Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

101-NJI BAP

Betaniýada Simunyň öýünde

Betaniýada Simunyň öýünde

MATTA 26:6—13; MARKUS 14:3—9; ÝAHÝA 11:55—12:11

  • ISA IÝERUSALIMIŇ GOLAÝYNDAKY BETANIÝA GAÝDYP GELÝÄR

  • MERÝEM ISANYŇ BAŞYNA ÝAKYMLY YSLY ÝAG GUÝÝAR

Isa Erihadan çykyp, Betaniýa ýola düşýär. Bu ýoly geçmek aňsat däldi, çünki 20 km ýokarlygyna ýöremelidi. Sebäbi Eriha şäheri deňiz derejesinden 250 m aşakda, Betaniýa bolsa 610 m ýokarda ýerleşýärdi. Lazar uýalary bilen Iýerusalimden 3 km uzaklykda we Zeýtun dagynyň eňňidinde ýerleşýän Betaniýanyň kiçijik obasynda ýaşaýardy.

Ýehudylaryň köpüsi Pasha baýramyny bellemek üçin eýýäm Iýerusalime gelipdiler. Olaryň ir gelmeginiň sebäbi şudy: eger olar jesede ýa-da şoňa meňzeş zada ýanaşyp, haram bolan bolsalar, «kanuna görä özlerini tämizlemäge» wagty bolardy (Ýahýa 11:55; Sanlar 9:6—10). Ir gelen adamlaryň käbiri ybadathanada ýygnanyp, öz aralarynda Isanyň Pasha baýramyna geljekdigi ýa-da gelmejekdigi hakda gürrüň edýärdiler (Ýahýa 11:56).

Bu ýerde Isa babatda uly dawa turýar. Dini ýolbaşçylaryň käbiri Isany öldürmek isleýärdi. Aslynda, olar ony tutmak üçin, adamlara onuň nirededigini bilseler habar bermeklerini tabşyrypdylar (Ýahýa 11:57). Isa Lazary direldende, ony öldürmäge synanyşanlar hem şu dini ýolbaşçylardy (Ýahýa 11:49—53). Şoňa görä-de käbiri Isa giden märekäniň içine gelmez öýdýärdi.

Isa «Pasha baýramyna alty gün galanda», ýagny anna güni Betaniýa gelýär (Ýahýa 12:1). Gün ýaşansoň Sabat güni, ýagny 8-nji nisan başlanýardy. Şol sebäpli Isa Sabat güni başlanmazdan öň, syýahatyny tamamlaýar. Ol Sabat güni, ýagny anna güni Gün ýaşansoň tä şenbe güni Gün ýaşýança, ýoluny dowam etmek üçin Erihadan çykyp bilmezdi. Ýogsam, ýehudylaryň kanunyny bozdugy bolardy. Isa hemişekisi ýaly Lazaryň öýüne baran bolmaly.

Betaniýada ýaşaýan Simun atly bir adam Isany, onuň ýanyndakylary hem-de Lazary öýüne myhmançylyga çagyrýar. Simuna «heýwere keseli bolan» diýilýär. Ol öň heýwere keseli bilen keselläp, Isa hem ony sagaldan bolmaly. Marta hemişekisi ýaly myhmanlara hyzmat edip başlaýar. Merýem bolsa Isany ünsli diňleýärdi. Emma onuň häzirki etjek zady oturanlaryň arasynda dawa turzar.

Merýem «ýakymly ysly, örän gymmat sap nard ýag» guýlan kiçijik alebastr gabyň gapagyny açýar (Ýahýa 12:3). Ýagyň bahasy şeýle gymmatdy welin (300 dinar durýardy), ony gazanmak üçin bir ýyldan gowrak işlemelidi! Merýem ýagy Isanyň başyna we aýaklaryna guýýar; saçlary bilen bolsa aýaklaryny süpürýär. Ýagyň hoşboý ysy öýüň içini doldurýar.

Şägirtler gaharlanyp: «Bu ýakymly ysly ýagy biderek harçlamak nämä gerek?» diýýärler (Markus 14:4). Iuda Iskariot bolsa: «Bu ýagy 300 dinara satyp, puluny garyplara paýlasak gowy bolmazmydy?» diýýär (Ýahýa 12:5). Iudanyň aladasy garyplar däldi. Ol elmydama şägirtleriň gutusyndan pul ogurlaýardy.

Isa Merýemiň tarapyny tutup, şeýle diýýär: «Siz näme üçin bu aýaly ynjadýarsyňyz? Ol maňa ýagşylyk etdi ahyryn. Garyplar hemişe siziň ýanyňyzda bolarlar, emma men siziň ýanyňyzda hemişe bolmaryn. Ol bedenime ýakymly ysly ýagy guýup, meni jaýlamaga taýýarlady. Size dogrusyny aýdýaryn, hoş habar dünýäniň niresinde wagyz edilse, aýalyň bu eden işi hakda hem aýdylar» (Matta 26:10—13).

Isanyň Betaniýa gelenine bir gün geçipdi. Şonuň üçin ol hakdaky gürrüň hemme ýere ýaýraýar. Köpler diňe bir Isany däl-de, eýsem, «onuň ölümden direlden Lazary» görmek üçin Simunyň öýüne gelýärdiler (Ýahýa 12:9). Uly ruhanylar Lazar direlenden soň, has köp adamlaryň Isa iman edýändigini görüp, Isany-da, Lazary-da öldürmekçi bolýarlar. Dini ýolbaşçylaryň zalymdygyny diýsene!