Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

138-NJI BAP

Mesih Hudaýyň sagynda

Mesih Hudaýyň sagynda

RESULLARYŇ IŞLERI 7:56

  • ISA HUDAÝYŇ SAG TARAPYNDA OTYR

  • SAWUL ISANYŇ ŞÄGIRDI BOLÝAR

  • BIZDE ŞATLANMAGA SEBÄP BAR

Isanyň göge galanyna on gün bolanda, Pentikost güni şägirtlerine mukaddes ruhy berýär. Bu onuň, hakykatdan-da, gökde ýaşaýandygyny subut edýärdi. Gelejekde boljak wakalar hem muny tassyklar. Stefanus şägirdi batyrgaýlyk bilen wagyz edeni üçin daşlap öldürýärler. Emma ol ölmezinden öň: «Ine men gökleriň açykdygyny we Ynsan oglunyň Hudaýyň sag tarapynda durandygyny görýärin» diýýär (Resullaryň işleri 7:56).

Isa göge galyp, Atasynyň ýanyna baranda, ýörite berilmeli tabşyryga garaşmalydy. Bu babatda Hudaýyň Sözünde hem pygamberlik edilipdi. Dawut patyşa Hudaýyň ylhamy bilen: «Reb meniň Rebbime (Isa) diýdi: duşmanlaryňy aýaklaryňa basgançak edýänçäm, sagymda otur. Reb Seniň güýçli hasaňy Siondan uzadar; Sen Öz duşmanlaryň ortasynda höküm sür» diýýär (Zebur 110:1, 2). Emma Isa «duşmanlaryny aýaklaryna basgançak edýän» wagtyna çenli näme etmelidi?

B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni mesihçiler ýygnagy döredildi. Şondan soň Isa gökden mesh edilen şägirtleriniň üstünden höküm sürüp başlaýar (Koloslylar 1:13). Ol şägirtleriniň wagyz işine ýolbaşçylyk edip, olary gelejekdäki orunlaryna taýýarlamalydy. Nähili orunlara? Eger olar soňky demine çenli wepaly galsalar, direlip, Isanyň kömekçileri hökmünde onuň bilen Patyşalykda höküm sürerler.

Şeýle patyşalaryň biri boljak Sawul (ol Pawlus diýen rim ady bilen hem tanalýardy) ajaýyp görelde galdyrdy. Sawul ýehudydy we ol elmydama Hudaýyň Kanunyny yhlas bilen berjaý edýärdi. Emma ol ýehudy dini ýolbaşçylaryň aldawuna düşüp, Stefanusyň daşlanmagyny makullapdy. Soňra ol Damaska ýola düşýär, sebäbi «Halypamyzyň şägirtlerine henizem diýseň gaharlydy we olary öldürmek isleýärdi». Oňa Isanyň şägirtlerini tussag edip, olary Iýerusalime getirmelidigi hakda baş ruhany Kaýafadan rugsat berlipdi (Resullaryň işleri 7:58; 9:1). Emma ýolda barýarka, ony güýçli ýagtylyk gurşap alýar we ol ýere ýykylýar.

Ol kimdir biriniň: «Sawul, Sawul, sen näme üçin meni yzarlaýarsyň?» diýen sesini eşidýär. Sawul ondan: «Agam, sen kim bolarsyň?» diýip soraýar. Ses oňa: «Men seniň yzarlaýan Isaň» diýip jogap berýär (Resullaryň işleri 9:4, 5).

Isa Sawula Damaska baryp, indiki beriljek görkezmä şol ýerde garaşmalydygyny aýdýar. Emma ony şähere elinden tutup äkidýärler, sebäbi gökden gelen ýagtylykdan ýaňa, ol kör bolupdy. Şol wagt Isa Damaskda ýaşaýan Hananýa atly bir şägirde görünýär. Isa oňa Sawulyň bolýan ýeriniň salgysyny berip, onuň ýanyna barmagy tabşyrýar. Hananýa bu tabşyrygy berjaý etmekden ýaýdanýar. Şonda Isa oňa: «Men ony adymy başga halklara, patyşalara we Ysraýyl ogullaryna yglan etmek üçin saýladym» diýýär. Sawul görüp başlansoň, göni şol ýerde Damaskda «Isanyň Hudaýyň Ogludygy barada wagyz edip başlaýar» (Resullaryň işleri 9:15, 20).

Pawlus we beýleki hoş habarçylar Isanyň goldawy bilen onuň başlan işini dowam edýärler. Olar Hudaýyň bol berekedine eýe bolýarlar. Isanyň Damaska barýan ýolda görnenine, takmynan 25 ýyl geçende, Pawlus «hoş habar gök astyndaky ähli adamlara wagyz edildi» diýip ýazýar (Koloslylar 1:23).

Birnäçe ýyldan soň Isa gowy görýän Ýahýa resulyna ençeme görnüş görkezýär. Olar Injiliň Ylham kitabynda ýazylan. Şol görnüşlerde Ýahýa Isanyň Patyşalyk ygtyýary bilen gelşini görýär (Ýahýa 21:22). «Mukaddes ruh meni (Ýahýany) Halypamyzyň gününe alyp gitdi» (Ylham 1:10). Soňra näme bolmalydy?

Mukaddes Ýazgylardaky pygamberligi çuňňur özleşdirip, «Halypamyzyň gününiň» biziň günlerimizde, ýagny 1914-nji ýylda başlandygy anyklanyldy. Şol ýyl I Jahan urşy başlandy. Şondan soňky bolýan uruşlar, gyrgynçylyklar, açlyk, ýertitremeler we başga-da uly betbagtçylyklar hem muny tassyklaýar. Bu Isanyň resullaryna özüniň «gelmeli» we «dünýäniň ahyry» babatda aýdan alamatynyň ýerine ýetýändigini subut edýär (Matta 24:3, 7, 8, 14). Patyşalyk baradaky hoş habar diňe bir Rim imperiýasynyň çäklerinde däl, eýsem, bütin dünýäde wagyz edilýär.

Ýahýa Hudaýyň ylhamy bilen munuň manysyny şeýle düşündirýär: «Ine, Hudaýymyz adamlara gutulyş berdi, onuň güýji aýan bolup, Patyşalygy berkarar edildi we onuň Mesihi ygtyýar aldy» (Ylham 12:10). Hawa, Isanyň ähli ýerde yglan eden Hudaýyň gökdäki Patyşalygy häzir höküm sürýär!

Isanyň wepaly şägirtleri üçin, gör, nähili ýakymly habar! Olar Ýahýanyň şu sözlerine goşulyp bilerler: «Eý gökler we onda ýaşaýanlar, munuň üçin begeniň! Ýer we deňiz, waý siziň halyňyza, sebäbi Iblis wagtynyň az galandygyny bilip, güýçli gahar-gazap bilen siziň ýanyňyza bardy» (Ylham 12:12).

Indi Isa Atasynyň sag tarapynda oturmaýar. Ol — Patyşa we eýýäm höküm sürýär. Tizden bolsa duşmanlarynyň barysyny kül-peýekun eder (Ýewreýler 10:12, 13). Eýsem, bize nähili ajaýyp gelejek garaşýarka?