Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

106-NJY BAP

Üzümçilik baradaky mysallar

Üzümçilik baradaky mysallar

MATTA 21:28—46; MARKUS 12:1—12; LUKA 20:9—19

  • IKI OGUL BARADAKY MYSAL

  • ÜZÜMÇILIGIŇ BAGBANLARY HAKDAKY MYSAL

Isa ýaňyja ybadathanada ygtyýaryny şübhä goýan uly ruhanylary we halkyň ýaşulularyny çykgynsyz ýagdaýa saldy. Olar oňa aýdara söz tapmadylar. Soňra Isa olaryň nähili adamdygyny görkezmek üçin bir hekaýa gürrüň berýär:

«Bir adamyň iki çagasy bardy. Ol birinjisine: „Balam, şu gün gidip üzümçilikde işle“ diýýär. Ol bolsa: „Ýok, gitjek däl“ diýýär. Ýöne soňra aýdanyna ökünip, işlemäge gidýär. Ol adam ikinji çagasynyň hem ýanyna baryp, şol sözleri aýdýar. Ol bolsa: „Bolýar, hojaýyn“ diýýär-de, ýöne gitmeýär. Bu iki çaganyň haýsysy atasynyň diýenini etdi?» (Matta 21:28—31). Elbetde, birinji ogly.

Şonda Isa özüne garşy çykýan adamlara: «Size dogrusyny aýdýaryn, salgytçylar we bozuk aýallar Hudaýyň Patyşalygyna sizden öňürti girerler» diýýär. Salgytçylar we ahlaksyz adamlar başda Hudaýa gulluk etmek islemeýärdiler. Emma soň hekaýadaky birinji ogul ýaly toba edip, Hudaýa gulluk edip başlaýarlar. Dini ýolbaşçylar bolsa ikinji ogla meňzäp, başda Hudaýa gulluk etseler-de, soň etmän başlaýarlar. Isa bu hakda şeýle diýýär: «Ýahýa gelip, size dogry ýoly görkezdi, ýöne siz oňa ynanmadyňyz. Emma salgytçylar we bozuk aýallar ynandylar. Siz muny görüp-de, oňa ynanmak üçin edýän işleriňize ökünmediňiz» (Matta 21:31, 32).

Soňra Isa başga bir hekaýany gürrüň berýär. Bu hekaýa dini ýolbaşçylaryň diňe bir Hudaýa gulluk etmekden boýun gaçyrman, eýsem, olaryň zalym adamdygyny hem görkezer. Isa şeýle gürrüň berip başlaýar: «Bir adam ekin meýdanynda üzüm agaçlaryny oturdyp, olaryň daşyna haýat aýlaýar we üzüm sykylýan ýer taýýarlap, gözegçilik etmek üçin bir diň gurýar. Soňra üzümçiligini bagbanlara kärendesine berýär-de, özi başga ýurda gidýär. Hasyl döwri gelende, ol öz üzümçiliginden biraz miwe almak üçin bagbanlaryň ýanyna guluny iberýär. Emma olar guly urup, oňa hiç zat bermän goýberýärler. Soňra hojaýyn başga bir guluny iberýär, bagbanlar onuň kellesine urup kemsidýärler. Ol ýene-de birini ugradýar, bagbanlar ony öldürýärler. Olar hojaýynyň başga-da iberen ençeme gullarynyň käbirini urup, käbirini öldürýärler» (Markus 12:1—5).

Diňleýjiler hekaýanyň manysyna düşündilermikä? Belki-de, Hudaýyň Işaýa arkaly aýdan şu sözleri olaryň ýadyna düşendir: «Hökmürowan Rebbiň üzümçiligi Ysraýylyň nesilleridir, hoş görýän bagy-da, ýahuda halkydyr. Ol adalata garaşdy, ýöne zulum gördi; dogrulyga garaşdy, ýöne dady-perýat eşitdi» (Işaýa 5:7). Isanyň gürrüň beren hekaýasy-da şoňa meňzeýär. Ýer eýesi Ýehowa, üzümçilik bolsa ysraýyl halkyny aňladýar. Hudaýyň Kanuny ysraýyllylary haýat ýaly goraýardy. Ýehowa pygamberlerini iberip, halkyna görkezme berýärdi we olara gowy miwe getirmäge kömek edýärdi.

Emma «bagbanlar» iberilen «gullary» urup, öldürýärdiler. Isa sözüni şeýle dowam edýär: «Hojaýynyň söýgüli ogly bardy. Ahyrynda, ol ony iberip: „Oglumy-ha sylarlar“ diýip pikir edýär. Emma bagbanlar öz aralarynda „Bu üzümçiligiň mirasdüşeri. Geliň, ony öldürip, ekin meýdanyny özümize alalyň!“ diýýärler. Şeýdip, olar ony alyp, öldürýärler-de, üzümçilikden çykaryp zyňýarlar» (Markus 12:6—8).

Isa diňleýjilerinden: «Üzümçiligiň eýesi näme eder?» diýip soraýar (Markus 12:9). Dini ýolbaşçylar: «Üzümçiligiň eýesi bagbanlaryň zalymlyk edendigi üçin olary öldürer. Üzümçiligi bolsa miwesini wagtynda ýygnap berjek bagbanlara tabşyrar» diýip jogap berýärler (Matta 21:41).

Şeýdip, olar bilmän özlerine höküm çykarýarlar. Sebäbi olar hem Ýehowanyň «üzümçiligine», ýagny halkyna iberen «bagbanlaryň» arasyndadylar. Ýehowanyň bagbanlardan miwä garaşmagy ýerliklidi, ýagny olar onuň Ogly Mesihe iman etmelidiler. Isa göni dini ýolbaşçylara ýüzlenip: «Siz Ýazgylarda: „Gurluşykçylaryň gerek däl diýip zyňan daşy iň wajyp daş boldy. Muny Ýehowa etdi, bu biziň üçin örän geňdir“ diýleni asla okamadyňyzmy?» diýýär (Markus 12:10, 11). Soňra Isa aýdan sözlerini şeýle düşündirýär: «Şol sebäpli size diýýärin, Hudaýyň Patyşalygy sizden alnyp, miwesini öndürjek halka berler» (Matta 21:43).

Kanunçylar we uly ruhanylar «mysalyň özleri hakda aýdylandygyna düşündiler» (Luka 20:19). Iň erbedi bolsa, olar Isany, ýagny «mirasdüşeri» öldürmek isleýärler. Emma olar märekeden gorkýarlar, sebäbi olar Isany pygamber hasaplaýardy. Şonuň üçin olar Isany tussag etmekden az salym el çekýärler.