Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

105-NJI BAP

Guran injir agajy arkaly berlen öwüt

Guran injir agajy arkaly berlen öwüt

MATTA 21:19—27; MARKUS 11:19—33; LUKA 20:1—8

  • ISA INJIR AGAJYNYŇ MYSALY ARKALY IMAN HAKDA ÖWÜT BERÝÄR

  • ISANYŇ YGTYÝARYNY ŞÜBHÄ GOÝÝARLAR

Isa duşenbe güni öýlän Iýerusalimden gaýdyp, Zeýtun dagynyň gündogar eňňidinde ýerleşýän Betaniýa dolanyp gelýär. Ol gijäni dostlary Lazar, Merýem we Martanyň öýünde geçiren bolmaly.

Nisan aýynyň 11-ine irden Isa şägirtleri bilen ýene-de ýola düşýär. Ol şu gün ybadathana iň soňky gezek baryp, märekäniň öňünde tälim berer. Pasha baýramyny belläp, Ýatlama agşamyny girizenden soň bolsa, ol agyr synaglara uçrap öldüriler.

Zeýtun dagyndan düşüp, Betaniýadan Iýerusalime barýarkalar, Petrus Isanyň düýn irden näletlän injir agajyna üns berýär. Ol: «Mugallym, seret! Seniň näletlän injir agajyň gurapdyr» diýýär (Markus 11:21).

Eýsem, Isa bu agajy näme üçin näletledikä? Ol munuň sebäbini şeýle düşündirýär: «Size dogrusyny aýdýaryn, eger siz iman etseňiz we hiç hili şübhäňiz bolmasa, diňe muny däl, eýsem, şu daga: „Ýeriňden gal-da, özüňi deňze zyň“ diýseňiz, bu hökman bolar. Şeýle-de iman bilen dilän ähli zadyňyzy alarsyňyz» (Matta 21:21, 22). Şeýdip, Isa dagy ýerinden gozgap bilýän iman hakda aýdan sözlerini gaýtalaýar (Matta 17:20).

Üns beren bolsaňyz, Isa guran agajyň mysaly arkaly Hudaýa iman etmegiň wajypdygyny görkezýär. Ol: «Doga edip, dileýän ähli zatlaryňyzy aljakdygyňyza iman etseňiz, olary hökman alarsyňyz» diýýär (Markus 11:24). Şägirtler üçin, gör, nähili wajyp sapak! Bu, esasan-da, tizden agyr synaglara uçrajak resullara degişlidi. Emma Isa guran injir agajy we iman, has dogrusy, gowşak iman bilen bagly başga-da bir zady aýtjak bolýar.

Ysraýyl halky injir agajy ýaly daşyndan gowy görünýärdi. Bu halk Hudaý bilen äht baglaşypdy we göräýmäge, Hudaýyň Kanunyny berjaý edýän ýalydy. Emma olar imanyny ýitiripdiler we gowy miwe getirmeýärdiler. Olar hatda Hudaýyň Oglundan hem ýüz öwürdiler! Şeýdip, Isa guran injir agajy arkaly miwe getirmeýän imansyz halka näme boljakdygyny görkezýär.

Biraz wagtdan Isa şägirtleri bilen Iýerusalime baryp ýetýär. Ol endigine görä ybadathana girip, adamlara tälim berip başlaýar. Şonda uly ruhanylar we halkyň ýaşululary gelip, Isadan: «Sen bu zatlary kimiň güýji bilen edýärsiň? Saňa bulary etmäge kim ygtyýar berdi?» diýip soraýarlar (Markus 11:28). Olar muny Isanyň bir gün öň pul çalyşýanlary kowandygyny göz öňünde tutup aýdan bolmaly.

Isa şeýle jogap berýär: «Menem size bir sorag berjek. Oňa jogap berseňiz, men bu zatlary kimiň ygtyýary bilen edýändigimi aýdaýyn. Ýahýa suwa çümdürmek ygtyýaryny Hudaýdan aldymy ýa-da adamlardan? Hany, jogap beriň». Duşmanlar çykgynsyz ýagdaýa düşýärler. Ruhanylar we ýaşulular öz aralarynda şeýle maslahatlaşýarlar: «Eger „Hudaýdan“ diýsek, ol bize „Onda näme üçin oňa ynanmadyňyz?“ diýer. Emma biz nädip „adamlardan“ diýip bileris?» (Markus 11:29—32).

Isanyň duşmanlary näme diýjegini bilmän: «Biz bilmeýäris» diýip jogap berýärler. Isa hem olara: «Onda menem bu zatlary kimiň ygtyýary bilen edýändigimi aýtmaryn» diýýär (Markus 11:33).