Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

132-NJI BAP

«Dogrudan-da, ol Hudaýyň Ogly eken»

«Dogrudan-da, ol Hudaýyň Ogly eken»

MATTA 27:45—56; MARKUS 15:33—41; LUKA 23:44—49; ÝAHÝA 19:25—30

  • ISA PÜRSDE JAN BERÝÄR

  • ISANYŇ ÖLÜMI BILEN BAGLY TÄSIN WAKALAR

Häzir «sagat altydy», ýagny günortan sagat on iki töweregidi. Şonda «bütin ýer ýüzüne sagat... dokuza çenli», ýagny öýlän üçe çenli garaňkylyk aralaşýar (Markus 15:33). Bu aýylganç garaňkylyk Günüň ýüzüniň tutulandygy sebäpli bolmaýar. Adatça, şeýle hadysa täze Aý doganda bolýar, ýöne häzir Pasha döwri bolansoň, Aý doludy. Galyberse-de, Günüň ýüzi tutulanda, ol bary-ýogy birnäçe minut dowam edýär. Emma şu gezek ol has uzaga çekýär. Diýmek, bu garaňkylyk Hudaýyň gudraty bilen bolýar!

Şol wagt Isanyň üstünden gülüp duran adamlaryň özüni nähili duýandygyny göz öňüne getirmek kyn bolmasa gerek. Garaňkylyk aralaşanda, dört aýal, ýagny Isanyň ejesi, Salome, magdalaly Merýem we Kiçi diýilýän Ýakup resulyň ejesi Merýem Isanyň jebir pürsüniň ýanyna gelýärler.

«Isanyň pürse çüýlenen ýerinde» onuň hasrat çekip duran ejesiniň ýanynda Ýahýa resul hem bardy. Merýem dogrup, ekläp ýetişdiren oglunyň ejir çekişini görüp durdy. Ol özüni «edil ýüregine gylyç sanjylan ýaly» duýýardy (Ýahýa 19:25; Luka 2:35). Emma Isa ejir çekip dursa-da, ejesiniň aladasyny edýär. Ol kynlyk bilen başyny atyp, Ýahýany görkezýär-de, ejesine: «Eje, ine seniň ogluň!» diýýär. Soňra Merýemi görkezip, Ýahýa resula: «Ine seniň ejeň!» diýýär (Ýahýa 19:26, 27).

Şeýdip, Isa hemmelerden eziz görýän resulyna dul galan ejesiniň aladasyny etmegi tabşyrýar. Ol öweý doganlarynyň, ýagny Merýemiň beýleki ogullarynyň heniz özüne iman etmeýändiklerini bilýärdi. Isa ejesiniň maddy hem-de ruhy taýdan aladasyny edip, gör, nähili ajaýyp görelde görkezýär!

Garaňkylyk tamamlanyp barýarka, Isa: «Suwsadym» diýýär. Ol muny Ýazgylardaky pygamberligiň ýerine ýetmegi üçin aýdýar (Ýahýa 19:28; Zebur 22:15). Atasy Oglunyň aýypsyzlygy doly synalar ýaly, ondan goragyny aýyrýar. Isa hem muny duýýar. Mesih jelilelileriň gepleýşinde (şiwesinde), belki-de, arameý dilinde batly ses bilen: «Eli, Eli, lama sabahtani?» diýýär. Bu sözler «Hudaýym, Hudaýym, meni näme üçin taşladyň?» diýmegi aňladýar. Şol ýerde duranlaryň käbiri muňa nädogry düşünip: «Serediň! Ol Ylýasy çagyrýar» diýişýärler. Olaryň biri ylgap barýar-da, pagtany turşy şeraba batyrýar. Soňra ony taýagyň ujuna berkidýär-de, Isa içmäge uzadýar. Emma beýlekiler: «Duruň bakaly! Hany, göreli, Ylýas ony aşak düşürmäge gelermikä?!» diýýärler (Markus 15:34—36).

Soňra Isa batly ses bilen: «Maňa tabşyran zatlaryň ählisini berjaý etdim!» diýýär (Ýahýa 19:30). Hakykatdanam, Isa Atasynyň ýer ýüzünde tabşyran zatlarynyň ählisini ýerine ýetirýär. Ahyrynda, Isa: «Atam, men ruhumy saňa tabşyrýaryn» diýýär (Luka 23:46). Şeýdip, Isa ýaşaýyş güýjüni Ýehowa tabşyrýar, çünki onuň direldip biljekdigine asla şübhelenmeýärdi. Mesih Hudaýa doly bil baglap, başyny aşak egýär-de, jan berýär.

Şol pursat güýçli ýertitreme bolýar we gaýalar jaýrylýar. Ol şeýle bir güýçli bolýar welin, Iýerusalimiň töweregindäki mazarlar açylyp, içindäki jesetler daşyna zyňlyp çykýar. Geçip barýan adamlar jesetleri görüp, «mukaddes şähere» gidip, gören zatlaryny gürrüň berýärler (Matta 12:11; 27:51—53).

Isa jan berende, Hudaýyň ybadathanasyndaky Iň mukaddes ýer bilen Mukaddes ýeri bölýän tuty ýokardan aşaklygyna ikä bölünip ýyrtylýar. Şeýdip, Hudaý Ogluny öldüren adamlara bolan gaharyny görkezýär. Şeýle-de bu waka Iň mukaddes ýere, ýagny göge ýol açylandygynyň alamatydy (Ýewreýler 9:2, 3; 10:19, 20).

Muny gören adamlar gaty gorkýarlar. Goşun ýolbaşçysy bolsa: «Bu adam, dogrudan-da, Hudaýyň Ogly eken» diýýär (Markus 15:39). Ähtimal, Isanyň Hudaýyň Ogludygy barada Pilatusyň öňünde jedel edilende, ol hem şol ýerde bolandyr. Indi bolsa ol Isanyň dogry adamdygyna we Hudaýyň Ogludygyna göz ýetirýär.

Beýleki adamlar bolsa öýli-öýlerine gaýdýarlar. Olar gören zatlaryndan ýaňa hasrat çekip, utanyp «gursaklaryna urýardylar» (Luka 23:48). Isa bilen syýahat eden ençeme aýallar hem bolýan zatlary uzakdan synlaýardylar. Olar hem bu zatlary görüp, haýran galyp durdular.