Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

60-NJY BAP

Mesihiň şöhraty baradaky görnüş

Mesihiň şöhraty baradaky görnüş

MATTA 16:28—17:13; MARKUS 9:1—13; LUKA 9:27—36

  • ISANYŇ DAŞ KEŞBINIŇ ÖZGERIŞI

  • RESULLAR HUDAÝYŇ SESINI EŞIDÝÄRLER

Isa Hermon dagyndan takmynan 25 km uzaklykda ýerleşýän Kaýsariýa-Filipi diýen ýerde märekä tälim berende, resullaryna üýtgeşik bir habary aýdýar. Ol: «Size dogrusyny aýdýaryn, şu ýerde duranlaryň käbiri ynsan Oglunyň Patyşalygynda gelşini görmän ölümi asla datmaz» diýýär (Matta 16:28).

Şägirtler Isanyň aýdan sözlerine düşünmedik bolsalar gerek. Takmynan bir hepde geçensoň, Isa Petrusy, Ýakuby we Ýahýany ýanyna alyp, bir beýik daga çykýar. Bu waka gije bolan bolmaly, sebäbi üç şägirdiň ukusy tutup başlaýar. Isa olaryň ýanynda doga edip durka, daş keşbi özgerýär. Şonda resullar Isanyň ýüzüniň Gün ýaly şöhle saçýandygyny, egin-eşiginiň bolsa ap-ak bolup, göwher daşy kimin öwşün atýandygyny görýärler.

Soňra olara iki adam, ýagny «Musa bilen Ylýas» pygamber görünýär. Olar Isanyň «bu dünýäden gitjekdigi we Iýerusalimde bolmaly zatlar hakda» gürrüň edip başlaýarlar (Luka 9:30, 31). Bu gürrüň Isanyň öldüriljekdigini we soňra direldiljekdigini aýan edýärdi. Isa bu hakda birki günlükde aýdypdy (Matta 16:21). Petrus hem oňa garşy çykypdy. Häzir bolsa bu görnüş Isanyň masgaraçylykly ölüminiň hökmany suratda boljakdygyny görkezýärdi.

Üç resul ukudan doly açylanda, olary synlap, gürrüňlerini haýran galyp diňleýärdiler. Bu görnüş edil hakykat ýalydy, şonuň üçin Petrus gürrüňe goşuljak bolup: «Mugallym, bu ýer biziň üçin diýseň gowy. Bize şu ýerde üç çadyr gurmaga rugsat ber: birini saňa, birini Musa, birini Ylýasa» diýýär (Markus 9:5). Petrus üç çadyr gurjak bolýar welin, belki, ol görnüşiň tamamlanmagyny isleýän däldir?

Petrus gepläp durka, bir bulut olary gurşap alýar we onuň içinden: «Bu meniň söýgüli Oglum, men ondan razydyryn. Oňa gulak asyň» diýen ses eşidilýär. Hudaýyň sesini eşiden resullar gorkudan ýaňa ýere ýüzin ýykylýarlar. Şonda Isa: «Turuň, gorkmaň» diýýär (Matta 17:5—7). Olar başyny galdyranda, Isadan başga hiç kimi görmeýärler. Şeýdip, görnüş tamamlanýar. Ertesi olar dagdan aşak düşende, Isa: «Ynsan Ogly ölümden direlýänçä, bu gören görnüşiňiz hakda hiç kime aýdaýmaň» diýip tabşyrýar (Matta 17:9).

Görnüşde Ylýasyň peýda bolmagy resullarda sorag döredýär. Olar Isadan: «Näme üçin kanunçylar ilki Ylýas gelmeli diýýärler?» diýip soraýarlar. Ol: «Ylýas eýýäm geldi, ýöne ony tanamadylar» diýip jogap berýär (Matta 17:10—12). Isa suwa çümdürýän Ýahýa barada aýdýardy. Sebäbi onuň berjaý eden tabşyrygy Ylýas pygamberiňki ýalydy. Hawa, Ylýas Elişa pygambere, Ýahýa bolsa Mesihe ýol taýýarlady.

Bu görnüş Isany-da, resullary-da, gör, nähili berkidendir! Ol Mesihiň Patyşalykdaky şöhratyny görkezdi. Hawa, Isanyň wada berşi ýaly, şägirtler «ynsan Oglunyň Patyşalygynda gelşini» gördüler (Matta 16:28). Olar dagdaka, «onuň ajaýyp şöhratynyň» şaýady boldular. Ýadyňyzda bolsa, fariseýler Isadan Hudaýyň saýlan Patyşasydygyny subut edýän alamat görkezmegi sorapdylar. Ýöne Isa olara hiç hili alamat görkezmedi. Oňa Isanyň iň ýakyn şägirtleri mynasyp boldular. Şeýdip, Patyşalyk baradaky pygamberlik tassyklandy. Ençeme ýyl geçenden soň, Petrus: «Bizde has ynama mynasyp pygamberlik sözi bar» diýip ýazýar (2 Petrus 1:16—19).