Beýik pygamberini göz öňünde tutup: «Sen pygambermi?» diýýärler (Kanun taglymaty 18:15, 18).

Ýahýa: «Ýok» diýip jogap berýär.

Şonda olar: «Onda sen kim? Biz özümizi iberenlere jogap berip biler ýaly, kimdigiňi aýt. Özüň barada näme diýip biljek?» diýýärler. Ýahýa hem: «Men Işaýa pygamberiň aýdyşy ýaly: „Ýehowanyň ýodalaryny dogrulaň“ diýip, çölde gygyrýan adamdyryn» diýýär (Ýahýa 1:19—23).

Olar ondan: «Eger sen Mesih ýa-da Ylýas, ýa pygamber bolmasaň näme üçin adamlary suwa çümdürýärsiň?» diýip soraýarlar. Ýahýa olara: «Men suwa çümdürýärin, ýöne araňyzda biri bar, siz ony tanamaýarsyňyz. Ol meniň yzymdan gelýändir» diýip jogap berýär (Ýahýa 1:25—27).

Hawa, Ýahýa özüniň ýol taýýarlamak üçin iberilen adamdygyna düşünýärdi. Ol adamlaryň ýüregini Patyşa boljak Mesihi kabul etmäge taýýarlamalydy. Ýahýa ol hakda: «Menden has ygtyýarly biri gelýär. Men onuň aýakgabyny çykarmaga-da mynasyp däldirin» diýýär (Matta 3:11). Ýahýa hatda: «Meniň yzymdan gelýän menden beýikdir, sebäbi ol menden öň hem bardy» diýýär (Ýahýa 1:15).

Dogrudan-da, Ýahýanyň: «Toba ediň, sebäbi gögüň Patyşalygy golaýlaşdy» diýen habary ýerliklidi (Matta 3:2). Bu sözler tizden Ýehowanyň bellän geljekki Patyşasy Isa Mesihiň öz gullygyna başlajakdygyny görkezýärdi.