41-NJI BAP
Gudratlar kimiň güýji bilen edilýär
MATTA 12:22—32; MARKUS 3:19—30; LUKA 8:1—3
-
ISANYŇ IKINJI WAGYZ SYÝAHATY
-
JYNLARYŇ KOWLUP ÇYKARYLMAGY
-
BAGYŞLANMAJAK GÜNÄ HAKDAKY DUÝDURYŞ
Isa Simun atly fariseýiň öýünde bagyşlamak barada gürrüň edensoň, ýene-de Jelilede wagyz edip başlaýar. Onuň gulluga başlanyna iki ýyl töweregi wagt geçipdi. Ol ýeke özi wagyz etmeýärdi, onuň ýanynda 12 resuly we içinden jyn çykan hem-de syrkawlygyndan sagalan birnäçe aýal bardy (Luka 8:2). Olaryň arasynda magdalaly Merýem, Suzanna hem-de Hirodes patyşanyň öýüniň gözegçisi Huzanyň aýaly Ýanna hem bardy.
Adamlar Isa hakda näçe köp bildigiçe, şonça-da onuň edýän işleri baradaky çekişmeler güýçlenýärdi. Isa kör hem-de gepläp bilmeýän adamyň içinden jyny kowup çykaryp, ony sagaldanda, bu has-da mälim bolýar. Häzir ol adam jynyň süteminden azat bolup, hem görüp, hem gepläp bilýärdi. Adamlar muňa haýran galyp: «Bu Dawudyň Ogly bolaýmasyn» diýişýärdiler (Matta 12:23).
Isanyň bolýan jaýynyň daş-töweregine şeýle bir köp adam ýygnanypdyr welin, ol şägirtleri bilen garbanyp hem bilmeýärdi. Ýöne hemme adamlar Isany «Dawudyň Ogly» hasaplamaýardy. Ol ýerde uzak ýol söküp Iýerasalimden gelen kanunçylar we fariseýler bardy. Olar Isadan tälim almak ýa-da ony goldamak üçin gelmändiler. Olar adamlara: «Bu adamyň içinde Beýelzebul bar. Ol jynlary jynlaryň hökümdary arkaly kowup çykarýar» diýýärler (Markus 3:22). Isanyň dogan-garyndaşlary bu galmagal barada eşidende, ony alyp gaýtmak üçin ýanyna gelýärler. Näme üçin?
Isanyň doganlary heniz onuň Hudaýyň Ogludygyna ynanmaýardylar (Ýahýa 7:5). Galmagalyň sebäpkäri bolan Isa olar bilen Nazaretda önüp-ösen Isa meňzemeýärdi. Doganlary onuň kellesi üýtgändir öýdüp: «Ol akylyndan azaşypdyr» diýýärler (Markus 3:21).
Isa kanunçylaryň we fariseýleriň pikirini bilip, şeýle diýýär: «Eger bir patyşalygyň adamlary agzala bolsalar, ol patyşalyk ýykylar. Ýa-da bir şäheriň adamlary, ýa bir maşgalanyň agzalary bir-birine garşy çyksalar, ol dargar. Eger Şeýtan hem Şeýtany kowup çykarýan bolsa, ol öz-özüne garşy çykýandyr; onuň patyşalygy nädip durar?» (Matta 12:25, 26).
Isa örän ýerlikli delil getirýär. Fariseýler käbir ýehudylaryň jynlary kowup çykarýandygyny bilýärdi (Resullaryň işleri 19:13). Şol sebäpli Isa: «Eger men jynlary Beýelzebulyň güýji bilen kowup çykarýan bolsam, onda siziň şägirtleriňiz olary kimiň güýji bilen çykarýarlar?» diýip soraýar. Hawa, olar öz gazan çukuryna özleri düşýär. Isa sözüni dowam edip: «Eger men jynlary Hudaýyň ruhy bilen kowup çykarýan bolsam, onda Hudaýyň Patyşalygy size gelip ýetdigidir, ýöne siz muňa düşünmediňiz» diýýär (Matta 12:27, 28).
Isa jynlary kowup çykarmak bilen, hatda Şeýtanyň üstünden hem ygtyýarynyň bardygyny görkezýär. Munuň üçin ol şeýle mysal getirýär: «Eger kimdir biri güýçli adamyň öýüne girip, emlägini ogurlajak bolsa, onda ilki onuň el-aýagyny daňmazmy? Diňe şondan soň onuň öýüni talap biler. Meniň tarapymda bolmadyk adam maňa garşy çykýandyr. Maňa adamlary ýygnamaga kömek etmedik olary menden kowýandyr» (Matta 12:29, 30). Kanunçylar bilen fariseýler Isa garşy çykyp, Şeýtanyň tarapdarydygyny görkezýärler. Olar adamlary Ýehowanyň kömegi bilen täsin işleri edýän Hudaýyň Oglundan daşlaşdyrýardylar.
Isa Şeýtanyň tarapyny tutýan adamlara şeýle duýduryş berýär: «Adamlar nähili günä etseler-de, hatda Hudaýa dil ýetirseler-de, olaryň günäsi bagyşlanar. Emma mukaddes ruha dil ýetiren adamy Hudaý hiç haçan bagyşlamaz, ol ebedilik günäli bolar» (Markus 3:28, 29). Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly edilen işlere dil ýetiren adamlara näme boljakdygyny göz öňüne getiriň!