15-NJI BAP
Hudaýa ýaraýan sežde
-
Hemme dinler Hudaýa ýaraýarmy?
-
Hakyky dini nädip tanamaly?
-
Şu günler hak Hudaýa kim sežde edýär?
1. Eger Hudaýa dogry sežde etsek nähili peýdasy bar?
ÝEHOWA HUDAÝ bizi söýýär we durmuşda gerekli görkezme berýär. Hudaýa dogry sežde etsek, bagtly bolarys we kynçylyklara uçramarys. Şeýle-de Hudaý bize bereket berer we kömek eder (Işaýa 48:17). Ýöne dünýäde ýüzlerçe din bar. Şol dindäki adamlar Hudaý barada hakykaty öwredýändirler öýdýär. Emma olaryň Hudaý barada we onuň kadalary barada öwredýän zatlary biri-birinden tapawutlanýar.
2. Ýehowa ýaraýan dini nädip tanap bolar we ony bilmäge haýsy mysal kömek eder?
2 Ýehowa ýaraýan dini nädip tanap bolar? Munuň üçin hemme dinleriň taglymatyny öwrenip, olary deňeşdirmek hökman däl. Mukaddes Ýazgylaryň näme öwredýänini we onuň hakyky sežde barada näme aýdýanyny bilmeli. Bir mysala seredeli. Köp ýurtlarda galp pul sebäpli kynçylyk döreýär. Eger saňa galp puly anyklamaly diýseler näme ederdiň? Ähli galp pullaryň nähili bolýanyny barlap görermidiň? Ýok. Muňa derek hakyky puluň nähili bolýanyny bilmek üçin wagt sarp etseň paýhasly bolardy. Hakyky puluň nähili bolýanyny bilseň, galp puly tapawutlandyryp bilersiň. Şonuň ýaly-da haýsy diniň hakykydygyny bilsek, haýsy dinleriň ýalandygyny bileris.
3. Isanyň aýtmagyna görä, Hudaýa ýaramly ýaşamak üçin näme etmeli?
Titus 1:16). Hudaýa ýaramly ýaşamak üçin onuň talaplaryny bilmeli we ýerine ýetirmeli. Isa Mesih Hudaýyň islegini ýerine ýetirmeýänlere «betkärler» diýdi (Matta 7:21—23). Galp puluň hümmeti bolmaýşy ýaly, ýalan diniňem gymmaty ýok. Gaýtam, ol zyýanly.
3 Ýehowanyň isleýşi ýaly sežde etmeli. Köp adamlar ähli din Hudaýa ýaraýandyr öýtse-de, Mukaddes Ýazgylar başgaça öwredýär. Hatda Hudaýa ynanmak hem ýeterlik däl. Pawlus resul şeýle diýdi: «Olar Hudaýy tanaýandyklaryny sözläp, edýän işleri bilen Ony inkär edýär. Olar ýigrenji, söze gulak asmaz bolup, hiç bir oňat işe ýararly däldir» (4. Isa Mesih haýsy iki ýol barada aýtdy we bu ýollar nirä eltýär?
4 Ýehowa her bir adama ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşamaga mümkinçilik berýär. Jennetde ebedi ýaşamak üçin, Hudaýa dogry sežde edip, oňa ýaramly ýaşamaly. Gynansak-da, köp adamlar dogry sežde etmek islemeýär. Şonuň üçinem Isa: «Dar gapydan giriň; çünki heläkçilige getirýän gapy giň, ýol inli, ol gapydan girýänler köpdür. Ýöne ýaşaýşa getirýän gapy dar, ýol insiz, ony tapýanlar azdyr» diýdi (Matta 7:13, 14). Hakyky din ebedi ýaşaýşa, ýalan din bolsa heläkçilige eltýär. Ýehowa hiç kimiň heläk bolmagyny islemeýär, şonuň üçinem özi barada bilmäge ähli adamlara mümkinçilik berýär (2 Petrus 3:9). Biziň gelejegimiz Hudaýa edýän seždämize bagly.
HAKYKY DINI NÄDIP TANAMALY?
5. Hakyky dine uýýanlary nädip tanamaly?
5 «Ýaşaýşa getirýän... ýoly» nädip tanamaly? Isa Mesih dindarlaryň özüni alyp barşyndan hakyky dini Matta 7:16, 17). Başgaça aýdanyňda, hakyky dine uýýanlary olaryň taglymatyndan hem-de özüni alyp barşyndan tanap bolýar. Hak Hudaýyň bikämil gullukçylary ýalňyşsalar-da, Hudaýyň islegini ýerine ýetirmäge jan edýärler. Hakyky dine uýýanlary tanamak üçin, alty sany aýratynlyga seredeliň.
tanap bolýandygyny aýtdy. Isa: «Siz olary miwelerinden tanarsyňyz... Her bir oňat agaç oňat miwe berýändir» diýdi (6, 7. Hudaýyň gullukçylary Mukaddes Ýazgylara nähili garaýar we Isa Mesih nähili görelde galdyrdy?
6 Hudaýyň gullukçylarynyň taglymaty Mukaddes Ýazgylara esaslanýar. Onuň Sözünde şeýle diýilýär: «Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy bolup, Hudaý adamy her bir oňat iş üçin taýyn, kämil bolar ýaly, öwretmek, käýemek, ýola getirmek, dogrulykda terbiýelemek üçin peýdalydyr» (2 Timoteos 3:16, 17). Pawlus resul imandaşlaryna şeýle diýdi: «Siz Hudaýyň sözüni bizden eşidip kabul edeňizde muny adam sözi hökmünde däl-de, hakykatda bolşy ýaly, Hudaýyň sözi hökmünde kabul etdiňiz» (1 Selanikliler 2:13). Görşümiz ýaly, hakyky diniň taglymaty adamlaryň garaýşyna we däp-dessuryna esaslanmaýar. Olaryň taglymaty Hudaýyň Sözüne — Mukaddes Ýazgylara esaslanýar.
7 Isa Mesih Hudaýyň Sözüne esaslanyp, gowy görelde galdyrdy. Ol gökdäki Atasyna doga edende: «Seniň sözüň hakykatdyr» diýdi (Ýahýa 17:17). Isa Mesih Hudaýyň Sözüne ynanýardy we hemişe oňa esaslanyp öwredýärdi. Ol köplenç delil getirende: «Ýazylgydyr» diýýärdi (Matta 4:4, 7, 10). Soňra Ýazgylardan aýat getirip tassyklaýardy. Şonuň ýaly-da Hudaýyň häzirki gullukçylary öz düşünjesini ýaýratmaýar. Olar Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň Sözüdigine berk ynanýarlar, şonuň üçinem diňe Ýazgylara esaslanyp öwredýärler.
8. Ýehowa sežde etmek nämäni aňladýar?
8 Hakyky dine uýýan adamlar diňe Ýehowa Hudaýa sežde edýär hem-de onuň adyny tanadýar. Isa: «Öz Hudaýyň Rebbe sežde et, diňe Oňa gulluk et» diýdi (Matta 4:10). Mesihçiler diňe Ýehowa Hudaýa sežde edýär. Hudaýyň ady we ajaýyp häsiýetleri barada gürrüň bermek hem dogry seždäniň bir görnüşi. Mukaddes Ýazgylarda: «Eý Ýehowa, Rebbimiz! Bütin ýer ýüzünde Seniň adyň nähili dabaraly!» diýilýär (Zebur 8:1). Isa adamlara Hudaýy tanadyp, bize görelde galdyrdy. Ol Ýehowa doga edip şeýle diýdi: «Men dünýäden Maňa beren öz adamlaryňa Seniň adyňy tanatdym» (Ýahýa 17:6). Şu günlerem hak Hudaýyň gullukçylary adamlara onuň ady, niýeti we ajaýyp häsiýetleri barada öwredýär.
9, 10. Mesihçileriň biri-birine bolan söýgüsi nämeden görünýär?
9 Hudaýyň gullukçylary biri-birini ak ýürekden söýýär. Isa: «Biri-biriňize söýgiňiz bolsa, siziň Meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» diýdi (Ýahýa 13:35). Ilkinji mesihçilerem biri-birini şeýle söýýärdi. Söýgi üçin sosial, milli, jyns tapawudy ýok, ol adamlary doganlyk gatnaşygy bilen birleşdirýär (Koloslylar 3:14-i okaň). Ýalan dine uýýan adamlaryň doganlyk söýgüsi ýok. Muny biz nireden bilýäris? Olar milletara we tire-taýpa dawalarda öz imandaşlaryny öldürýär. Mesihçiler doganlaryny ýa-da başga adamlary öldürmek üçin eline ýarag almaýar. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Hudaýyň balalary bilen Iblisiň balalary şundan bellidir: dogrulygy ýerine ýetirmeýän, doganyny söýmeýän adam Hudaýdan däldir... Biri-birimizi söýeliň. Iblisden bolan, öz doganyny öldüren Kabyl ýaly bolmalyň» (1 Ýahýa 3:10—12; 4:20, 21).
Ýewreýler 10:24, 25). Olar dogruçyl ýaşaýar we kyn günde birek-biregi goldaýar. Olar Mukaddes Ýazgylardaky hemmelere «ýagşylyk etmeli» diýen maslahata eýerýärler (Galatýalylar 6:10).
10 Adam öldürmäniň bilen ak ýürekden söýdügiň däl. Mesihçiler adamlara kömek etmek hem-de imandaşlaryny ruhlandyrmak üçin wagtyny, güýjüni we serişdesini gaýgyrmaýar (11. Hudaýyň Isa Mesih arkaly gutulyş berjekdigine näme üçin ynanmaly?
11 Hakyky dine uýýan adamlar Hudaýyň Isa Mesih arkaly gutulyş berjekdigine ynanýarlar. Mukaddes Ýazgylar şeýle diýýär: «Başga hiç kimde gutulyş ýokdur; biz ol arkaly gutular ýaly, gök astynda ynsanlara berlen gaýry at ýokdur» (Resullaryň işleri 4:12). 5-nji bapdan bilşimiz ýaly, Isa gulak asýan adamlar üçin janyny töleg hökmünde gurban etdi (Matta 20:28). Şeýle-de biz Hudaý ony dünýäniň üstünden höküm sürjek gökdäki Patyşalygyň Patyşasy edip belländigini bildik. Hudaý ebedi ýaşamak isleýänlerden, Isa Mesihe gulak asyp, onuň taglymatyna eýermegi talap edýär. Çünki Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ogla iman eden ebedi ýaşar. Ogla iman etmedik ýaşaýyş görmez» (Ýahýa 3:36).
12. Bu dünýäden däl diýmek näme?
12 Hak Hudaýyň gullukçylary bu dünýäden däl. Isa suduň öňünde durka, Rim hökümdary Pilatusa: «Meniň patyşalygym bu dünýäden däl» diýdi (Ýahýa 18:36). Isa Mesihiň hakyky şägirtleri haýsy döwletde ýaşasalar-da, özlerini gökdäki Patyşalygyň raýaty hasaplaýar we bu dünýäniň syýasy işlerinde bitaraplylygy saklaýar. Olar dawalara goşulmaýar. Muňa garamazdan, Ýehowanyň gullukçylary başga adamlara partiýa girmäge we öz kandidaturasyny sese goýmaga ýa-da saýlawa gatnaşmaga päsgel bermeýär. Mesihçiler syýasy işlerde bitarap bolsalar-da, döwlet kanunyna tabyn bolýarlar. Näme üçin? Sebäbi Hudaýyň Sözi «ýokary [döwlet] häkimiýetlere tabyn bolmaga» çagyrýar (Rimliler 13:1). Emma döwlet kanuny Hudaýyň kanunyna garşy gelende, mesihçiler resullaryň göreldesine eýerýär. Olar: «Adamdan zyýada Hudaýa boýun bolmalydyr» diýdiler (Resullaryň işleri 5:29; Markus 12:17).
13. Isa Mesihiň şägirtleri Hudaýyň Patyşalygyna nähili garaýar we olar näme edýär?
Matta 24:14). Isanyň şägirtleri ýer ýüzündäki hökümete däl-de, Hudaýyň Patyşalygyna umyt etmäge çagyrýar, çünki diňe şol Patyşalyk adamzadyň kynçylygyny çözüp biler (Zebur 146:3). Isa pygamber: «Patyşalygyň gelsin; Gökde bolşy ýaly, ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn» diýip, gökdäki hökümet barada doga etmegi öwretdi (Matta 6:10). Mukaddes Ýazgylarda bu Patyşalyk häzirki «patyşalyklaryň ählisini ýumrup ýok eder, özi bolsa ebedi galar» diýen pygamberlik bar (Danyýel 2:44).
13 Isa Mesihiň hakyky şägirtleri Hudaýyň Patyşalygynyň adamzat üçin ýeke-täk umytdygy barada wagyz edýär. Isa Mesih şeýle diýdi: «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler; ahyrzamana şonda geler» (14. Seniň pikiriňçe, haýsy din hakyky?
14 Şulary göz öňünde tutup, özüňe şeýle soraglary ber: haýsy diniň taglymaty Mukaddes Ýazgylara doly esaslanýar? Kimler biri-birini ak ýürekden söýýär we Isa Mesihe iman edýär? Kimler bu dünýäniň işlerine goşulman, Hudaýyň Patyşalygynyň adamzat üçin ýeke-täk umytdygy barada wagyz edýär? Bu şertleri kim ýerine ýetirýär? Elbetde, Ýehowanyň Şaýatlary (Işaýa 43:10—12-nji aýatlary okaň).
SEN NÄME EDERSIŇ?
15. Hudaýyň bardygyna ynanmak ýeterlikmi?
15 Hudaýa ýaramly ýaşamak üçin, oňa ynanmak ýeterlik däl. Çünki Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, jynlaram Hudaýyň bardygyna ynanýar (Ýakup 2:19). Emma Hudaýyň islegini ýerine ýetirmeýänligi üçin, olar Hudaýa ýaramaýar. Hudaýa ýaramly ýaşar ýaly, onuň bardygyna-da ynanmaly, islegini-de ýerine ýetirmeli. Biz ýalan dinden çykyp, hakyky dini kabul etmeli.
16. Ýalan dinde bolsak näme etmeli?
16 Pawlus resul ýalan din bilen hiç hili şärik bolmaly däldigimizi aýtdy. Ol şeýle diýdi: «Reb diýýär: «Munuň üçin olaryň arasyndan çykyň, olardan aýrylyň, murdara galtaşmaň, Men hem sizi kabul ederin» (2 Korinfliler 6:17; Işaýa 52:11). Şol sebäpli mesihçiler ýalan dindäki zatlardan gaça durýar.
17, 18. «Beýik Babyl» näme we näme üçin ondan tizräk çykmaly?
17 Mukaddes Ýazgylarda ýalan dinlere «Beýik Babyl» diýilýär * (Ylham 17:5). Bu at gadymy Babyl şäherini ýatladýar. Ol ýerde Nuhuň tupanyndan soň ýalan din döräpdi. Ýalan diniň köp taglymatlary we däp-dessurlary şol gadymy şäherden gelip çykdy. Meselem, Babylyň ýaşaýjylary troisa sežde edýärdiler. Şu günler bolsa Troisa — köp dinleriň esasy taglymaty. Emma Mukaddes Ýazgylaryň öwretmegine görä, ýeke-täk hak Hudaý — Ýehowa, Isa Mesih bolsa onuň Ogly (Ýahýa 17:3). Babylyň ýaşaýjylary adam ölensoň ýaşaýan we ejir çekýän baky ruhuň bardygyna-da ynanýardylar. Şu günlerem baky ruh we dowzah baradaky taglymat köp dinlerde bar.
18 Babylyň ýalan taglymatlary ýer ýüzüne ýaýransoň, häzirki Beýik Babyl ýalan dinleriň dünýä imperiýasyny aňladýar. Hudaý bu imperiýanyň duýdansyz ýok boljagyny öňünden aýtdy (Ylham 18:8). Beýik Babyla degişli ähli zatdan näme üçin daşlaşmalydygyna indi düşünýäňmi? Ýehowa Hudaý heniz wagt barka, seniň ýalan dinden tizräk çykmagyňy isleýär (Ylham 18:4).
19. Ýehowa gulluk etseň, saňa nähili peýda getirer?
19 Käbir adamlar ýalan dinden çykýanyňy bilip, seniň bilen gatnaşygyny kesmegi mümkin. Emma sen Ýehowanyň halky bilen oňa gulluk etseň, ýitirjek zadyňdan tapjak zadyň köp bolar. Ähli zadyny taşlap Isanyň yzyna düşen ilkinji şägirtler ýaly, köp ruhy dogandyr uýa taparsyň. Sen biri-birini söýýän millionlarça mesihçileriň bütindünýä maşgalasynyň agzasy bolup bilersiň. Şeýle-de «geljek döwürde» ebedi ýaşamaga umydyň bolar (Markus 10:28—30-njy aýatlary okaň). Seniň bu dini düşünjäň üçin gatnaşygyny kesen adam, wagtyň geçmegi bilen Mukaddes Ýazgylaryň taglymaty bilen gyzyklanyp, Ýehowanyň gullukçysy bolmagy mümkin.
20. Hakyky dindäki adamlara näme garaşýar?
20 Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň zalym dünýäni tizden ýok edip, Patyşalygy arkaly täze dünýäni berkarar etjegi aýdylýar (2 Petrus 3:9, 13). Şonda durmuş gör, nähili ajaýyp bolar! Ýer ýüzünde Hudaýa ýaraýan ýeke-täk hakyky din bolar. Häzirden başlap, hak Hudaýyň gullukçylaryna goşulsaň paýhasly bolmazmy?
^ abzas 17 Beýik Babyla — ýalan diniň dünýä imperiýasy diýilmeginiň sebäbini, 219, 220-nji sahypalardaky Goşmaça maglumatdan giňişleýin bilip bolar.