Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

12-NJI BAP

Hudaýy begendirip ýaşa

Hudaýy begendirip ýaşa
  • Sen nädip Hudaýyň dosty bolup bilersiň?

  • Şeýtanyň orta atan jedelli meselesi saňa nähili täsir edýär?

  • Ýehowa nähili gylyk-häsiýetler ýaramaýar?

  • Hudaýa ýaramly ýaşamak üçin näme etmeli?

1, 2. Ýehowa kimlere dostum diýdi?

SENIŇ nähili adam bilen dostlaşasyň gelýär? Megerem, seniň bilen pikirdeş, saňa düşünýän adam bilen dostlaşardyň. Saňa gowy häsiýetli, dogruçyl we mähirli adam ýaraýandyr.

2 Taryhda Hudaýyň dosty bolan adamlar bolupdy. Meselem, Ýehowa Ybraýyma «dostum» diýdi (Işaýa 41:8; Ýakup 2:23-nji aýatlary okaň). Hudaý Dawut barada «ýüregime laýyk bir adam» diýdi, sebäbi ol Ýehowanyň söýýän adamlaryndandy (Resullaryň işleri 13:22). Danyýel pygambere bolsa, Ýehowanyň perişdesi: «Hudaý seni juda gowy görýär» diýdi (Danyýel 9:23).

3. Ýehowa nähili adamlar bilen dostlaşýar?

3 Ýehowa Ybraýymy, Dawudy hem-de Danyýeli näme üçin dosty hasaplady? Hudaý Ybraýyma: «Sen meniň sözüme gulak asdyň» diýdi (Gelip çykyş 22:18). Görşümiz ýaly, Ýehowa gulak asýan pesgöwünli adamlar bilen dostlaşýar. Hudaý ysraýyllylara: «Meniň sözüme gulak assaňyz, Men siziň Hudaýyňyz bolaryn, sizem Meniň halkym bolarsyňyz» diýdi (Ýermeýa 7:23). Eger Ýehowa gulak assaň, senem onuň dosty bolup bilersiň.

ÝEHOWA DOSTLARYNY GOLDAÝAR

4, 5. Ýehowa gullukçylaryny nädip goldaýar?

4 Hudaý bilen dostlaşmagyň nähili gowudygyny bilýäňmi? Mukaddes Ýazgylar Ýehowa «özüne wepaly adamlary goldaýar» diýýär (2 Ýyl ýazgylary 16:9). Ýehowa seni nädip goldap biler? Zebur 32:8-de: «Saňa görkezme bererin, ýörejek ýoluňy öwrederin; gözüm sende bolar» diýilýär.

5 Ýehowa gör, nähili mähirli hem aladaçyl! Ol seni dogry ýola gönükdirer we ondan ýöremäge-de kömek eder. Hudaý kyn günleriňde we synaglaryňda saňa goldaw bermek isleýär (Zebur 55:22-ni okaň). Şonuň üçin Ýehowa wepaly gulluk etseň, sende-de: «Men Rebbi mydama gözümiň alnynda görýärin; Onuň sagymdalygy üçin gymyldamaryn» diýen, mezmurçynyňky ýaly berk ynam bolar (Zebur 16:8; 63:8). Ýehowa saňa öz islegine laýyk ýaşamaga kömek eder. Emma Hudaýyň duşmany dogry ýaşamagyňy islemeýär.

ŞEÝTAN TÖHMET ATÝAR

6. Şeýtan adamlary nämede günäkärledi?

6 11-nji bapdan bilşimiz ýaly, Şeýtan Iblis Ýehowanyň hökümdarlyk etmäge haklydygyny şübhä goýdy. Şeýtan Hudaýa töhmet atyp, ýagşyny we ýamany Adam ata bilen How enäniň özlerine çözdürmän, Ýehowa adalatsyzlyk edýär diýmekçi boldy. Adam ata bilen How ene günä edip, ýer ýüzünde olaryň nesli ýaşap başlanda, Şeýtan hemme adamlaryň wepalylygyny şübhä goýdy. Şeýtan: «Adamlar Hudaýy söýýändigi üçin gulluk etmeýär. Meniň ygtyýarymda bolsa, islendik adamy Hudaýdan daşlaşdyrardym» diýdi. Şeýtanyň şeýle pikir edýändigini Eýýubyň durmuşy görkezýär. Eýýup kim? Ol jedelli meselä nädip düşdi?

7, 8. a) Eýýup öz döwründäki adamlardan nämede tapawutlanýardy? b) Şeýtan Eýýubyň wepalylygyny nädip şübhä goýdy?

7 Eýýup pygamber 3 600 ýyl mundan öň ýaşapdy. Ol dogry adamdy. Ýehowa ol barada: «Ýer ýüzünde Eýýup ýaly wepaly, adalatly, hudaýhon we erbetlikden gaça durýan adam ýokdur» diýdi (Eýýup 1:8). Eýýup Hudaýy begendirip ýaşaýardy.

8 Şeýtan Eýýubyň wepalylygyny şübhä goýdy. Iblis Ýehowa: «Eýýuby, onuň öýüni we ähli zadyny goraýan Sen dälmi? Onuň elleriniň işini Sen bereketlediň, onuň mallary-da köpelýär; emma eliňi uzat-da, onuň ähli zadyna degip gör, Saňa gargamazmy?» diýdi (Eýýup 1:10, 11).

9. Ýehowa Şeýtanyň töhmetine nädip jogap berdi we näme üçin?

9 Şeýtan Eýýubyň bir zat tamakin bolup Hudaýa gulluk edýändigini aýtdy. Üstesine-de, Iblis Eýýuby synaga salsaň, Hudaýdan ýüz öwrer diýdi. Ýehowa Şeýtanyň töhmetine nädip jogap berdi? Bu mesele Eýýubyň wepalylygyna degişlidi, şonuň üçin Hudaý gullukçysyny synamaga Şeýtana ýol berdi. Şeýlelikde, Eýýubyň, hakykatdan-da, Hudaýy söýýändigi aýan bolmalydy.

EÝÝUP SYNALÝAR

10. Eýýubyň başyna nähili synaglar düşdi we ol näme etdi?

10 Şeýtan Eýýuby agyr synaga saldy. Onuň mal-mülküniň köpüsi ogurlandy, galany bolsa ýok edildi. Hyzmatkärleriniň hem köpüsi öldi. Şeýdip, Eýýup bar zadyndan mahrum boldy. Soňra ýene-de bir elhenç waka boldy, ýagny güýçli ýel turanda, onuň on çagasy heläk boldy. Bu betbagtçylyklara garamazdan, «Eýýup günä etmedi we Hudaýa garşy bir sözem aýtmady» (Eýýup 1:22).

11. a) Şeýtan Eýýuby ýene nämede aýyplady we Ýehowa muňa nähili jogap berdi? b) Eýýup kesele nädip döz geldi?

11 Ýöne Şeýtan şonda-da el çekmedi. Ol: «Eýýup ähli ýitgisine kaýyl bolsa-da, hyzmatkärleriniň we çagalarynyň ölümine döz gelse-de, kesele sezewar etsek, Hudaýdan ýüz öwrer» diýip, pikir eden bolmaly. Ýehowa Eýýuby agyr kesele duçar etmäge Şeýtana ýol berdi. Hatda şeýle keselem Eýýubyň imanyny gowşatmady. Gaýtam, ol: «Ölýänçem wepaly galaryn» diýdi (Eýýup 27:5).

Eýýup wepalylygy üçin sylaglandy

12. Eýýup Şeýtanyň ýalançydygyny nädip subut etdi?

12 Eýýup bu betbagtçylyklaryň Şeýtandandygyny bilenokdy. Onuň jedelli meseleden habary ýokdy we betbagtçylyklary Hudaýdan görýärdi (Eýýup 6:4; 16:11—14). Şonda-da ol Hudaýa wepaly galyp, Şeýtanyň ýalançydygyny subut etdi. Eýýubyň Hudaýa ýürekden gulluk edýäni aýdyň boldy.

13. Eýýup wepaly galyp näme etdi?

13 Eýýup wepaly galyp, Şeýtanyň atan töhmetine berk jogap berdi. Eýýup Ýehowanyň hakyky dostudy, Hudaý hem ony wepalylygy üçin sylaglady (Eýýup 42:12—17).

JEDELLI MESELE SAŇA NÄHILI TÄSIR EDÝÄR?

14, 15. Şeýtanyň töhmeti näme üçin diňe bir Eýýuba däl-de, hemme adamlara degişli?

14 Şeýtanyň wepalylyk baradaky meselesi diňe Eýýuba degişli däldi. Ol saňa-da degişli. Bu Süleýmanyň tymsallary 27:11-däki sözlerden görünýär. Ol ýerde şeýle diýilýär: «Oglum, men özüme gyjalat berýäne bir söz gaýtarar ýaly, akyldar bol-da, ýüregimi şatlandyr». Bu sözler Eýýup ölensoň ýüzlerçe ýyl geçende ýazyldy. Diýmek, Şeýtan Hudaýa gyjalat bermegini, onuň gullukçylaryna bolsa töhmet atmagyny dowam edýär. Bizem Hudaýa ýaramly ýaşasak, Şeýtanyň töhmetine jogap berip, Ýehowanyň ýüregini şatlandyrarys. Bu sende nähili duýgy döredýär? Iblisiň töhmetine jogap bermek üçin durmuşyňy üýtgetmeli bolsa-da, munuň uly hormatdygyny bil!

15 Şeýtan: «Adam öz jany üçin hemme zatdan geçer» diýdi (Eýýup 2:4). Şeýtan «adam» diýip, diňe Eýýuby däl-de, eýsem hemme adamlary göz öňüne tutdy. Muny ýatda saklamaly, sebäbi Şeýtan seniňem wepalylygyňy şübhä goýdy. Iblis seniň kynçylykdan ýaňa, Hudaýa gulak asman dogry ýoly taşlamagyňy isleýär. Şeýtan maksadyna ýetmek üçin nämeler edýär?

16. a) Şeýtan adamlary Hudaýdan nädip daşlaşdyrýar? b) Iblis saňa nädip päsgel berer?

16 10-njy bapdan bilşimiz ýaly, Şeýtan adamlary dürli ýollar bilen Hudaýdan daşlaşdyrýar. Onuň «arlaýjy arslan kimin ýuwutjagyny agtaryp» topulmagy mümkin (1 Petrus 5:8). Bu, esasanam, dostlaryň, dogan-garyndaşlaryň ýa-da başga adamlar Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge we onuň prinsiplerini durmuşda ulanmaga saňa päsgel berende görünýär * (Ýahýa 15:19, 20). Mundan başga-da, Şeýtan «nur perişdesiniň keşbine girýär» (2 Korinfliler 11:14). Şeýle ýagdaýda ol mekirlik bilen seni aldap, dogry ýoly taşlatjak bolýar. Onsoňam, tapdan düşeňde Hudaýa gulluk etmäge mynasyp däldirin diýen pikir döredýär (Süleýmanyň tymsallary 24:10). Şeýtan «arlaýjy arslan kimin» hereket etse-de, «nur perişdesi» ýaly hereket etse-de, maksady bir. Sen synaga düşeňde Hudaýa gulluk etmejekdigiňi Şeýtan subut etjek bolýar. Eýýupdan görelde alyp, Şeýtanyň töhmetine nädip jogap berersiň hem-de Ýehowa wepalydygyňy nädip subut edersiň?

ÝEHOWANYŇ TABŞYRYKLARYNY BERJAÝ ET

17. Ýehowanyň tabşyryklaryny berjaý etmäge, esasan, näme höweslendirmeli?

17 Sen Hudaýyň isleýşi ýaly ýaşasaň, Şeýtanyň töhmetine jogap berip bilersiň. Onuň üçin näme etmeli? Mukaddes Ýazgylar: «Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin güýjüň bilen söý» diýýär (Kanun taglymaty 6:5). Hudaýa bolan söýgiň artdygyça, oňa gulluk etmek islegiňem artar. Ýahýa resul: «Çünki Hudaýyň söýgüsi Onuň buýruklaryny berjaý etmekdir, Onuň buýruklary bolsa agyr däldir» diýip ýazdy (1 Ýahýa 5:3).

18, 19. a) Ýehowanyň käbir tabşyryklary haýsylar? ( 122-nji sahypadaky çarçuwa seret). b) Güýjümizden artyk zady Hudaýyň talap etmejegini nireden bilýäris?

18 Ýehowanyň tabşyryklaryna nämeler degişli? Tabşyryklaryň käbiri biziň etmeli däl zatlarymyzy görkezýär. 122-nji sahypadaky « Ýehowanyň ýigrenýän işlerinden gaça dur» diýen çarçuwa üns berseň, Mukaddes Ýazgylarda nähili işleriň ýazgarylýandygyny görersiň. Olaryň käbiri erbet däl ýaly bolup hem görner. Emma Mukaddes Ýazgylardaky aýatlaryň üstünde oýlansaň, Ýehowanyň kanunynda akyldarlyk bardygyny görersiň. Durmuşyňy üýtgetmek ýeňil düşmez, gaýtam, seniň üçin agyr synag bolmagy hem mümkin. Emma Hudaýyň isleýşi ýaly dogry ýaşasaň, bagtly boljakdygyňy unutma (Işaýa 48:17, 18). Hudaýyň islegini ýerine ýetirip bolýar. Muny nireden bilýäris?

19 Ýehowa güýjümizden artyk zady talap etmeýär (Kanun taglymaty 30:11—14-nji aýatlary okaň). Ol mümkinçiligimiziň çäklidigini özümizdenem gowy bilýär (Zebur 103:14). Mundan başga-da talaplaryny ýerine ýetirmäge Ýehowa bize güýç berer. Pawlus resul şeýle ýazdy: «Hudaý dogruçyldyr, Ol size güýjünden öte synalmagyňyza ýol bermän, döz gelip bilmegiňiz üçin, synag bilen bilelikde çykalga-da açar» (1 Korinfliler 10:13). Hemme zada döz gelip biler ýaly, Ýehowa saňa «iň üstün gudrat» berer (2 Korinfliler 4:7). Köp synaglary başdan geçiren Pawlus ynam bilen: «Özümi güýçlendirýän Mesih arkaly her zady etmegi başarýaryn» diýdi (Filipililer 4:13).

HUDAÝA ÝARAÝAN HÄSIÝETLERI ÖSDÜR

20. Hudaýa ýaraýan nähili häsiýetleri ösdürmeli we näme üçin?

20 Ýöne Ýehowanyň ýigrenýän zatlaryndan gaça durmak ýeterlik däl. Hudaýy begendirmek üçin, onuň söýýän zatlaryny söýmeli (Rimliler 12:9). Seniň bilen pikirdeş, saňa düşünýän adam bilen dostlaşasyň gelmezmi? Ýehowa-da şonuň ýaly. Şonuň üçin onuň gowy görýän zatlaryny söýjek bol. Onuň gowy görýän zatlary Zebur kitabynyň 15-nji babynda aýdylýar (Zebur 15:1—5-nji aýatlary okaň). Şol aýatlar Hudaý bilen nädip dostlaşyp bolýandygyny görkezýär. Ýehowanyň dostlary Mukaddes Ýazgylarda agzalýan «ruhuň miwesini» ösdürýär. Ruhuň miwesi şulardan ybarat: «Söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk, ýumşaklyk we nebsiňe buýurmaklykdyr» (Galatýalylar 5:22, 23).

21. Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürmäge näme kömek eder?

21 Mukaddes Ýazgylary her gün okasaň hem-de öwrenseň Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürip bilersiň. Hudaýyň talaplaryny bilseň, onuň garaýşy ýaly garamagy öwrenersiň (Işaýa 30:20, 21). Ýehowa bolan söýgiň artdygyça, dogry ýaşap ony begendirersiň.

22. Hudaýa ýaramly ýaşaýyş saňa näme getirer?

22 Ýehowa ýaramly ýaşamak üçin tagalla etmeli. Mukaddes Ýazgylarda durmuşyňy özgertmek, köne ýaradylyşy egniňden çykaryp, täze ýaradylyşy geýmek bilen deňeşdirilýär (Koloslylar 3:9, 10). Ýehowanyň tabşyrygy barada mezmurçy şeýle ýazdy: «Olary saklamakda uly sylag bardyr» (Zebur 19:11). Hudaýa ýaramly ýaşasaň, bol bereket getirýändigine senem göz ýetirip bilersiň. Şeýdip, sen Şeýtanyň töhmetine jogap berersiň we Ýehowanyň ýüregini begendirersiň!

^ abzas 16 Ýöne Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge saňa päsgel berýän adamlar, Iblisiň diýenini edýändigini aňlatmaýar. Emma Şeýtan bu dünýäniň taňrysy, dünýä hem onuň gol astynda (2 Korinfliler 4:4; 1 Ýahýa 5:19). Şonuň üçin bu dünýäde Hudaýyň isleýşi ýaly ýaşasaň, käbir adamlaryň halamajagy we saňa dogry hereket etmäge päsgel berjegi geň däl.