Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

110-NJY BAP

Isanyň ybadathanadaky iň soňky güni

Isanyň ybadathanadaky iň soňky güni

MATTA 23:25—24:2; MARKUS 12:41—13:2; LUKA 21:1—6

  • ISA ÝENE-DE DINI ÝOLBAŞÇYLARY ÝAZGARÝAR

  • YBADATHANA WEÝRAN EDILER

  • GARYP DUL AÝAL IKI TEŇŇE ATÝAR

Isa ybadathanada bolan iň soňky güni ýene-de ikiýüzli kanunçylary we fariseýleri ýazgarýar. Olaryň nähili adamdygyny görkezmek üçin, Isa şeýle mysal getirýär: «Siz gap-çanaklaryň daşyny arassalaýarsyňyz, emma olaryň içi açgözlükden we erbet höweslerden doludyr. Eý kör fariseý, ilki gap-çanagyň içini arassala, şonda onuň daşy-da arassa bolar» (Matta 23:25, 26). Fariseýler haram hasaplanmajak bolup, iýip-içýän zatlaryna we geýýän eşiklerine köp üns berýärdiler, ýöne içki dünýäsine ähmiýet bermeýärdiler, göçme manydaky ýüregini hem arassalamaýardylar.

Olaryň ikiýüzlüdigini pygamberler üçin mazarlar gurup, olaryň daşyny bezeýändiklerinden hem bilse bolýardy. Aslynda bolsa, olar Isanyň aýdyşy ýaly, «pygamberleri öldüren adamlaryň ogullarydyr» (Matta 23:31). Sebäbi olar Isany öldürmek üçin köpden bäri der dökýärler (Ýahýa 5:18; 7:1, 25).

Eger dini ýolbaşçylar toba etmeseler, olara näme bolar? Isa: «Eý ýylanlar, alahöwrenler nesli, siz Jähennemiň höküminden gaçyp gutularmysyňyz?» diýýär (Matta 23:33). Iýerusalimiň golaýyndaky zir-zibil ýakylýan Hinnom jülgesine Jähennem diýilýärdi. Bu jülge zalym kanunçylaryň we fariseýleriň hemişelik ýok ediljekdiginiň nyşany bolup durýar.

Isanyň şägirtleri «pygamberler, akyldarlar we terbiýeçiler» bolarlar. Adamlar olara nähili gararka? Isa dini ýolbaşçylara ýüzlenip, şeýle diýýär: «Siz olaryň (meniň şägirtlerimiň) käbirini öldürersiňiz, pürse çüýlärsiňiz, käbirini bolsa sinagogalarda ýenjersiňiz, olary şäherden-şähere yzarlarsyňyz. Siz Habyldan başlap tä ybadathananyň mukaddes ýeri bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda öldürilen Barakiýanyň ogly Zekeriýa çenli... dökülen gana günäkärsiňiz». Soňra Isa: «Size dogrusyny aýdýaryn, bu nesil şol zatlaryň ählisi üçin jogap berer» diýip, olara duýduryş berýär (Matta 23:34—36). Bu sözler b. e. 70-nji ýylynda Rim goşuny gelip, Iýerusalimi weýran edende we müňlerçe ýehudylary öldürende berjaý bolýar.

Bu zatlary göz öňüne getirende, Isa gaty gynanýar. Ol: «Eý Iýerusalim, pygamberleri öldürýän we Hudaýyň iberen adamlaryny daşlaýan Iýerusalim! Towugyň öz jüýjelerini ganatynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, men hem seniň çagalaryňy ençeme gezek ýygnajak boldum! Ýöne sen muny islemediň. Ine, Hudaý seniň öýüňi terk edýär» diýýär (Matta 23:37, 38).

Soňra Isa: «Size diýýärin, indi siz „Ýehowanyň adyndan gelýäne şöhrat!“ diýýänçäňiz, meni asla görmersiňiz» diýýär (Matta 23:39). Ol Zebur 118:26-daky: «Rebbiň adyndan gelýän mübärek bolsun; biz size Rebbiň öýünden alkyş okarys» diýen pygamberlik sözlerini aýdýar. Ybadathana weýran bolanda, elbetde, adamlar bu ýere gelip, Hudaýa sežde etmezler.

Şondan soň Isa ybadathananyň pul atylýan gutularynyň (surnaýa meňzeş) durýan ýerine barýar. Olaryň ýokarsynda pul atmak üçin kiçijik deşigi bolýardy. Isa ýehudylaryň pul atyşyna syn edende, «ençeme baýlaryň köp teňňe atýandyklaryny görýär». Soňra ol bir garyp dul aýalyň «gelip, ikije teňňe atyşyny» görýär (Markus 12:41, 42). Dul aýalyň beren sowgady Hudaýyň göwnünden turandygyna Isa asla şübhelenmeýärdi.

Şonda Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp: «Size dogrusyny aýdýaryn, bu garyp dul aýal pul atan adamlaryň hemmesinden hem köp atdy» diýýär. Näme üçin? Ol muny şeýle düşündirýär: «Sebäbi hemmeler özlerinden artanyny atdylar, emma ol mätäçlik çekýänem bolsa, barja zadyny atdy» (Markus 12:43, 44). Hawa, bu aýal bilen dini ýolbaşçylaryň pikiriniň we edýän işleriniň tapawudy ýer bilen gök ýalydy!

Heniz 11-nji nisan tamamlanmandy. Isa ybadathanadan gidýär, indi ol bu ýere hiç haçan dolanyp gelmez. Ybadathanadan çykyp gelýärkä, şägirtleriniň biri: «Mugallym, daşlaryň we binalaryň owadanlygyna seret!» diýýär (Markus 13:1). Dogrudan-da, ybadathananyň käbir daşlary şeýle uludy welin, biri «ol weýran bolar» diýse, ynanasyň gelmez. Şonuň üçin Isanyň häzirki aýtjak sözleri geň galdyrsa gerek: «Siz binalaryň beýikligine bir serediň! Bu ýerde daş üstünde daş galmaz, ählisi ýumrular» (Markus 13:2).

Şu sözlerden soň Isa resullary bilen Kidron jülgesinden geçip, Zeýtun dagyna çykýar. Ol birnäçe wagtlap dört şägirdi, ýagny Petrus, Andreas, Ýakup we Ýahýa bilen ýekelikde galýar. Olaryň oturan ýerinden owadan ybadathana gaty gowy görünýärdi.