Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

33-NJI BAP

Işaýanyň pygamberligi ýerine ýetýär

Işaýanyň pygamberligi ýerine ýetýär

MATTA 12:15—21; MARKUS 3:7—12

  • ISANYŇ ÝANYNA ULY MÄREKE ÝYGNANÝAR

  • ISA IŞAÝANYŇ PYGAMBERLIGINI BERJAÝ EDÝÄR

Fariseýler we Hirodesiň tarapdarlary Isany öldürjek bolýarlar. Ol muny bilende, şägirtleri bilen Jelile deňzine tarap gidýär. Onuň ýanyna uly märeke ýygnanýar. Olar Jelileden, Sur we Sidon atly kenarýaka şäherlerinden, Iordan derýasynyň gündogar tarapyndan, Iýerusalimden hem-de uzak günortada ýerleşýän Idumeýadan gelipdiler. Isa köp syrkawlary sagaldýar. Şol sebäpli agyr keselli adamlaryň hemmesi onuň ýanyna barmaga howlugýardy. Olar Isanyň elini degirmegine garaşman, özleri oňa elini degirjek bolýardylar (Markus 3:9, 10).

Adamlar şeýle bir köpdi welin, Isa şägirtlerine kiçiräk gaýygy getirmegi tabşyrýar. Şonda ol gaýyga münýär-de, adamlar ony gysmaz ýaly kenardan biraz daşlaşýar. Bu oňa gaýykda oturan ýerinden öwretmäge ýa-da has köp adamlara kömek etmek üçin başga kenarlara gitmäge mümkinçilik berýärdi.

Matta özüniň Hoş habarynda: «Şeýdip, Işaýa pygamberiň aýdan... sözleri berjaý boldy» diýýär (Matta 12:17). Eýsem, Isa haýsy pygamberligi ýerine ýetirdi?

«Ine, meniň saýlan, söýgüli we göwnüme laýyk gullukçym! Men oňa ruhumy bererin, ol hem halklara adalatyň nämedigini aýdyň görkezer. Ol ne dawalaşar, ne-de gygyrar. Uly ýollarda hiç kim onuň sesini eşitmez. Ol adalaty berkarar edýänçä, egrelen gamşy döwmez, sönüp barýan peltäni öçürmez. Hawa, halklar onuň adyna umyt baglarlar» (Matta 12:18—21; Işaýa 42:1—4).

Dogrudan-da, Isa pygamber Hudaýyň söýgüli we göwnüne laýyk gullukçysy! Ol adalaty aýan edýär, sebäbi ony ýalan dini taglymatlar zerarly tapawutlandyryp bolmaýardy. Fariseýler Hudaýyň Kanunyny nädogry düşündirýärdiler. Olar Sabat güni hatda syrkawa-da kömek etmezler! Isa Hudaýyň adalatyny aýan edip we özünde Hudaýyň ruhunyň bardygyny görkezip, adamlary ýalan taglymatlardan azat edýär. Ine, şonuň üçin dini ýolbaşçylar ony öldürmek isleýärler. Gör, nähili elhençlik!

«Ol ne dawalaşar, ne-de gygyrar. Uly ýollarda hiç kim onuň sesini eşitmez» diýen sözler nämäni aňladýar? Isa syrkawlary sagaldanda, olara hem-de jynlara «özi hakda hiç kime gürrüň bermezligi» tabşyrýardy (Markus 3:12). Ol özi barada adamlaryň köçelerde kimdir birinden eşitmegini ýa-da dilden-dile geçen nädogry maglumatlar arkaly bilmeklerini islemeýärdi.

Şeýle-de Isa göçme manyda egrelen we döwüljek bolup duran gamşa meňzeýän adamlara göwünlik beriji habary aýdýar. Adamlaryň ýaşaýşa bolan höwesi gaçyp barýardy, olar sönüp barýan peltä meňzeýärdiler. Isa egrelen gamşy döwmez ýa-da sönüp barýan peltäni öçürmez. Gaýtam, ýumşak adamlary mähir we söýgi bilen ruhlandyrýar. Dogrudan-da, milletler Isa pygambere bil baglap bilerler!