Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

38-NJI BAP

Ýahýa Isanyň özünden eşitmek isleýär

Ýahýa Isanyň özünden eşitmek isleýär

MATTA 11:2—15; LUKA 7:18—30

  • SUWA ÇÜMDÜRÝÄN ÝAHÝA ISANYŇ ORNY BARADA BILMEK ISLEÝÄR

  • ISA ÝAHÝANY ÖWÝÄR

Suwa çümdürýän Ýahýanyň türmede oturanyna eýýäm bir ýyl geçipdi. Muňa garamazdan, ol Isa pygamberiň görkezýän gudratlary barada eşidýär. Ýahýanyň şägirtleri Isanyň Naýin şäherinde dul aýalyň ogluny direldendigini hem gürrüň berýärler. Muny eşidende, onuň özüni nähili duýandygyny göz öňüne getirip bilseňiz gerek. Emma Ýahýa Isanyň Mesihdigini onuň özünden eşitmek isleýär. Şonuň üçin ol iki şägirdini çagyrýar-da, Isanyň ýanyna iberip: «Sen biziň garaşýan Mesihimizmi ýa-da başga birine garaşmaly?» diýip, soramagy tabşyrýar (Luka 7:19).

Hudaýa wepaly adamyň şeýle sorag bermegi geň bolup görünmegi mümkin. Ýahýa iki ýyla golaý mundan öň Isany suwa çümdürende, onuň üstüne mukaddes ruhuň inendigini görüpdi we Hudaýyň sesini eşidipdi. Bu onuň imanynyň gowşandygyny görkezmeýär. Ýogsam, Isa ol barada öwgüli sözleri aýtmazdy. Eger Ýahýa şübhelenmeýän bolsa, onda ol näme üçin şeýle sorag berdikä?

Ýahýa Isanyň Mesihdigini onuň özünden eşitmek isleýärdi. Bu oňa tussaglykda göwnüçökgünligiň hötdesinden gelmäge kömek ederdi. Emma Ýahýanyň sorag bermeginiň başga-da sebäbi bardy. Ol Hudaý tarapyn mesh edilen Adamyň patyşa we halasgär bolmalydygy baradaky pygamberlikleri bilýärdi. Isanyň suwa çümdürilendigine birnäçe aý geçipdi, Ýahýa bolsa henizem türmededi. Şol sebäpli Ýahýa Mesih baradaky pygamberlikleri berjaý etmek üçin başga biri gelmelimi ýa gelmeli däldigi barada bilmek isleýärdi.

Isa Ýahýanyň şägirtlerine: «Şol gelmeli Mesih men» diýmegiň deregine, Hudaýyň kömegi bilen ençeme dürli keselli adamlary sagaldýandygyny aýdýar. Soňra ol şägirtlere şeýle diýýär: «Baryň-da, eşidýän we görýän zatlaryňyzy Ýahýa gürrüň beriň: körler görýär, agsaklar ýöreýär, heýwere keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara hoş habar wagyz edilýär» (Matta 11:4, 5).

Ýahýa şeýle soragy bermek bilen, Isanyň häzirki görkezýän gudratlaryndan hem köp zatlary etjekdigine we ony tussaglykdan boşatjakdygyna tama eden bolmaly. Emma ol Isanyň görkezýän gudratlaryndan başga köp zada garaşmaly däldi.

Ýahýanyň şägirtleri gidensoň, Isa märekä ýüzlenip, Ýahýanyň ähli pygamberlerden hem uludygyny aýdýar. Ol Malaky 3:1-de pygamberlik edilen Ýehowanyň «wekilidi». Şeýle-de ol Malaky 4:5, 6-njy aýatlarda agzalýan Ylýas pygamberdi. Isa muny şeýle düşündirýär: «Size dogrusyny aýdýaryn, aýallardan doglanlaryň arasynda suwa çümdürýän Ýahýadan beýigi bolan däldir. Emma gökdäki Patyşalykda iň pes wezipäni eýeleýän her kes ondan beýikdir» (Matta 11:11).

Isa gökdäki Patyşalykda iň pes wezipäni eýeleýän Ýahýadan uly bolar diýmek bilen, onuň gökde höküm sürmejekdigini görkezýär. Ýahýa Isa üçin ýol taýýarlady, ýöne ol Mesih göge ýol açmazdan öň aradan çykdy (Ýewreýler 10:19, 20). Ýahýa Ýehowanyň wepaly pygamberi bolsa-da, Hudaýyň Patyşalygynyň ýerdäki raýaty bolar.