Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

120-NJI BAP

Isanyň dosty bolup, miwe getirer ýaly näme etmeli?

Isanyň dosty bolup, miwe getirer ýaly näme etmeli?

ÝAHÝA 15:1—27

  • HAKYKY ÜZÜM AGAJY WE ONUŇ ŞAHALARY

  • ISANYŇ SÖÝGÜSINDE GALMAK ÜÇIN NÄME ETMELI?

Isa resullary bilen ýürekden gürrüňdeş bolup, olary ruhlandyrýar. Wagt gijigip, ýary gijeden hem geçen bolmaly. Häzir ol resullaryny höweslendirjek bir mysaly gürrüň berýär.

Isa mysalyny şeýle sözler bilen başlaýar: «Men hakyky üzüm agajydyryn, Atam bolsa bagbandyr» (Ýahýa 15:1). Şuňa meňzeş mysal ýüzlerçe ýyl mundan öň hem aýdylypdy. Şonda ysraýyl halky Ýehowanyň üzüm agajyna meňzedilipdi (Ýermeýa 2:21; Hoşeýa 10:1, 2). Emma Ýehowa ol halkdan ýüz öwürýär (Matta 23:37, 38). Diýmek, Isa täze pikiri aýdýar. Ol Atasynyň eken üzüm agajyna meňzedilýär. Atasy bu agajy b. e. 29-njy ýylynda Isa mukaddes ruh bilen mesh edileni bäri ösdürip ýetişdirýär. Ýöne üzüm agajy diňe bir Isany aňlatmaýar. Ol muny şeýle sözler bilen görkezýär:

«Ol (Atam) mendäki miwe bermeýän her bir şahany kesip taşlaýandyr, miwe berýän her bir şahany bolsa, has köp miwe berer ýaly arassalaýandyr... şahanyň öz-özünden miwe getirip bilmeýşi ýaly, siz hem meniň bilen birlikde galmasaňyz, miwe getirip bilmersiňiz. Men üzüm agajydyryn; siz bolsa onuň şahalarysyňyz» (Ýahýa 15:2—5).

Isa şägirtlerine kömekçi, ýagny mukaddes ruhy özi gidensoň iberjekdigini wada edipdi. Resullar we beýleki şägirtler ýene 51 günden mukaddes ruhy alyp, üzüm agajynyň şahalary bolarlar. «Şahalaryň» hemmesi Isa bilen birlikde galmalydylar. Olar näme etmelidiler?

Isa muny şeýle düşündirýär: «Kim meniň bilen birlikde galsa, men hem onuň bilen birlikde galýaryn, ol köp miwe getirer; sebäbi siz menden aýry hiç zat edip bilmersiňiz». Bu «şahalar», ýagny wepaly şägirtler Isanyň häsiýetlerinden görelde alyp, Hudaýyň Patyşalygy barada yhlasly wagyz etmek we köp şägirt taýýarlamak bilen bol miwe getirerler. Eger olaryň biri Isa bilen birlikde galmasa we miwe bermese näme bolar? Isa: «Meniň bilen birlikde galmadyk adam şaha ýaly kesiler» diýýär. Şeýle-de ol: «Eger siz meniň bilen birlikde bolsaňyz, aýdýan zatlarym ýüregiňizde galar. Islän zadyňyzy sorasaňyz-da, size berler» diýýär (Ýahýa 15:5—7).

Soňra Isa tabşyryklaryny berjaý etmegiň wajypdygy barada aýdýar. Ol bu hakda eýýäm iki gezek agzapdy (Ýahýa 14:15, 21). Isa: «Tabşyryklarymy berjaý etseňiz, meniň söýgimde galarsyňyz, sebäbi men hem Atamyň tabşyryklaryny berjaý edip, onuň söýgüsinde galýaryn» diýýär. Soňra ol munuň üçin näme etmelidigini aýdyp, şeýle diýýär: «Size berýän tabşyrygym şudur: meniň sizi söýşüm ýaly, siz hem bir-biriňizi söýüň. Öz dostlary üçin janyny gurban edýän adamyň söýgüsinden uly söýgi ýokdur. Tabşyryklarymy berjaý etseňiz, siz meniň dostlarym bolarsyňyz» (Ýahýa 15:10—14).

Birnäçe sagatdan Isa özüne iman edýän ähli adamlar üçin janyny gurban berip, söýgüsini görkezer. Onuň bu göreldesi şägirtlerini-de adamlara janaýamaz söýgüni bildirmäge höweslendirmeli. Olar şeýle söýgi bilen tanalmalydy. Isa bu babatda öňem aýdypdy: «Eger araňyzda söýgi bolsa, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» (Ýahýa 13:35).

Resullar Isanyň «dostlarym» diýenine üns beren bolmaly. Ol munuň sebäbini şeýle düşündirýär: «Men size dostlarym diýýärin, sebäbi men Atamdan eşiden bar zatlarymy size aýdandyryn». Eýsem, Isanyň ýakyn dosty bolmak we Atanyň oňa aýdan zatlaryny bilmek uly hormat dälmi näme?! Emma şeýle dostlukdan lezzet almak üçin resullar «miwe getirmelidi». Eger olar şeýle etse, Isa: «Meniň adym bilen Atamdan näme sorasaňyz, ol size berer» diýýär (Ýahýa 15:15, 16).

«Şahalaryň», ýagny şägirtleriň arasyndaky söýgi olara kynçylyklara döz gelmäge kömek eder. Isa dünýäniň olary ýigrenjekdigini duýdurýar. Muňa garamazdan, ol şägirtlerini ruhlandyryp, şeýle diýýär: «Dünýä sizi ýigrenýän bolsa, onda onuň ilki meni ýigrenendigini biliň. Eger siz şu dünýäniň adamlary ýaly bolan bolsadyňyz, onda dünýä sizi özüniňkileri kimin söýerdi. Ýöne men sizi dünýäniň içinden saýlap aldym... Ine, şonuň üçin hem dünýäniň adamlary sizi ýigrenýär» (Ýahýa 15:18, 19).

Isa dünýäniň olary ýigrenmeginiň ýene bir sebäbini düşündirýär: «Olar size garşy edýän ähli zatlaryny meniň adym zerarly ederler, sebäbi olar meni Ibereni tanamaýarlar». Soňra ol eden gudratlarynyň ony ýigrenýän adamlary höküm edýändigini görkezip, şeýle diýýär: «Eger men olaryň arasynda hiç kimiň edip bilmeýän işlerini etmedik bolsam, onda olar günäkär bolmazdylar; olar meniň edýän işlerimi görseler-de, meni-de, Atamy-da ýigrenýärler». Dogrudan-da, olaryň ýigrenmegi pygamberligiň ýerine ýetýändigini aýan edýärdi (Ýahýa 15:21, 24, 25; Zebur 35:19; 69:4).

Isa ýene-de kömekçi, ýagny mukaddes ruh iberjekdigini aýdýar. Bu ägirt uly güýje onuň şägirtleriniň hemmesi eýe bolup, onuň kömegi bilen miwe getirerler, ýagny «şaýatlyk» edip bilerler (Ýahýa 15:27).