Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

56-NJY BAP

Adamy näme hapa edýär?

Adamy näme hapa edýär?

MATTA 15:1—20; MARKUS 7:1—23; ÝAHÝA 7:1

  • ISA YNSAN TAGLYMATLARYNY PAŞ EDÝÄR

Isa Jelilede arman-ýadaman adamlara tälim berýärdi. B. e. 32-nji ýylynyň Pasha baýramy golaýlanda, ol Hudaýyň Kanunynyň talabyna eýerip, ony bellemek üçin Iýerusalime gidýär. Emma ol örän seresaply hereket edýär, sebäbi ýehudylar ony öldürjek bolýardylar (Ýahýa 7:1). Soňra ol ýene-de Jelilä gaýdyp gelýär.

Şonda Isanyň ýanyna ýörite Iýerusalimden fariseýler we kanunçylar gelýärler. Ol şol wagt Kapernaumda bolan bolmaly. Şonça ýoly söküp gelmäge olary näme mejbur etdikä? Olar Isany dini däpleri bozmakda aýyplamaga gelipdiler. Dini ýolbaşçylar: «Näme üçin seniň şägirtleriň ata-babalarymyzyň däp-dessuryny berjaý etmeýärler? Mysal üçin, olar nahar iýmezden öň ellerini ýuwmaýarlar» diýýärler (Matta 15:2). Hudaý hiç wagtam halkyna «ellerini tirseklerine çenli ýuwmaly» diýen tabşyrygy bermändi (Markus 7:3). Fariseýler bolsa muny agyr günä hasaplaýardylar.

Isa günä ýöňkeýän adamlara göni jogap bermän, gaýtam, olaryň özüni Hudaýyň Kanunyny bilgeşleýin bozmakda aýyplaýar. Isa olara şeýle diýýär: «Näme üçin siz öz däp-dessurlaryňyz sebäpli Hudaýyň tabşyrygyny bozýarsyňyz? Mysal üçin, Hudaý „Ata-eneňe hormat goý“ we „Kakasyna ýa-da ejesine dil ýetirýän adamy ölüme tabşyrmaly“ diýdi. Siz bolsa: „Kim atasyna ýa-da enesine: „Men size kömek ederdim, ýöne bar zadymy Hudaýa gurban etdim“ diýýän adam atasyna asla kömek etmeli däl“ diýýärsiňiz» (Matta 15:3—6; Müsürden çykyş 20:12; 21:17).

Fariseýleriň aýtmagyna görä, Hudaýa gurban hökmünde bagyş edilen pul, emläk ýa-da başga zat ybadathana degişli bolýar we olar başga maksat bilen ulanylmaly däldi. Ýöne şol zatlar ybadathana tabşyrylmaýardy. Meselem, kimdir biriniň ogly puluny ýa emlägini Hudaýa, ýa-da ybadathana bagyş edip, ony «gurban» hökmünde yglan etse, onda şol zatlar ybadathananyň haýryna geçdi diýip hasaplanýardy. Ol adam bagyş eden puluny ýa-da emlägini özi ulanýardy, emma gartaşan we mätäç ata-enesi üçin ulanmaýardy. Şeýlelikde, ol ata-enesiniň öňündäki borjuny berjaý etmekden el çekýärdi (Markus 7:11).

Adamlaryň Hudaýyň Kanunyny ýoýýandyklaryna Isanyň gahary gelýär. Ol dini ýolbaşçylary tankytlap, şeýle diýýär: «Siz däp-dessurlaryňyzy wajyp hasaplap, Hudaýyň sözüni äsgermezlik edýärsiňiz. Eý ikiýüzlüler, Işaýa pygamber siz hakda şu sözleri örän ýerlikli aýdypdyr: „Bu adamlar maňa diňe dilinde sarpa goýýarlar, emma ýürekleri menden gaty uzaklaşdy. Olar maňa biderek ýere sežde edýärler, sebäbi ynsan tabşyryklaryny Hudaýyň taglymaty hökmünde öwredýärler“». Fariseýleriň Isa aýdara sözi ýokdy. Şol sebäpli ol halka ýüzlenip: «Aýtjak sözlerimi diňläň-de, olara düşünjek boluň: adamy iýýän zady däl-de, agzyndan çykýan zady hapa edýändir» diýýär (Matta 15:6—11; Işaýa 29:13).

Isa öýe gelende, şägirtleri: «Bilýärmiň? Fariseýler seniň aýdan sözleriňi eşidip gaty gördüler» diýýärler. Isa olara: «Gökdäki Atamyň ekmedik her bir agajy köki bilen sogrulyp taşlanar. Olara üns bermäň. Olar bir kör ýolbaşçylardyr. Eger kör köri idip ýol görkezse, olaryň ikisi-de çukura gaçar» diýip jogap berýär (Matta 15:12—14).

Petrus şägirtleriniň adyndan ýüzlenip, adamy näme hapa edýändigi barada soranda, Isa geň galan bolmaly. Ol şeýle diýýär: «Eýsem, siz adamyň iýen zadynyň aşgazanyna baryp, soňra bedenden çykyp gidýändigini bilmeýärmisiňiz? Emma adamyň aýdýan sözleri ýüreginden çykýandyr, bu-da ony hapa edýändir. Meselem, erbet pikirler, adam öldürmek, zyna etmek, jynsy ahlaksyzlyk, ogurlyk, ýalan sözler we gargyşlar adamyň ýüreginden çykýandyr. Bu zatlar adamy hapa edýändir, ýöne eliňi ýuwman nahar iýmeklik hapalaýan däldir» (Matta 15:17—20).

Isa arassaçylyk düzgünine garşy çykmakçy ýa-da nahar bişirmezden, ýa iýmezden öň eliňi ýuwmak barada jedel etmekçi däldi. Aslynda, ol ynsan taglymatlaryny öňe sürýän we Hudaýyň adyl kanunlaryna eýermek islemeýän dini ýolbaşçylaryň ikiýüzlüligini ýazgarmakçydy. Dogrudan-da, erbet işler adamyň ýüreginden çykýandyr, şol hem ony hapa edýändir.