131-NJI BAP
Bigünä patyşa pürse çüýlenýär
MATTA 27:33—44; MARKUS 15:22—32; LUKA 23:32—43; ÝAHÝA 19:17—24
-
ISA JEBIR PÜRSÜNDE ÇÜÝLENÝÄR
-
ONUŇ DEPESINDÄKI ÝAZGYNY ÝAŇSA ALÝARLAR
-
ISA ÝER ÝÜZÜNDÄKI JENNETDE ÝAŞAMAGA UMYT BERÝÄR
Isany şäherden çykaryp, ony we ýene iki talaňçyny jezalandyrmakçy bolýarlar. «Uzakdan» görünýän bu ýere «Galgota», ýagny «Kelleçanak» diýilýärdi (Markus 15:40).
Höküm edilen adamlaryň üçüsiniň hem eşigini çykarýarlar. Soňra olara mirra garylan ajy şerap berýärler. Ony Iýerusalimiň aýallary taýýarlan bolmaly. Rimliler hem agyryny gowşadýan bu içgini jezalandyrylýan adamlara bermäge garşylyk görkezmeýärler. Emma Isa ony dadansoň içmeýär. Näme üçin? Ol şeýle güýçli synaga uçranda, aň-düşünjesine täsir etjek hiç bir zady kabul etmek islemeýärdi. Ol pikiriniň dury bolmagyny we ölýänçä wepaly galmak isleýärdi.
Esgerler Isa pürsüň üstünde ýatmagy buýurýarlar (Markus 15:25). Soňra onuň ellerini we aýaklaryny oňa çüýleýärler. Çüýler Isanyň bedenine çümende, ol güýçli agyryny duýýar. Pürsi diklänlerinde bolsa, agyry has-da güýçlenýär, sebäbi Isanyň agramyna bedeniň çüýlenen ýeri ýyrtylyp başlaýar. Emma Isa esgerlere gargamaýar, gaýtam: «Atam, bu adamlary bagyşla, çünki olar näme edýändiklerini bilmeýärler» diýip, olar üçin doga edýär (Luka 23:34).
Rimlileriň däbi boýunça, jenaýatçynyň eden işini bir tagta ýazyp, ony pürse berkidýärler. Pilatus: «Ýehudylaryň Patyşasy — nazaretli Isa» diýen sözleri ýazdyrmagy tabşyrýar. Ony her kes okap biler ýaly, ýewreýçe, latynça we grekçe ýazýarlar. Pilatusyň bu edeni Isanyň ölümini talap eden ýehudylaryň gaharyny getirýär. Uly ruhanylar nägile bolup, Pilatusa: «„Ýehudylaryň Patyşasy“ diýip ýazma-da, onuň aýdyşy ýaly, „Men ýehudylaryň Patyşasy“ diýip ýaz» diýýärler. Emma bu gezek Pilatus olara boýun egmek islemeýär. Ol: «Ýazjak zadymy eýýäm ýazdym» diýip jogap berýär (Ýahýa 19:19—22).
Gahardan ýaňa depe saçy syh-syh bolan ruhanylar Sinedrionda beren ýalan şaýatlyklaryny gaýtalaýarlar. Şonuň üçin geçip barýan adamlaryň Isanyň üstünden gülüp: «Eý, ybadathanany ýykyp, ony üç günde saljak adam, jebir pürsünden düş-de, özüňi halas et» diýýändikleri geň galdyrmaýar. Şonuň ýaly-da uly ruhanylar we kanunçylar bir-birlerine: «Goý, Ysraýylyň Patyşasy Mesih jebir pürsünden düşsün. Şonda biz muny görüp iman ederis» diýişýärler (Markus 15:29—32). Hatda Isanyň her gapdalynda pürsden asylgy duran jenaýatçylar hem oňa käýeýärdi. Aslynda, olaryň arasynda diňe Isa bigünä adamdy.
Rimlileriň dört esgeri hem Isany ýaňsylaýar. Olaryň özleri turşy şerapdan içen bolmaly, soňra Isanyň üstünden güljek bolup, oňa uzadýarlar. Elbetde, Isa pürsde asylgy duran ýerinden oňa boýnuny uzadyp bilmezdi. Rimliler onuň depesindäki ýazgyny görkezip: «Eger sen ýehudylaryň Patyşasy bolsaň, özüňi halas et» diýýärler (Luka 23:36, 37). Göz öňüne getirip görüň, ýol görkezip, hakykaty öwreden we ýaşaýyş berýän adamyň üstünden gülüp, ony ýaňsa alýarlar! Emma ol ähli zady çekip çydaýar. Ol ýigrenç bilen seredýän ýehudylaryň, üstünden gülýän rim esgerleriniň we her tarapynda asylgy duran jenaýatçylaryň hiç birini-de ýazgarmaýar.
Soňra esgerler Isanyň egin-eşigini dörde bölüp, kime haýsysy düşer diýip, bije atýarlar. Emma Isanyň içki eşigi «tikinsiz, tutuşlygyna dokalan» ýokary hillidi. Esgerler muny görüp: «Geliň, muny ýyrtmalyň-da, bije atyp, kime düşjegini bileliň» diýýärler. Şeýdip, olar Ýazgylardaky: «Eşiklerimi özara paýlaşýarlar, eginbaşym üçin bije atyşýarlar» diýen pygamberligi berjaý edýärler (Ýahýa 19:23, 24; Zebur 22:18).
Şonda jenaýatçylaryň biri Isanyň hakykatdan-da patyşadygyna göz ýetiren bolmaly. Ol beýleki jenaýatça käýäp: «Sen Hudaýdan gorkmaýarmyň? Senem onuň ýaly jeza çekýärsiň ahyryn. Bize eden işimize laýyk adalatly höküm çykaryldy, emma ol hiç hili erbet iş etmedi» diýýär. Soňra ol Isa ýalbaryp: «Isa, Patyşa bolanyňda, meni ýatlagyn» diýýär (Luka 23:40—42).
Isa oňa: «Şu gün saňa dogrusyny aýdýaryn, sen meniň bilen bile» Patyşalykda däl-de, «Jennetde bolarsyň» diýýär (Luka 23:43). Isanyň bu wadasy resullaryna beren wadasyndan tapawutlanýardy, çünki olar Isa bilen gökdäki Patyşalykda tagtlarda oturarlar (Matta 19:28; Luka 22:29, 30). Bu jenaýatçy Ýehowanyň Adam ata bilen How enä we olaryň nesillerine ýer ýüzünde Jennet berendigi hakda eşiden bolmaly. Şonuň üçin bu talaňçy ölse-de, gelejege umydy bardyr.