Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

27-NJI BAP

Matta Isa pygamberiň şägirdi bolýar

Matta Isa pygamberiň şägirdi bolýar

MATTA 9:9—13; MARKUS 2:13—17; LUKA 5:27—32

  • SALGYTÇY MATTA ISA PYGAMBERIŇ ŞÄGIRDI BOLÝAR

  • ISA GÜNÄLI ADAMLARA KÖMEK EDÝÄR

Isa pygamber ysmaz adamy sagaldandan soň, az wagtlyk Jelile deňziniň golaýyndaky Kapernaum şäherinde galýar. Märeke ýene-de Isanyň ýanyna gelýär, ol hem adamlara tälim berip başlaýar. Bir gezek ol salgythananyň deňinden geçip barýarka, Matta atly adamy görýär. Oňa Lewi hem diýýärdiler. Şonda Isa oňa: «Meniň şägirdim bol» diýýär (Matta 9:9). Gör, nähili uly hormat!

Petrus, Andreas, Ýakup hem-de Ýahýa ýaly Matta-da Isanyň taglymatlary we şol şäherde görkezen gudratlary barada bilýän bolmaly. Şonuň üçin ol hem derrew Isanyň çakylygyna seslenýär. Matta öz ýazan hoş habarynda: «Ol (Matta) hem turup, onuň yzyna düşdi» diýýär (Matta 9:9). Şeýdip, ol salgytçy kärini goýup, Isanyň şägirdi bolýar.

Şondan soň Matta Isanyň çakylygyna minnetdarlygyny görkezmek üçin öýünde uly oturylyşyk gurnaýar. Ol Isa we onuň şägirtlerinden başga ýene kimleri çagyrýar? Çagyrylanlaryň köpüsi Matta ýaly salgytçydy. Olar ýigrenilýän Rim hökümeti üçin gämi duralgalaryna gelýän gämilerden, uly ýollardan geçýän kerwenlerden we başga ýerlerden haryt getirýän täjirlerden salgyt ýygnaýardylar. Şeýle salgytçylara ýehudylar nähili garaýardy? Ýehudylar olary halamaýardy. Sebäbi olar köplenç alynmaly salgytdan köp pul alýardylar. Bu oturylyşyga erbet işleri edip, «günäkär» hökmünde tanalýan adamlar hem gelýär (Luka 7:37—39).

Özüni dogruçyl saýýan fariseýler Isanyň şeýle adamlar bilen oturanyny görüp, onuň şägirtlerinden: «Näme üçin siziň mugallymyňyz salgytçylar we günäkärler bilen nahar iýýär?» diýip soraýarlar (Matta 9:11). Isa muny eşidip: «Lukman sag adamlara däl-de, syrkawlara gerekdir. Şonuň üçin gidiň-de: „Men gurbanlyk däl, rehimdarlyk isleýärin“ diýen sözleriň manysyna düşüniň. Sebäbi men dogry adamlary däl-de, günäkärleri çagyrmaga geldim» diýýär (Matta 9:12, 13; Hoşea 6:6). Fariseýler Isa «mugallym» diýip ýüzlenselerem, ony mugallym hasaplamaýardylar. Olar Isadan dogrulygyň nämedigini öwrenip bilerdiler, emma muny bilmek islemeýärler.

Matta salgytçylaryň we günäkärleriň Isany diňläp, ruhy taýdan sagalmagyny isleýärdi. Şol sebäpli-de olary öýüne çagyrypdy. Isa olara Hudaý bilen dostlaşmaga kömek edesi gelýärdi. Özüni dogry saýýan fariseýlerden tapawutlylykda, Isa olary ýigrenmeýärdi. Isa duýgudaş we rehimdar bolany üçin ruhy taýdan kesel adamlaryň ählisine lukman hökmünde kömek edip bilýärdi. Şol sebäpli «olaryň köpüsi Isanyň şägirdi bolýar» (Markus 2:15).

Isa salgytçylaryň we günäkärleriň etmişine göz ýummaýardy, ýöne olara ýüregi awaýardy. Ol edil keselli adamlara duýgudaşlyk bildirişi ýaly, olara-da şeýle garaýardy. Meselem, ol heýwere keselli adamy sagaldanda, oňa mähir bilen elini degrip: «Isleýärin, tämiz bol» diýipdi (Matta 8:3). Geliň, bizem hemişe rehimdar we duýgudaş bolup, mätäç adamlara goltgy bereliň, esasanam, ruhy taýdan kömek edeliň!