Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

139-NJY BAP

Isa Jenneti dikeldýär we özüne tabşyrylan ýumşy tamamlaýar

Isa Jenneti dikeldýär we özüne tabşyrylan ýumşy tamamlaýar

1 KORINFLILER 15:24—28

  • GOÝUNLARA WE GEÇILERE NÄME GARAŞÝAR?

  • KÖPLER JENNETDEN LEZZET ALYP ÝAŞARLAR

  • ISA ÝOL, HAKYKAT WE ÝAŞAÝYŞDYGYNY SUBUT EDÝÄR

Isa suwa çümdürilip, heniz ýer ýüzündäki gullugyna başlamanka, duşman ony synaýar. Dogrudan-da, Iblis ony ençeme gezek synapdy. Birnäçe wagt geçensoň, Isa ganym duşmany hakda: «Dünýäniň hökümdary gelýär, onuň maňa hiç hili güýji ýetýän däldir» diýdi (Ýahýa 14:30).

Ýahýa resul görnüşde «Iblis we Şeýtan diýip atlandyrylýan köne ýylana... uly aždarha» näme boljakdygyny görýär. Adamzadyň bu ýowuz duşmany gökden kowlanda, ol «wagtynyň az galandygyny bilip, güýçli gahar-gazap bilen» gelýär (Ylham 12:9, 12). Mesihçiler «Iblisiň wagtynyň az galan» döwründe ýaşaýandyklaryny we tizden «aždarhanyň» hem-de «köne ýylanyň» 1 000 ýyla baglanjakdygyny bilýärler. Ol «düýpsüz çuňlukdaka», Isa Hudaýyň Patyşalygynda höküm sürer (Ylham 20:1, 2).

Şol döwürde biziň öýümize, ýagny ýer ýüzüne näme bolar? Onda kimler ýaşar we nähili şertler bolar? Munuň jogabyny Isanyň özi aýdypdy. Ol goýunlar we geçiler mysalynda özüniň doganlaryna ýagşylyk edýän hem-de olary goldaýan goýun kimin dogruçyl adamlara nähili gelejegiň garaşýandygyny görkezdi. Ol geçi kimin garşy çykýan adamlara hem näme boljakdygyny açyk aýdypdy. Isa: «Bular (geçiler) ebedilik kesilip taşlanar, dogry adamlar (goýunlar) bolsa ebedi ýaşaýşa gowşar» diýdi (Matta 25:46).

Bu bize Isanyň pürsde asylgy duranda, ýanyndaky jenaýatça aýdan sözlerine düşünmäge kömek edýär. Isa oňa wepaly resullaryna beren wadasyny, ýagny gökdäki Patyşalykda orun berjekdigini aýtmandy. Ol toba eden günäkäre: «Şu gün saňa dogrusyny aýdýaryn, sen meniň bilen bile Jennetde bolarsyň» diýip wada beripdi (Luka 23:43). Ol adam owadan seýilgäh ýa-da bag ýaly Jennetde ýaşar. Diýmek, şu günlerem goýun kimin Hudaýa wepaly adamlar ýer ýüzündäki Jennetde «ebedi ýaşaýşa» gowşarlar.

Bu sözler ýer ýüzünde boljak şertleri beýan eden Ýahýa resulyň aýdanlaryna gabat gelýär. Ol şeýle diýipdi: «Ine, Hudaýyň çadyry adamlar bilendir. Hudaý olaryň arasynda mesgen tutar, olar hem onuň halky bolar. Hudaýyň özi-de olar bilen bile bolar. Hudaý olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar. Sebäbi öňki zatlar geçip gitdi» (Ylham 21:3, 4).

Jenaýatçy ýer ýüzündäki Jennetde ýaşamak üçin ölümden direlmelidi. Elbetde, onuň ýeke özi direlmez. Isa bu babatda şeýle diýipdi: «Gabyrda ýatanlaryň ählisiniň onuň sesini eşitjek wagty ýetip gelýär. Ýagşy iş edenler ýaşamak üçin, erbet iş edenler höküm üçin direler» (Ýahýa 5:28, 29).

Eýsem, Isa bilen gökde boljak wepaly resullar we beýlekiler babatda näme diýse bolar? Mukaddes Ýazgylarda bu barada şeýle diýilýär: «Olar Hudaýyň we Mesihiň ruhanylary bolarlar hem-de 1 000 ýyl patyşa bolup höküm sürerler» (Ylham 20:6). Mesih bilen höküm sürjek adamlar ýer ýüzünde ýaşaýan erkekdir aýallardan alynýar. Şol sebäpli olar höküm sürende, adamlara duýgudaşlyk bildirip, olaryň ýagdaýyna düşünjekdigine birjikde şübhelenmän bileris (Ylham 5:10).

Isanyň töleg gurbany ýer ýüzündäki adamlara peýda getirip, olary miras geçen günäden azat eder. Isa we onuň ýanyndaky patyşalar Hudaýa wepaly adamlary kämillige ýetirerler. Şonda adamzat Hudaýyň ilkibaşda Adam ata bilen How enä «köpeliň we ýer ýüzüni dolduryň» diýip, niýetlän ýaşaýşyndan lezzet alarlar. Hatda Adam atanyň günäsi zerarly dörän ölüm hem gaýdyp bolmaz!

Şeýdip, Isa Ýehowanyň tabşyran ähli ýumşuny berjaý eder. Ol Müňýyllyk hökümdarlygynyň ahyrynda Patyşalygy we kämil adamzat maşgalasyny Atasyna tabşyrar. Isanyň şondaky görkezjek ajaýyp pesgöwünliligini Pawlus resul şeýle beýan etdi: «Hudaý ähli zady Ogluna tabyn etdirenden soň, Ogluň özi-de ähli zady tabyn etdiren Hudaýa tabyn bolar. Şonda Hudaý hemmeleriň başy bolar» (1 Korinfliler 15:28).

Görşümiz ýaly, Isa Hudaýyň beýik niýetiniň amala aşmagynda ähmiýetli orun tutýar. Onuň gazanan üstünlikleri ebedi dowam eder. Şeýdip, ol: «Men ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn» diýip, özi hakda aýdan sözleriniň dogrudygyny subut eder (Ýahýa 14:6).