Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

7-NJI BAP

Ölen dogan-garyndaşlarymyz üçin hakyky umyt

Ölen dogan-garyndaşlarymyz üçin hakyky umyt
  • Ölen adamlaryň direljegini nireden bilýäris?

  • Ýehowa direlişe nähili garaýar?

  • Kimler direler?

1—3. Bizi nähili duşman yzarlaýar we Mukaddes Ýazgylar nähili teselli berýär?

AÝDALY, sen zalym duşmandan gaçyp barýaň. Ol senden has güýçli we çakgan. Sen bu duşmanyň rehimsizdigini bilýäň, sebäbi gözüň alynda birnäçe dostuňy öldürdi. Sen näçe gaçyp gutuljak bolsaň-da, ol yzyňdan ýetip gelýär. Hiç hili umyt ýok diýen ýaly. Birdenkä halasgär peýda bolýar. Ol duşmandan has güýçli, şonuň üçin saňa kömek etjekdigine söz berýär. Seniň ýüregiň giňän bolsa gerek.

2 Seni, dogrudanam, şeýle duşman yzarlaýar diýse bolar. Ol her birimizi kowalaýar. Öňki bapdan bilşimiz ýaly, şol duşmana Mukaddes Ýazgylarda ölüm diýilýär. Hiç kim ondan gutulyp ýa üstün çykyp bilenok. Bu duşman köpümiziň dogan-garyndaşlarymyzy alyp gitdi. Emma Ýehowa ölümden has güýçli. Ol hakyky Halasgär we bu zalym duşmany ýeňip biljekdigini subut etdi. Şeýle-de ol ölümi hemişelik ýok etjekdigini söz berýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Soňky duşman ölüm hem ýok ediler» diýilýär (1 Korinfliler 15:26, TD). Nähili ajaýyp wada!

3 Garyndaşlarymyzyň ölümi bize nähili agyr degýändigi barada oýlanyp göreli. Bu teselli berýän umydyň gymmatyny bilmäge kömek eder. Çünki Ýehowa ölen adamlar direler diýýär (Işaýa 26:19). Olar direlip ýene-de ýaşar.

GARYNDAŞLARYMYZ ÖLENDE

4. a) Lazaryň ölümine Isanyň garaýşy, näme üçin Ýehowanyň duýgusyna düşünmäge kömek edýär? b) Isanyň ýakyn dostlary kimler?

4 Sen ýakynyňy ýitiripmidiň? Ýitginiň hasraty, agysy we alaçsyzlyk duýgusy çekip-çydardan agyr. Şeýle ýagdaýda Hudaýyň Sözünden teselli gözlemeli (2 Korinfliler 1:3, 4-nji aýatlary okaň). Mukaddes Ýazgylardan Ýehowanyň we Isanyň ölüme garaýşyny bilýäris. Atasyna meňzeýän Isa dogan-garyndaşymyzyň ölüminiň nähili hasrat getirýändigini bilýärdi (Ýahýa 14:9). Isa Iýerusalime gelende, Beýtaniýa diýen goňşy obada ýaşaýan Lazar we onuň uýalary Merýemdir Martalarda birnäçe gezek düşläpdi. Şeýdip, olar dost boldular. Mukaddes Ýazgylarda: «Isa Martany, onuň uýasyny we Lazary gowy görýärdi» diýilýär (Ýahýa 11:5). Emma öňki bapdan bilşimiz ýaly, Lazar aradan çykdy.

5, 6. a) Lazaryň dostlarynyň we garyndaşlarynyň hasraty Isa nähili täsir etdi? b) Isanyň ýüreginiň gyýylmagy, bize näme üçin teselli berýär?

5 Ýakyn dostunyň ölümi Isa nähili täsir etdikä? Injilde onuň Lazaryň garyndaşlaryna teselli bermäge gelendigi aýdylýar. Köpleriň gözýaşdyr hasratyny görende, Isanyň ýüregi gyýyldy. Ol «ruhda gynandy» we tolgundy. «Isa aglady» (Ýahýa 11:33, 35). Ýöne bu onuň umydynyň ýokdugyny aňladýarmy? Ýok, çünki Isa gudratyň boljagyny bilýärdi (Ýahýa 11:3, 4). Şonda-da ol ýitgiden ýaňa hasrat çekdi.

6 Dostunyň ölümine Isanyň gözýaş dökmegi bize teselli berýär. Bu Isanyň we onuň Atasy Ýehowanyň ölümi ýigrenýändigini görkezýär. Emma Ýehowa Hudaýyň bu zalym duşmany ýeňmäge güýji ýetýär! Gel, onuň Isa nähili güýç berendigini bileli.

«LAZAR, DAŞARYK ÇYK!»

7, 8. Näme üçin Lazara kömek edip bolmajak ýalydy, emma Isa näme etdi?

7 Lazar gowakda jaýlanypdy, şonuň üçin Isa gowagyň agzyndaky daşy aýyrmagy haýyş edýär. Marta muňa garşy boldy, çünki Lazaryň ölenine dört gün geçipdi, onuň jesedi bolsa porsan bolmaly (Ýahýa 11:39). Onsoňam, ölen adama kömek edip bolarmy?

Lazaryň direlmegi köpleri begendirdi (Ýahýa 11:38—44)

8 Daşy aýranlarynda Isa: «Lazar, daşaryk çyk!» diýip gygyrdy welin, «öli gabyrdan» çykdy (Ýahýa 11:43, 44). Adamlar gör, nähili begenendir! Lazaryň uýalary, garyndaşlary, dostlary we goňşulary onuň ölendigini bilýärdiler. Ynha, indi olaryň gowy görýän adamy olara sag-aman gowuşdy. Bu juda geň zat! Adamlar begenjinden ýaňa, Lazary gujaklamaga howlugandyr. Bu, dogrudan-da, ölümiň üstünden ýeňiş!

Eli pygamber dul hatynyň ogluny direltdi (1 Patyşalar 17:17—24)

9, 10. a) Lazary direltmäge Isa kim güýç berdi we muny biz nireden bilýäris? b) Direliş baradaky wakalaryň nähili peýdasy bar?

9 Isa özüne şöhrat gazanjak bolmaýardy. Isa Lazary direltmänkä, Ýehowa doga edip, güýji ondan alýandygyny görkezdi (Ýahýa 11:41, 42-nji aýatlary okaň). Emma Ýehowa gudrat bilen diňe Lazary direltmändi. Hudaýyň Sözünde dokuz sany direliş barada aýdylýar *. Mukaddes Ýazgylardaky bu wakalary okap öwrenseň, ýüregiňe giňlik berýär! Bu wakalar Hudaýyň ala tutmaýandygyny, onuň hem ýaşlary, hem garrylary, hem erkekleri, hem aýallary, hem ýewreýleri hem-de ýewreý dälleri direldýändigini öwredýär. Bu wakalar gör, nähili şatlykly! Mysal üçin, Isa gyzjagazy direldende, onuň ata-enesi «gaty geň galdy» diýip, Injilde aýdylýar (Markus 5:42). Ýehowa olara ýatdan çykmajak ýagşylyk etdi.

Petrus resul Dorkas atly mesihçi uýany direltdi (Resullaryň işleri 9:36—42)

10 Isanyň direlden adamlary wagtyň geçmegi bilen ýene-de öldüler. Onda olary direltmek gerekmidi? Elbetde. Mukaddes Ýazgylardaky bu wakalar wajyp hakykaty tassyklaýar hem-de bize umyt berýär.

DIRELIŞ BARADAKY WAKALAR NÄME ÖWREDÝÄR?

11. Lazar bilen bolan waka Wagyz kitaby 9:5-däki sözleri nädip tassyklaýar?

11 Mukaddes Ýazgylar ölüler «hiç zat bilenok» diýip öwredýär. Olar huşsuz. Ölüler o dünýä gidenok. Muny Lazar bilen bolan waka tassyklaýar. Oýlanyp gör, Lazar direlende gökdäki eşretli durmuş barada gürrüň berdimi? Ýa dowzahda bolýan elhenç zatlary gürrüň berip gorkuzdymy? Ýok, bu barada Mukaddes Ýazgylarda aýdylmaýar. Lazar dört günläp ölüdi we «hiç zat bilenokdy» (Wagyz kitaby 9:5). Lazar ölüm ukusyndady (Ýahýa 11:11).

12. Lazar bilen bolan wakanyň toslama däldigine näme üçin ynanyp bileris?

12 Lazar bilen bolan waka direlişiň toslama däldigini görkezýär. Isa Lazary köp adamlaryň gözüniň öňünde direltdi. Bu gudraty hatda Isany ýigrenýän dini ýolbaşçylar hem inkär edip bilmediler. Gaýtam, olar: «Näme etmeli? Bu Adam [Isa] köp alamat görkezýär» diýdiler (Ýahýa 11:47). Direlen Lazary görmek üçin köp adamlar geldi. Olaryň köpüsi Isa iman etdiler. Lazary görüp, olar Isanyň Hudaý tarapyndan gelendigine ynandylar. Bu göze görnüp duran subutnama bolany üçin, ýehudy dini ýolbaşçylar Isa bilen Lazary öldürjek boldular (Ýahýa 11:53; 12:9—11).

13. Ýehowanyň ölüleri direldip biljekdigini nireden bilýäris?

13 Direliş, dogrudanam, bolarmyka? Elbetde, sebäbi Isa «gabyrdakylaryň hemmesiniň» direljekdigini aýtdy (Ýahýa 5:28). Ýehowa ähli janly-jandaryň Ýaradyjysy. Eýsem, oňa öz ýaradanlaryna täzeden jan bermek kynmyka? Elbetde, kyn däl. Emma köp zatlar Ýehowanyň ýatkeşligine bagly. Ol biziň ölen ýakyn garyndaşlarymyzy ýadyna salyp bilermikä? Oýlanyp gör, älemdäki ýyldyzlaryň sany ýok, ýöne Hudaý olaryň her biriniň adyny tutýar! (Işaýa 40:26). Şonuň üçin garyndaşlarymyzyň gylyk-häsiýetlerini ýatda saklamak Ýehowa kyn düşmez. Ol biziň garyndaşlarymyzy direldip hem biler.

14, 15. Eýýubyň aýtmagyna görä, Ýehowa direlişe nähili garaýar?

14 Ýöne Ýehowanyň ölen adamlary direldesi gelermikä? Elbetde. Bu barada Mukaddes Ýazgylar hem aýdýar. Hudaýyň wepaly gullukçysy Eýýup: «Ölen adam ýene-de ýaşarmyka?» diýip sorapdy. Ol gabyrda ýatan adamyň Hudaýyň ýatlaryna garaşýandygy barada aýdypdy. Soňra ol Ýehowa: «Sen çagyrsadyň, men bolsa jogap bererdim. Sen öz eliň eden işlerini küýsärdiň» diýdi (Eýýup 14:13—15).

15 Oýlanyp gör! Ýehowa ölen adamlary direldesi gelýär. Eýsem, bu bizi begendirmeýärmi? Emma kimler direler we direlenler nirede ýaşar?

«GABYRDAKYLARYŇ HEMMESI»

16. Direlen adamlar nähili şertlerde ýaşar?

16 Direliş baradaky wakalar, gelejekdäki direlişiň nähili boljakdygyna düşünmäge kömek edýär. Mukaddes Ýazgylarda ölen adamlaryň ýer ýüzünde direlip, garyndaşlaryna gowşandyklary gürrüň berilýär. Bu zatlar gelejekde-de bolar, ýöne oňa görä has uly möçberde. Üçünji bapdan bilşimiz ýaly, Hudaý bütin ýer ýüzüniň Jennet bolmagyny isleýär. Şonuň üçin direlen adamlar uruşsyz, jenaýatsyz we keselsiz durmuşda ýaşar. Olar bagtly bolup, ýer ýüzünde ajaýyp şertlerde ebedi ýaşar.

17. Kimler direler?

17 Kimler direlerkä? Isa «gabyrdakylaryň hemmesiniň Onuň sesini eşidip... direljekdigini» aýtdy (Ýahýa 5:28, 29). Şonuň ýaly hem Ylham 20:13-de: «Deňiz özündäki ölüleri, ölüm we ölüler diýary-da özlerindäki ölüleri tabşyrdylar» diýilýär. «Ölüler diýary» hemme öwlüýäleri aňladýar (212, 213-nji sahypalardaky Goşmaça maglumata seret). Bu öwlüýäler boşap galar. Ondaky ýatan milliardlarça merhumlar direler. Pawlus resul: «Hem dogrular, hem egriler ölümden direler» diýdi (Resullaryň işleri 24:15). Bu nämäni aňladýar?

Ölen adamlar Jennetde direlip, dogan-garyndaşlaryna gowşar

18. Direljek «dogrulara» kimler degişli we direlişe bolan umyt saňa nähili täsir edýär?

18 «Dogrulara» Mukaddes Ýazgylardaky Isa Mesihden öň ýaşan adamlar degişli. Mümkin, sen derrew Nuhy, Ybraýymy, Sarany, Musany, Ruty, Esteri we başga-da köp wepaly erkekdir aýallary ýadyňa salansyň. Olaryň käbirleri ýewreýlere ýazylan hatyň 11-nji babynda agzalýar. Emma «dogrulara» Ýehowanyň şu günler ölen gullukçylary hem degişli. Direlişe bolan umyt, dogrudan-da, ölüm gorkusyndan azat edýär (Ýewreýler 2:15).

19. «Egriler» kimler we Ýehowa olara nähili mümkinçilik berer?

19 Ýehowany tanamadyk we oňa gulluk etmedik adamlara näme bolarka? Bu milliardlarça «egriler» hem unudylmaz. Olaram direler. Olara Hudaý barada hakykaty bilmäge we onuň bilen dostlaşmaga wagt berler. Ölen adamlar ýer ýüzünde müň ýylyň dowamynda direler we Ýehowanyň wepaly gullukçylarynyň hataryna goşular. Ol döwür nähili ajaýyp bolar! Mukaddes Ýazgylarda oňa Magşar güni ýa-da Höküm güni diýilýär *.

20. Jähennem nämäni aňladýar we ol ýere kimler düşýär?

20 Bu hemme adamlaryň direljegini aňladýarmy? Ýok. Mukaddes Ýazgylarda käbir adamlaryň «jähennemdedigi» aýdylýar (Luka 12:5, TD). Jähennem diýip, gadymy Iýerusalimiň galasynyň daşyndaky hapa dökülýän ýere aýdylýardy. Ol ýerde jesetleri we dürli hapalary ýakýardylar. Ýehudylaryň aýtmagyna görä, jaýlamaga hem-de direlişe mynasyp bolmadyk adamlaryň jesetlerini şol ýere zyňýardylar. Şonuň üçin jähennem hemişelik ýok edilmegi aňladýar. Isa dirileriň we ölüleriň üstünden höküm çykarsa-da, Ýokary Kazy diňe Ýehowadyr (Resullaryň işleri 10:42). Ol zalym we gulak asmaýan adamlary hiç haçan direltmez.

GÖKDÄKI ÝAŞAÝYŞ ÜÇIN DIRELIŞ

21, 22. a) Ýene nähili direliş barada aýdylýar? b) Gökdäki ýaşaýyş üçin ilkinji direlen kim?

21 Mukaddes Ýazgylarda gökdäki ýaşaýyş üçin, ruhy şahsyýet hökmünde direliş barada hem aýdylýar. Onda şeýle direliş bilen diňe Isa Mesihiň direlendigi aýdylýar.

22 Isa ölende, Ýehowa onuň ölüler diýarynda hemişelik galmagyna ýol bermedi (Zebur 16:10; Resullaryň işleri 13:34, 35). Hudaý ony direltdi, ýöne ynsan hökmünde däl. Petrus resul Isa Mesih «ten boýunça öldürilip, ruh boýunça direldildi» diýip düşündirdi (1 Petrus 3:18). Bu görlüp-eşidilmedik gudratdy! Isa güýçli ruhy şahsyýet hökmünde direldi (1 Korinfliler 15:3—6-njy aýatlary okaň). Ol ilkinji bolup şeýle hormata mynasyp boldy (Ýahýa 3:13). Emma şeýle direliş bilen Isadan başga-da direljekler bardy.

23, 24. Isa Mesihiň «kiçijik sürüsine» kimler girýär we olaryň sany näçe?

23 Isa Mesih tizden göge dolanyp barjagyny bilip, wepaly şägirtlerine «ýer taýýarlamaga» barýandygyny aýtdy (Ýahýa 14:2). Isa pygamber göge gitjekleri «kiçijik süri» diýip atlandyrdy (Luka 12:32). Bu wepaly mesihçileriň kiçijik toparyna näçe adam girýär? Ýahýa resul şeýle diýdi: «Onsoň görsem, Guzy [Isa Mesih] Sion dagynyň üstünde durdy. Onuň ýanynda bolsa maňlaýynda Onuň we Atasynyň ady ýazylgy ýüz kyrk dört müň adam bardy» (Ylham 14:1).

24 Bu 144 000 mesihçiler we şol sanda Isanyň wepaly resullary, gökdäki ýaşaýyş üçin direlerler. Bu direliş haçan başlar? Pawlus resul munuň Isa Mesihiň barlygynda boljakdygyny ýazdy (1 Korinfliler 15:23). Şol döwür eýýäm başlady, biz muny 9-njy bapdan bileris. Şonuň üçin 144 000 adamlaryň häzirki ýerde galanlary, ölen badyna gökde ýaşamak üçin direlýärler (1 Korinfliler 15:51—55). Emma köp adamlar gelejekde ýer ýüzündäki Jennetde direlerler.

25. Indiki bapdan näme bileris?

25 Ölüm atly zalym duşmany, Ýehowanyň hemişelik ýok etjegi gör, nähili ajaýyp! (Işaýa 25:8-i okaň). Emma käbir adamlaryň gökdäki ýaşaýşa direlmeginiň sebäbini bilesiň gelýändir. Olar gökdäki adalatly hökümetiň agzasy bolarlar. Bu hökümet barada indiki bapdan bileris.

^ abzas 19 Magşar güni ýa-da Höküm güni hakda hem-de näme esasynda adamlara höküm çykaryljagy barada 213—215-nji sahypalardaky Goşmaça maglumatdan köpräk bilip bolar.