Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

GOŞMAÇA MAGLUMAT

Danyýeliň Mesihiň gelmegi baradaky pygamberligi nädip ýerine ýetdi?

Danyýeliň Mesihiň gelmegi baradaky pygamberligi nädip ýerine ýetdi?

DANYÝEL pygamber Isa dogulmazyndan 500 ýyldanam öň ýaşapdy. Ýehowa bu pygambere Isanyň haçan Mesih boljagyny anyklap bolýan maglumaty aýtdy. Ol Danyýele şeýle diýdi: «Şuňa düşün: Iýerusalimi gaýtadan dikeltmeli diýen karar çykandan, Hökümdar Mesihe çenli ýedi hepde we altmyş iki hepde» (Danyýel 9:25).

Mesihiň haçan peýda boljagyny anyklar ýaly, pygamberlikdäki «Iýerusalimi gaýtadan dikeltmeli diýen kararyň» haçan çykandygyny bilmeli. Bu karar näçenji ýylda çykdyka? Iýerusalimiň diwarlaryny gaýtadan dikeltmeli diýen karar, Nehemýa pygamberiň kitabynda «Artakserksiň patyşalygynyň ýigriminji ýylynda» çykdy diýilýär (Nehemýa 2:1, 5—8). Taryhy maglumatlara görä, Artakserks b. e. öň 474-nji ýylda patyşa boldy. Diýmek, onuň patyşalygynyň ýigriminji ýyly b. e. öň 455-nji ýyla düşýär. Danyýeliň pygamberligindäki bu waka Mesihiň peýda boljak wagtyny hasaplamaga kömek edýär.

Danyýel pygamber «Hökümdar Mesihe» çenli näçe wagt geçmelidigini aýtdy. Pygamberlikde «ýedi hepde we altmyş iki hepde», ýagny jemi 69 hepde geçmeli diýilýär. Bu näçe wagtka? Mukaddes Ýazgylaryň käbir terjimelerinde gün hepdesi däl-de, ýyl hepdesi barada aýdylýar. Ýyl hepdesi ýedi ýyla deň. Gadymy ýewreýler ýyl hepdesine wagt birligi hökmünde garaýardy. Meselem, Ysraýylda her ýedinji ýyl sabat ýyly hasaplanýardy (Müsürden çykyş 23:10, 11). Şeýlelikde, pygamberlikdäki 69 hepde — 69 döwri aňladýar we her döwri ýedi ýyla deň. Diýmek, 69 hepde 483 ýyla deň.

Indi bulary hasaplamaly. B. e. öň 455-nji ýyldan bäri 483 ýyly sanasak, b. e. 29-njy ýylyna geleris. Şol ýylda hem Isa pygamber suwa çümdürilip Mesih boldy! * (Luka 3:1, 2, 21, 22). Bu pygamberlik dogry ýerine ýetdi gerek?

^ abzas 6 B. e. öň 455-nji ýyldan b. e. öň 1-nji ýyla çenli 454 ýyl. B. e. öň 1-nji ýyldan b. e. 1-nji ýyla çenli bir ýyl (nolunjy ýyl ýok). B. e. 1-nji ýylyndan b. e. 29-njy ýylyna çenli 28 ýyl. Bularyň jemi 483 ýyl bolýar. B. e. 33-nji ýylynda Isany «öldürdiler». Şonda ýetmişinji ýyl hepdesi dowam edýärdi (Danyýel 9:24, 26). «Danyýeliň pygamberligine üns beriň!» diýen kitabyň 11-nji babyna we «Ýazgylara düşünmek» ensiklopediýasynyň 2-nji tomunyň 899—901-nji sahypalaryna seret. Bu kitaplary Ýehowanyň Şaýatlary dürli dilde çap etdi.