Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

129-NJY BAP

«Pilatus: „Ine ol adam!“ diýýär»

«Pilatus: „Ine ol adam!“ diýýär»

MATTA 27:15—17, 20—30; MARKUS 15:6—19; LUKA 23:18—25; ÝAHÝA 18:39—19:5

  • PILATUS ISANY BOŞATJAK BOLÝAR

  • HALK BARABBASY BOŞATMAGY TALAP EDÝÄR

  • ISANY ÝAŇSYLAP, OŇA ÝOWUZ DARAŞÝARLAR

Pilatus Isanyň öldürilmegini talap edýän märekä: «Siziň oňa ýöňkeýän zatlaryňyzda hiç hili günäsi ýok eken. Hirodes hem onda hiç hili ýazyk tapmandyr» diýipdi (Luka 23:14, 15). Häzir Pilatus Isany boşatmagyň başga bir ýoluny tapyp, märekeden: «Däbiňize görä Pasha baýramy mynasybetli men size bir adamy boşatmaly. Siz ýehudylaryň Patyşasyny boşatmagymy isleýärsiňizmi?» diýip soraýar (Ýahýa 18:39).

Pilatus türmede oturan Barabbasyň talaňçy, gozgalaňçy we ganhor adamdygyny bilýärdi. Şonuň üçin ol: «Siziň üçin kimi azat edeýin: Barabbasymy ýa-da Mesih diýilýän Isany?» diýip soraýar. Halk uly ruhanylaryň gepine gidip, Isany däl-de, Barabassy boşatmagyny isleýändigini aýdýar. Pilatus: «Bu iki adamyň haýsysyny azat etmegimi isleýärsiňiz?» diýip, gaýtadan soraýar. Olar hem: «Barabbasy» diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrýarlar (Matta 27:17, 21).

Aljyraňňy ýagdaýa düşen Pilatus: «Onda Mesih diýilýän Isany näme edeýin?» diýip soraýar. Märeke biragyzdan: «Ony pürse çüýle!» diýýär (Matta 27:22). Haýran galaýmaly, bigünä adamyň öldürilmegini talap edýän halkyň ynsaby birjigem ezýet bermeýär. Pilatus ýalbaryp: «Näme üçin? Bu adam näme ýamanlyk etdi? Men onda ölüme mynasyp zat tapmadym; şonuň üçin oňa temmi berip, boşadyp goýberjek» diýýär (Luka 23:22).

Pilatus şonça janyksa-da, märeke: «Pürse çüýle!» diýip, bir heňe tutup durdy (Matta 27:23). Dini ýolbaşçylaryň täsiri bilen guduz açan halk gan isleýärdi. Onda-da bir jenaýatçynyň ýa-da ganhoryň däl-de, bigünä adamyň ganyny! Bu adam bary-ýogy bäş gün mundan öň Patyşa hökmünde Iýerusalime giripdi. Märekäniň içinde Isanyň şägirtleri baram bolsa, olar adamlaryň ünsüni çekmejek bolup, dymyp durdular.

Pilatus aýdan sözleriniň kömek etmän, gaýtam, has erbet täsir edýändigine düşünýär. Şonuň üçin ol märekäniň gözüniň alnynda elini suw bilen ýuwup: «Men bigünä ganyň dökülmegine günäkär däldirin. Muňa siz jogapkärsiňiz» diýýär. Halk pälinden gaýtmakçy däldi. Olar: «Onuň ölümine özümiz we çagalarymyz jogapkär bolar» diýýärler (Matta 27:24, 25).

Görşümiz ýaly, hökümdar hakykatyň tarapyny tutmagyň deregine, halkyň islegini ileri tutýar. Ol halkyň talabyna görä, Barabbasy boşadýar, Isany bolsa eşigini çykardyp, gamçylamagy buýurýar.

Isany elhençlik bilen gamçylanlaryndan soň, esgerler ony hökümdaryň köşgüne alyp gidýärler. Birtopar esgerler Isanyň daşyna geçip, ony masgaralap başlaýarlar. Olar tikenekden täç örüp, onuň kellesine geýdirýärler. Şeýle-de Isanyň sag eline taýak tutduryp, egnine patyşalaryňky ýaly gyrmyzy matany geýdirýärler. Olar ýaňsylap: «Salam, ýehudylaryň Patyşasy!» diýýärler (Matta 27:28, 29). Mundan başga-da Isanyň üstüne tüýkürip, ýüzüne şarpyk çalýarlar. Elindäki taýagyny alyp, onuň bilen kellesine urýarlar, kellesindäki «täji» bolsa öňküdenem beter basyp geýdirýärler.

Isa şeýle azaplara mertlerçe çydaýar. Bu Pilatusa güýçli täsir edýär. Şonuň üçin ol Isany boşatmaga ýene bir gezek synanyşyp: «Men ony günäkärlär ýaly, hiç zat tapmadym, ine, şonuň üçin hem ony ýanyňyza çykardym» diýýär. Ähtimal, Pilatus märeke lenç edilip urlan, gana bulaşan Isany görende, oňa haýpy geler öýdendir. Ol Isany doňýürek märekäniň öňüne çykaryp: «Ine ol adam!» diýýär (Ýahýa 19:4, 5).

Isanyň bar ýeri ýaralanan bolsa-da, ol mertebesini saklap, özüni parahat alyp barýar. Bu hatda Pilatusa-da täsir edýär. Onuň sözlerinden Isa bolan hormatynyň artandygyny we ýüreginiň awaýandygyny görse bolýar.