Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

22-NJI BAP

Isa dört şägirdini çagyrýar

Isa dört şägirdini çagyrýar

MATTA 4:13—22; MARKUS 1:16—20; LUKA 5:1—11

  • ISA ŞÄGIRTLERINI ELMYDAMA YZYNA EÝERMÄGE HÖWESLENDIRÝÄR

  • ŞÄGIRTLER ADAMLARY TUTÝAN BALYKÇY BOLÝARLAR

Isa Nazaretiň ýaşaýjylarynyň elinden sypansoň, Jelile deňziniň (oňa «Genesaret köli» hem diýilýärdi) golaýynda ýerleşýän Kapernaum şäherine gelýär (Luka 5:1). Şonda Işaýanyň Jelile deňziniň ýakasynda ýaşaýan halkyň güýçli ýagtylyk görjekdigi baradaky pygamberligi berjaý bolýar (Işaýa 9:1, 2).

Hawa, Isa Jelilede «gögüň Patyşalygy golaýlaşdy» diýip, wagyz etmegini dowam edýärdi (Matta 4:17). Şol ýerde Isa dört şägirdini tapýar. Olar öň Isa bilen syýahat edipdiler, ýöne Ýahudadan gaýdyp gelensoň, ýene-de balykçylyk işine dolanýarlar (Ýahýa 1:35—42). Häzir bolsa Isanyň ýanynda bolmagyň tüýs wagtydy, sebäbi şeýdip, şägirtler Isa dünýäden ötmänkä, ondan wagyz etmegiň tälimini öwrenip bilerdiler.

Isa deňziň kenaryndan ýöräp barýarka, Simun Petrusy we onuň dogany Andreasy görýär. Olar balykçy ýoldaşlary bilen torlaryny bejerişdirip durdular. Isa Petrusyň gaýygyna münüp, ondan biraz kenardan aňyrrak ýüzmegi haýyş edýär. Soňra Isa gaýykda oturýar-da, kenarda ýygnanan märekä Hudaýyň Patyşalygy baradaky hakykaty gürrüň berip başlaýar.

Soňra Isa Petrusa: «Çuň ýere ýüz-de, torlary şol ýere zyň» diýýär. Petrus bolsa: «Mugallym, biz bütin gije jan etsek-de, hiç zat tutup bilmedik, ýöne seniň aýdýandygyň üçin, torlary taşlaýyn» diýip jogap berýär (Luka 5:4, 5).

Torlaryny deňze taşlanlarynda, olar şeýle bir köp balyk tutýarlar welin, torlar ýyrtylyp başlaýar! Olar şol bada beýleki gaýykdaky ýoldaşlaryna ellerini galgadyp, olary kömege çagyrýarlar. Iki gaýygy hem balykdan dolduranlarynda, gaýyklar gark bolup başlaýar. Petrus muny görüp, Isanyň öňünde dyza çökýär-de: «Agam, men seniň ýanyňda bolmaga mynasyp däldirin, men bir günäli adam ahyryn» diýýär. Emma Isa Simuna: «Gorkma, sen mundan beýläk adamlary tutýan balykçy bolarsyň» diýýär (Luka 5:8, 10).

Isa Petrus bilen Andreasa: «Meniň yzyma düşüň. Men sizi adam tutýan balykçy edeýin» diýýär (Matta 4:19). Isa başga-da iki balykçyny, ýagny Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýahýany-da çagyrýar. Olar hem şol bada Isanyň yzyna düşýärler. Şeýlelikde, dört adam balykçylygyny taşlap, Isanyň yzyna hemişe eýeren ilkinji şägirtleri bolýar.