Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

GOŞMAÇA MAGLUMAT

Baýramçylyklary bellemelimi?

Baýramçylyklary bellemelimi?

ŞU GÜNKI dini we dünýewi baýramçylyklar Mukaddes Ýazgylara esaslanmaýar. Onda näme üçin olary belleýärler? Mümkin, sen bu baýramçylyklar barada ensiklopediýadan ýa-da kitaphanadan bilesiň geler. Käbir mysallara seredeli.

Pasha. «Britan ensiklopediýasynda» şeýle diýilýär: «Isa Mesihiň direlenini bellemek barada Injilde asla aýdylmaýar». Pasha baýramçylygy Isanyň direlişine bagyşlanan diýseler-de, onuň däp-dessurlary butparazlykdan gelip çykdy. Meselem, «Katolik ensiklopediýasy» pasha towşanyna «butparazlaryň hasylynyň nyşany» diýýär. «Uly sowet ensiklopediýasynda» bolsa, şeýle diýilýär: «Butparazlaryň bahar baýramyndaky (kuliçi mukaddeslemek, pasha peýnirini taýýarlamak, ýumurtgalary reňklemek ýaly) däp-dessurlar, hristianlaryň Pasha baýramyna geçdi» (2-nji neşir, 32-nji tom, 1955-nji ýyl).

Täze ýyl. Ýylyň başy her halkda dürli wagtda başlaýar we Täze ýyly her ýurt özüçe belleýär. Bu baýramçylygyň gelip çykyşy barada «Uorld buk» ensiklopediýasynda şeýle diýilýär: «B. e. öň 46-njy ýylda Rim hökümdary Ýuliý Sezar ýanwar aýynyň 1-ini ýylyň başy diýip yglan etdi. Rimliler bu güni hemme zadyň başyny we ahyryny, girişi hem çykyşy aňladýan Ýanus diýen taňra bagş etdiler. Ýanwar aýy Ýanus taňrysynyň adyndan gelip çykdy. Onuň biri-birine garşy tarapa seredip duran iki ýüzi bardy». Görşümiz ýaly, täze ýyl baýramlary butparazlykdan gelip çykdy.

Hellouin baýramy (Keramatlylar güni). «Amerikan ensiklopediýasy» şeýle diýýär: «Hellouin däp-dessurlary mesihçiler döwründen öň döräp, druidleriň (gadymy kelt ruhanylarynyň) däp-dessurlaryndan gelip çykdy. Keltler iki esasy taňra — Gün taňrysyna hem ölüler taňrysyna bagyşlap baýramçylyk belleýärdiler. Noýabr aýynyň 1-ne bellenilýän bu baýramçylyk, keltleriň Täze ýyl baýramydy. Kem-kemden bu baýramçylyk hristian baýramyna öwrüldi».

Beýleki baýramçylyklar. Baýramçylyklaryň hemmesini ara alyp maslahatlaşyp bolmaýar. Emma adamlary ýa-da guramalary şöhratlandyrýan baýramçylyklar Ýehowa ýaramaýar (Ýermeýa 17:5—7; Resullaryň işleri 10:25, 26). Dini baýramçylyklaryň Hudaýa ýaraýanyny bilmek üçin, olaryň gelip çykyşyny bilmeli (Işaýa 52:11; Ylham 18:4). Şu kitabyň 16-njy babynda getirilen Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri, Hudaýyň baýramçylyklara garaýşyny bilmäge kömek edýär.