Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

GOŞMAÇA MAGLUMAT

Şeol hem-de hades näme?

Şeol hem-de hades näme?

MUKADDES ÝAZGYLARYŇ asyl nusgasynda ýewreýçe «şeol» we grekçe «adis» sözleri 70 gezek duş gelýär. Bu sözleriň ikisi hem ölüm bilen baglanyşykly ulanylýar we Mukaddes Ýazgylaryň türkmençe terjimesinde «gör», «dowzah» hem-de «ölüler diýary» diýip terjime edilýär. Bu sözler nämäni aňladýar? Gel, Mukaddes Ýazgylarda olaryň nähili manyda ulanylýandygyny göreli.

Wagyz kitaby 9:10-da şeýle diýilýär: «Seniň barjak ölüler diýaryňda (şeol) ne iş bar, ne oý-pikir, ne bilim, ne-de akyldarlyk bar». Bu aýada görä, şeol diýen söz garyndaşlarymyzyň jaýlanan gabryny aňladýarmy? Ýok. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda gabyr ýa-da mazar barada aýdylanda, onuň asyl nusgasynda «şeol» hem-de «adis» sözi däl-de, başga sözler ulanylýar (Gelip çykyş 23:7—9; Matta 28:1). Şeýle-de şeol birnäçe adamyň jaýlanylýan ýerini, meselem, maşgala mazarçylygyny ýa-da öwlüýäni aňlatmaýar (Gelip çykyş 49:30, 31).

Onda «şeol» näme? Mukaddes Ýazgylarda «şeol» hem-de «hades» iň uly öwlüýädenem uludygy aýdylýar. Meselem, Işaýa 5:14-de: «Ölüler diýary (şeol) ulaldy we agzyny giň açdy» diýilýär. Şeol sansyz-sajaksyz adamlary ýuwutsa-da, ol hiç haçan: «Ýeterlik» diýmez (Süleýmanyň tymsallary 30:15, 16). Çäkli adamy sygdyrýan öwlüýäden tapawutlylykda, «ölüler diýary... doýýan däldir» (Süleýmanyň tymsallary 27:20). Şonuň üçin şeol hiç haçan dolmaz. Ol düýpsüz çuňluk. Diýmek, şeol ýa-da hades ýer ýüzünde belli bir ýeri aňlatmaýar. Başgaça aýdanyňda, öwlüýäleriň hemmesini aňladýar. Ölenleriň köpüsi şol ýerde ýatyr.

Mukaddes Ýazgylaryň direliş hakdaky taglymaty «şeol» hem-de «hades» diýen sözleriň manysyny düşündirýär. Mukaddes Ýazgylardan görşümiz ýaly, şeoldaky ýa-da hadesdäki adamlar direler * (Eýýup 14:13; Resullaryň işleri 2:31; Ylham 20:13). Hudaýyň Sözi ölüler diýarynda Ýehowanyň gullukçylaryndan başga, Hudaýa gulluk etmedik köp adamlaryň hem bardygyny aýdýar (Zebur 55:15). Mukaddes Ýazgylarda «hem dogrular, hem egriler ölümden direler» diýilýär (Resullaryň işleri 24:15).

^ abzas 6 Munuň tersine, direlmejek adamlar ölüler diýarynda däl-de, «jähennemde» diýilýär. Türkmençe Injilde «jähennem» sözi «dowzah» we «dowzah ody» diýip, terjime edilipdir. «Jähennem» diýen grek sözi Injiliň asyl nusgasynda 12 gezek şu aýatlarda duş gelýär: Matta 5:22, 29, 30; 10:28; 18:9; 23:15, 33; Markus 9:43, 45, 47; Luka 12:5; Ýakup 3:6. Ölüler diýary ýaly jähennem hem belli bir ýeri aňlatmaýar.