Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

109-NJY BAP

Isa dini duşmanlary ýazgarýar

Isa dini duşmanlary ýazgarýar

MATTA 22:41—23:24; MARKUS 12:35—40; LUKA 20:41—47

  • MESIH «KIMIŇ OGLY»?

  • ISA IKIÝÜZLI DUŞMANLARYNY PAŞ EDÝÄR

Isany rimlileriň eline tabşyrmak üçin, dini ýolbaşçylaryň eden tagallasy başa barmaýar (Luka 20:20). Häzir nisan aýynyň 11-i, Isa henizem ybadathanadady. Indi bolsa Isa olara sorag berip, özüniň kimdigini aýan edýär. Ol: «Siz Mesih barada näme pikir edýärsiňiz? Ol kimiň ogly?» diýip soraýar (Matta 22:42). Mesihiň Dawudyň neslinden gelmelidigi hemmelere mälimdi. Şonuň üçin olar: «Dawudyň ogly» diýip jogap berýärler (Matta 9:27; 12:23; Ýahýa 7:42).

Şonda Isa: «Onda näme üçin Dawut mukaddes ruhuň täsiri bilen oňa „Halypam“ diýdi? Ol şeýle ýazypdy: „Ýehowa meniň Halypama: „Duşmanlaryňy aýaklaryň astynda goýýançam, sag tarapymda otur“ diýdi“. Eger Dawut Mesihe Halypam diýen bolsa, onda ol nädip onuň ogly bolýar?» diýip soraýar (Matta 22:43—45).

Fariseýler näme diýjegini bilmeýärler. Olar Dawudyň neslinden bir adam gelip, bizi rimlileriň süteminden azat eder diýip umyt edýärdiler. Ýöne Isa Dawudyň Zebur 110:1, 2-nji aýatlardaky sözlerine salgylanyp, Mesihiň ynsan hökümdaryndan-da uly boljakdygyny görkezýär. Mesihe Dawudyň Halypasy diýilýär. Ol Hudaýyň sag tarapynda oturar we birnäçe wagtdan höküm sürüp başlar. Isanyň duşmanlary aýdara söz tapmaýarlar.

Bu gürrüňi şägirtler we başga-da köp adamlar diňläp durdy. Isa olara ýüzlenip, kanunçylar we fariseýler babatda duýduryş berýär. Bu adamlar «Musanyň ornunda oturyp», Hudaýyň Kanunyny öwredýärdiler. Isa diňleýjilerine maslahat berip: «Olaryň ähli aýdýanlaryny ediň, ýöne edýän işlerini etmäň. Sebäbi olar aýdýan zatlaryny özleri etmeýärler» diýýär (Matta 23:2, 3).

Isa olaryň ikiýüzlüligini görkezip: «Ýazgylardan alnan aýatlary gutujyklara salyp, olary erbetlikden goranmak üçin... dakýarlar» diýýär. Ýehudylaryň käbiri Kanundan alnan kiçijik parçalary gutujyklara salyp, maňlaýyna we ellerine dakýardylar. Fariseýler bolsa özlerini Kanuna has berlen adam edip görkezjek bolup, şol gutujyklary ulaldýardylar. Şeýle-de olar «donlarynyň seçeklerini uzaldýardylar». Ysraýyllylar geýimleriniň etegine gotazjyk, ýagny seçek tikmelidiler, ýöne fariseýler olary has-da uzyn edýärdiler (Sanlar 15:38—40). Bularyň bary «göz üçindi» (Matta 23:5).

Isanyň şägirtleri-de başgalardan tapawutlanjak bolup, olaryň täsirine düşmekleri mümkindi. Şonuň üçin ol şägirtlerine şeýle maslahat berýär: «Siz özüňize „Mugallym“ diýdirmäň, sebäbi siziň ýeke-täk Mugallymyňyz bar. Siziň baryňyz bolsa dogansyňyz. Şeýle-de ýer ýüzünde hiç kime „ata“ diýmäň, sebäbi siziň ýeke-täk Ataňyz bar, Ol gökdedir. Özüňize „ýolbaşçy“ diýdirmäň, sebäbi siziň ýeke-täk Ýolbaşçyňyz bar, ol Mesihdir». Onda şägirtler özlerini nähili alyp barmalydylar? Isa olara: «Araňyzda iň ulyňyz size hyzmatkär bolsun. Özüni beýgeldýän adam kiçeldiler, özüni kiçeldýän bolsa beýgeldiler» diýýär (Matta 23:8—12).

Soňra Isa ikiýüzli kanunçylara we fariseýlere ýüzlenip, şeýle diýýär: «Waý günüňize, eý kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Siz gökdäki Patyşalygyň gapysyny ýapyp, ne özüňiz girýärsiňiz, ne-de girjek adamlara ýol berýärsiňiz» (Matta 23:13).

Şeýle-de Isa olara Hudaýyň nazarynda nämäniň wajypdygyna düşünmeýändikleri üçin käýeýär. Meselem, olar: «Kim ybadathanadan ant içse, ol jogapkärçilik çekmez; ýöne kim ybadathananyň altynyndan ant içse, ol jogapkärçilik çeker» diýýärdiler. Dogrudan-da, olar Ýehowa sežde edilýän we oňa ýakynlaşmaga kömek edýän ybadathana däl-de, onuň altyndan ýasalan zatlaryna üns berip, özleriniň ruhy taýdan kördügini tassyklaýardylar. Hawa, olar «Kanunyň has wajyp tabşyryklaryna, ýagny adalatlylyga, rehimdarlyga, wepalylyga sowuk-sala garaýardylar» (Matta 23:16, 23; Luka 11:42).

Isa fariseýlere: «Kör ýolbaşçylar, siz çybyny süzüp aýyrýarsyňyz, düýäni bolsa ýuwudýarsyňyz!» diýýär (Matta 23:24). Olar haram hasaplanýandygy üçin çybyny şerapdan süzüp aýyrýardylar. Düýäni bolsa ýuwudýardylar, ýagny Kanunyň wajyp tabşyryklaryna üns bermeýärdiler. Düýe hem çybyn ýaly haram hasaplanýardy, ýöne ondan has uludy (Lewiler 11:4, 21—24).