Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Maglumat

Maglumat

ÝÖRITE DUŞUŞYKLAR

BEÝTEL GULLUGY 35 ýaşyndan geçmedik we Beýtelde gulluk etmek isleýän mesihçiler anna güni günortanlyk arakesmeden soň, Beýtel gullugy üçin geçiriljek duşuşyga baryp biler. Duşuşygyň ýeri we wagty öňünden aýdylar.

HOŞ HABARÇYLAR MEKDEBI 23—65 ýaş aralygyndaky köpräk gulluk etmek isleýän pionerler ýekşenbe güni günortan arakesme wagty «Hoş habarçylar» mekdebinde okajaklar üçin geçiriljek duşuşyga çagyrylýarlar. Duşuşygyň geçiriljek ýeri we wagty  öňünden aýdylar.

MAGLUMAT

HYZMATKÄR DOGANLAR Hyzmatkär doganlar size kömek etmek üçin bellenýärler. Şonuň üçin olar bilen hyzmatdaşlyk etmegiňizi haýyş edýäris. Olar size ulagy nirede goýmalydygy, tertip-düzgüne eýermelidigi, nirede oturyp biljekdigiňiz we başga meseleler babatda görkezme bererler.

SUWA ÇÜMDÜRILJEKLER Suwa çümdüriljekler üçin birinji hatarda ýörite ýer bellenilip goýlar. Olar şenbe güni irden kongrese gelen wagty şol ýerlere baryp oturmaly. Hersi ýany bilen polotense we suwa çümdüriljek wagty geýer ýaly, salykatly eşik getirmeli.

PUL SADAKALARY Kongresde oturylýan ýerler, sesi güýçlendirýän we wideo görkezilýän enjamlar hem-de başga hyzmatlar bolar. Bularyň bary kongresiň ýakymly geçmegine we bize Ýehowa ýakynlaşmaga kömek edýär. Siziň pul sadakalaryňyz şol çykdajylary ödemäge we bütindünýä işini goldamaga ýardam edýär. Sadakalar üçin gutylar amatly we görünýän ýerlerde goýlan. Ähli sadakalar gymmat saýylýar. Ýolbaşçylyk maslahaty Patyşalygyň bähbitlerini jomartlyk bilen goldaýandygyňyz üçin size minnetdarlyk aýdýar.

ILKINJI KÖMEK Bu bölüm DIŇE HOWPLY ýagdaý üçindir.

TAPYLAN ZATLAR Ähli tapylan zatlar şu bölüme getirilmeli. Eger siz bir zadyňyzy ýitirseňiz, şu bölüme ýüz tutup bilersiňiz. Ýiten çagalary hem şol ýere eltip bolýar. Emma bu bölüme çagalar üçin ýerdir öýtmäň. Haýyş edýäris, çagalaryňyza göz-gulak bolup, olary ýanyňyzdan aýyrmaň.

OTURYLÝAN ÝERLER Başgalara ünsli bolmagyňyzy haýyş edýäris. Ýadyňyzda bolsun, diňe maşgala agzalaryňyza, siziň bilen bir ulagda gelenlere, bile ýaşaýan ýa-da okuw geçýän adamlaryňyza ýer alyp bolýar. Başga oturgyçlarda zadyňyzy goýmazlygy haýyş edýäris.

MEÝLETIN KÖMEK Eger siz kongrese kömek etmek isleýän bolsaňyz, kongresiň şu bölümine ýüz tutup bilersiňiz.

Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty tarapyndan taýýarlanýar