Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

5-NJI BAP

Töleg —Hudaýyň iň uly sowgady

Töleg —Hudaýyň iň uly sowgady
  • Töleg näme?

  • Hudaý töleg tölemek üçin näme etdi?

  • Tölegiň saňa nähili peýdasy bar?

  • Sen tölegi gymmat saýýandygyňy nädip görkezip bilersiň?

1, 2. a) Seniň üçin nähili sowgat iň gymmatly? b) Töleg näme üçin iň gymmatly sowgat?

SENIŇ üçin nähili sowgat iň gymmatly? Onuň bahasynyň gymmat bolmagy hökman däl, çünki gymmatlyk hemişe pul bilen kesgitlenilmeýär. Begendirýän ýa-da, hakykatdan-da, gerekli zada has gymmatly sowgat diýse bolar.

2 Ençeme sowgatlaryň içinde iň gymmatly bir sowgat bar. Ol Hudaýyň sowgady. Ýehowanyň bize beren sowgady kän, emma olaryň iň ulusy — onuň Ogly Isa Mesihiň töleg gurbany (Matta 20:28-i okaň). Şu bapdan töleg gurbanynyň iň uly sowgatdygyny bileris, çünki ol seni begendirer we ol, hakykatdan-da, saňa gerek. Ýehowa seni söýýändigini has hem töleg arkaly äşgär etdi.

TÖLEG NÄME?

3. Töleg näme we onuň gymmatlydygyny bilmek üçin nämä düşünmeli?

3 Ýönekeý dil bilen aýdanyňda, töleg — Ýehowanyň adamlary günäden we ölümden azat etmek ýa-da halas etmek üçin ulanan zady (Efesliler 1:8). Mukaddes Ýazgylaryň bu taglymatyna doly düşünmek üçin, Erem bagynda bolan wakany ýada salmaly. Eger Adam ata günä edende näme ýitirendigine düşünsek, tölegiň gymmatlydygyny bileris.

4. Kämil Adam ata nähili gelejek garaşýardy?

4 Ýehowa ynsany ýaradanda, oňa gymmatly zat, ýagny kämil ýaşaýyş berdi. Adam ata ajaýyp gelejek garaşýardy! Ilkinji ynsanyň kämil bedeni we kämil akyly bolany üçin, ol hiç haçan kesellemeli, garramaly we ölmeli däldi. Adam ata kämil bolany üçin, Ýehowa bilen ýakyn gatnaşykdady. Olar ataly-ogul ýalydy, çünki Injilde Adam ata «Hudaýyň ogly» diýilýär (Luka 3:38). Ýehowa ýerdäki ogly Adam ata bilen gürleşýärdi, oňa gyzykly ýumuşlar tabşyrýardy, ondan nämä garaşýandygyny düşündirýärdi (Gelip çykyş 1:28—30; 2:16, 17).

5. Adam ata Hudaýyň keşbinde ýaradyldy diýmek nämäni aňladýar?

5 Hudaý Adam atany «öz keşbinde» ýaratdy (Gelip çykyş 1:27). Beýle diýsek, onuň daş keşbiniň Hudaýa meňzeşdigini aňlatmaýar. Birinji bapdan Ýehowanyň göze görünmeýän ruhdugyny bildik (Ýahýa 4:24). Şonuň üçin onuň göze görünýän bedeni ýok. Hudaýyň keşbinde ýaradyldy diýmek, ynsanda söýgi, akyldarlyk, adalatlyk we güýç ýaly, Hudaýyň häsiýetleriniň bardygyny aňladýar. Adam atanyň Hudaýa meňzemeginiň ýene bir sebäbi — ol erkindi. Şol sebäpli Adam ata erkin hereket edip bilmeýän robotlar ýaly däldi. Gaýtam, ol ýagşyny we ýamany saýgaryp, özi karara gelip bilýärdi. Eger-de ol Hudaýa gulak asan bolsa, ýer ýüzündäki Jennetde ebedi ýaşardy.

6. Adam ata Hudaýa gulak asmanlygy üçin nämeden mahrum boldy we bu onuň nesline nähili täsir etdi?

6 Adam atanyň gulak asmazlygy gymmat düşdi, oňa ölüm jezasy berildi. Ol günä edeni üçin, kämil ýaşaýyşdan we ähli bereketlerden mahrum boldy (Gelip çykyş 3:17—19). Gynansak-da, Adam ata diňe özüniň däl-de, geljekki nesliniň hem gymmatly ýaşaýşyny ýitirdi. Hudaýyň Sözünde şeýle diýilýär: «Bir adam [Adam ata] arkaly günäniň we günä arkaly ölümiň dünýä girişi ýaly, ölüm hem ähli adamlara geçdi; çünki hemmesi günä etdi» (Rimliler 5:12). Hawa, biziň hemmämiz Adam atadan günäni miras aldyk. Şonuň üçin Mukaddes Ýazgylarda ol özüni we neslini günäniň gulçulygyna «satdy» diýilýär (Rimliler 7:14). Adam ata bilen How ene gelejege bolan umydyny ýitirdiler, sebäbi olar bilgeşleýin günä etdiler. Emma olaryň nesli, ýagny biz barada näme diýse bolar?

7, 8. Haýsy iki zat töleg sözüniň manysyny düşündirýär?

7 Ýehowa adamzady töleg arkaly halas etmekçi bolýar. Töleg näme? Bu sözüň manysyny iki zat düşündirýär. Birinjiden, töleg — bu bir adamy tussagdan boşatmak ýa-da girewi yzyna almak üçin berilýän baha. Ony bir ýesiri boşatmak üçin berilýän baha bilen deňeşdirseň bolar. Ikinjiden, töleg — bu bir zat üçin tölenilýän baha. Muny ýitginiň öwezini dolmak bilen deňeşdirse bolar. Mysal üçin, bir adam awariýada günäkär bolsa, ol ýetiren zyýanynyň öwezini dolýan baha tölemeli bolýar.

8 Adam atanyň ählimize ýetiren uly zyýanynyň öwezini dolup, adamlary günäniň we ölümiň gulçulygyndan nädip azat edip bolar? Gel, Ýehowanyň töleg tölemek üçin näme edenini we onuň bize nähili peýdasynyň bardygyny bileli.

ÝEHOWA TÖLEG TÖLEMEK ÜÇIN NÄME ETDI?

9. Töleg nähili talaba laýyk gelmeli?

9 Adam atanyň ýitiren kämil janynyň öwezini, hiç bir bikämil adam öz janyny berip dolup bilmeýär, sebäbi munuň üçin kämil jan gerekdi. Muny adalatly prinsip talap edýär (Zebur 49:7, 8). Hudaýyň Sözünde adalatly töleg hakda: «Jan deregine jan» bermeli diýilýär (Kanun taglymaty 19:21). Adam atanyň ýitiren kämil janynyň deregine töleg hökmünde näme berip bolar? «Töleg hökmünde» ýene bir kämil jan gerekdi (1 Timoteos 2:6).

10. Ýehowa töleg tölemek üçin näme etdi?

10 Ýehowa töleg tölemek üçin näme etdi? Ol kämil ruhy ogullarynyň birini, ýagny iň eziz Ogluny saýlap, ýer ýüzüne iberdi. Ol onuň ýalňyz Ogludy (1 Ýahýa 4:9, 10-njy aýatlary okaň). Ogly gökdäki öýüni goýup gaýtmaga razy boldy (Filipililer 2:7). Öňki bapdan bilşimiz ýaly, Ýehowa mukaddes ruhy arkaly gudrat bilen Oglunyň janyny Merýemiň göwresine geçirdi. Isa kämil adam bolup doguldy we günäden azatdy (Luka 1:35).

Ýehowa ýalňyz Ogluny biziň üçin töleg hökmünde berdi

11. Bir adam köp adamy nädip satyn alyp bildi?

11 Bir adam köp adamy nädip satyn alyp biler? Millionlarça adam nädip günäli bolduka? Ýadyňa düşýän bolsa, Adam ata günä edip, gymmatly kämil janyny ýitiripdi. Şonuň üçin ol kämilligi nesline berip bilmedi. Ol nesline diňe günädir ölüm berdi. Injilde «soňky Adam» diýip atlandyrylýan Isa Mesihiň kämil jany bardy, ol hiç hili günä etmedi (1 Korinfliler 15:45). Ol bizi halas etmek üçin, Adam atanyň ornuny eýeledi diýse bolar. Isa Mesih Hudaýa doly gulak asyp we öz kämil janyny gurban edip, Adam atanyň günäsi üçin töleg töledi. Şeýdip, Isa Mesih Adam atanyň nesline umyt berdi (Rimliler 5:19; 1 Korinfliler 15:21, 22).

12. Isa görgi görüp nämäni subut etdi?

12 Mukaddes Ýazgylar Isanyň ölmänkä gören görgülerini giňişleýin beýan edýär. Ol rehimsiz gamçylandy, zalymlyk bilen pürse çüýlendi we sütemli ölümi başdan geçirdi (Ýahýa 19:1, 16—18, 30; 204—206-njy sahypalardaky Goşmaça maglumat). Isa bu zatlary näme üçin başdan geçirmelidi? Şeýtan adamlaryň synagda Hudaýa wepaly galjagyny şübhä goýdy. Bu barada indiki baplaryň birinden giňişleýin bileris. Isa Mesih gören görgüsine garamazdan Ýehowa wepaly galyp, Şeýtana gutarnykly jogap berdi. Ol Iblisiň hilelerine garamazdan, erkin kämil adamyň Hudaýa wepaly galyp bilýändigini subut etdi. Eziz Oglunyň wepaly galanyna, Hudaý gör, nähili begenendir! (Süleýmanyň tymsallary 27:11).

13. Töleg nädip tölendi?

13 Töleg nädip tölendi? B. e. 33-nji ýylynda ýehudylaryň nisan aýynyň 14-ine, Ýehowa kämil we günäsiz Oglunyň öldürilmegine ýol berdi. Şeýdip, Isa Mesih kämil janyny «bir gezekde» hemişelik gurban etdi (Ýewreýler 10:10). Ýehowa Ogly ölenden soň üçünji güni, ony ruhy şahsyýet hökmünde direltdi. Isa Adam atanyň neslini günäniň we ölümiň gulçulygyndan boşatmak üçin, töleg hökmünde beren kämil janynyň bahasyny gökde Hudaýa hödürledi (Ýewreýler 9:24). Ýehowa Isa Mesihiň töleg gurbanynyň bahasyny kabul etdi (Rimliler 3:23, 24-nji aýatlary okaň).

TÖLEGIŇ SAŇA NÄHILI PEÝDASY BAR?

14, 15. «Günäleriň ötülmegi» üçin biz näme etmeli?

14 Biz günäli bolsak-da, töleg arkaly köp peýda taparys. Hudaýyň bu uly sowgadynyň häzir we gelejekde berjek peýdalarynyň käbirlerine seredeliň.

15 Günäleriň ötülmegi. Bikämil bolanymyz üçin, dogry iş etmek bize her gezek kyn düşýär. Biziň hemmämiz sözde-de, hereketimizde-de günä edýäris. Ýöne Isa Mesihiň töleg gurbany arkaly «günälerimiz ötüler» (Koloslylar 1:13, 14). Emma munuň üçin ýürekden toba etmeli we Ýehowadan Oglunyň töleg gurbany esasynda günämizi ötmegini pesgöwünli soramaly (1 Ýahýa 1:8, 9-nji aýatlary okaň).

16. Näme arkaly Hudaýa arassa ynsap bilen ýakynlaşyp bileris we arassa ynsap bize näme berýär?

16 Hudaýyň öňünde arassa ynsap. Eger-de ynsabymyz arassa bolmasa, onda ruhdan düşüp, özümizi dereksiz duýarys. Emma kämil bolmasak-da, Ýehowanyň beren töleg gurbany arkaly, biz oňa arassa ynsap bilen gulluk edip bileris (Ýewreýler 9:13, 14). Şol sebäpli biz Ýehowa dogada arkaýyn we açyk ýüzlenip bilýäris (Ýewreýler 4:14—16). Arassa ynsap kalbymyza rahatlyk berýär, mertebäňi saklaýar we bagtly edýär.

17. Isanyň ölümi arkaly bize nähili gelejek garaşýar?

17 Ýer ýüzündäki Jennetde ebedi ýaşaýyş. Rimliler 6:23-de: «Günäniň haky ölümdir» diýilýär. Soňra şol aýatda: «Hudaýyň sylagy bolsa, Mesih Isada ebedi ýaşaýyşdyr» diýilýär. Şu kitabyň 3-nji babynda ýer ýüzündäki Jennetde ýaşaýşyň nähili ajaýyp boljakdygyny bildik (Ylham 21:3, 4). Isanyň ölümi arkaly gelejekde bereketler, şol sanda ebedi ýaşaýyş we kämil saglyk bolar. Bu bereketleri almak üçin, töleg gurbanyny gymmatly saýýandygymyzy görkezmeli.

SEN TÖLEGI GYMMAT SAÝÝANDYGYŇY NÄDIP GÖRKEZIP BILERSIŇ?

18. Biz töleg üçin Ýehowa minnetdar bolmalymy? Düşündir.

18 Biz töleg üçin Ýehowa minnetdar bolmalymy? Sowgat beren adamyň wagtyny, güýjüni we serişdesini gaýgyrmandygyny bilenimizde, sowgat biziň üçin has-da gymmatly bolýar. Şeýle sowgat onuň ýürekden söýýändigini görkezýär. Töleg iň gymmatly sowgat, sebäbi bu Hudaýyň iň uly pidasy. Ýahýa 3:16-da şeýle diýilýär: «Hudaý dünýädäki adamlary güýçli söýýändigi üçin özüniň ýeke-täk Ogluny berdi». Töleg — Hudaýyň adamlary söýýändiginiň uly subutnamasy. Bu sowgat Isa Mesihiň hem söýýändigini subut edýär, çünki ol biziň üçin özüni gurban etmäge razy boldy (Ýahýa 15:13-i okaň). Töleg Ýehowa bilen Isa Mesihiň biziň her birimizi aýratynlykda söýýändigini görkezýär (Galatýalylar 2:20).

Ýehowanyň sowgadyny, ýagny tölegi gymmat saýýandygyňy görkezmek üçin ol barada köpräk bilmeli

19, 20. Sen tölegi gymmat saýýandygyňy nädip görkezip bilersiň?

19 Hudaýyň sowgadyny, ýagny tölegi gymmat saýýandygyňy nädip görkezip bilersiň? Ilki bilen, Beýik Sowgat Beriji Ýehowa barada köpräk biljek bol (Ýahýa 17:3). Ol barada şu kitap arkaly Mukaddes Ýazgylary öwrenseň bilersiň. Ýehowa barada näçe köp bilseň, şonça-da oňa söýgiň artar. Hudaýa bolan söýgi bolsa, her zatda ony begendirmäge höweslendirer (1 Ýahýa 5:3).

20 Isanyň töleg gurbanyna iman et. Isa barada şeýle diýilýär: «Ogla iman eden ebedi ýaşar» (Ýahýa 3:36). Isa Mesihe iman edýändigimizi nädip görkezmeli? Söz bilen aýdanyň ýeterlik däl, sebäbi Ýakup 2:26-da «iman hem amallar bolmasa ölüdir» diýilýär. Hawa, hakyky iman iş ýüzünde görkezilýär. Isa Mesihe iman etmegiň bir usuly, diňe bir sözde däl-de, iş ýüzünde-de onuň göreldesine eýermekdir (Ýahýa 13:15).

21, 22. a) Biz Halypamyzyň agşam naharyna näme üçin gatnaşmaly? b) Indiki baplardan näme bileris?

21 Halypamyzyň agşam naharyna gatnaş. B. e. 33-nji ýylynda nisan aýynyň 14-i agşamy Isa aýratyn bir baýramçylyk bellemegi tabşyrdy. Mukaddes Ýazgylarda oňa «Halypamyzyň agşam nahary» diýilýär (1 Korinfliler 11:20; Matta 26:26—28). Oňa Isa Mesihiň ölüminiň ýatlama agşamy hem diýilýär. Isa kämil ynsan hökmünde ölüp, janyny töleg üçin berendigini resullary hem-de ähli hakyky mesihçiler ýatlar ýaly, agşam nahary bellemegi tabşyrdy. Isa agşam naharyny: «Meni ýada salmak üçin berjaý ediň» diýdi (Luka 22:19). Her ýylda geçirilýän bu duşuşyk, Ýehowa bilen Isanyň uly söýgüsini ýada salýar. Isa Mesihiň ölüminiň ýatlama agşamyna gatnaşsak, tölegi gymmat saýýandygymyzy görkezeris *.

22 Ýehowanyň beren tölegi, hakykatdanam, iň gymmat sowgat (2 Korinfliler 9:14, 15). Bu sowgat ölen adamlara-da peýda getirer. Bu barada indiki baplardan bileris.

^ abzas 21 Halypamyzyň agşam nahary barada 206—208-nji sahypalardaky Goşmaça maglumatda giňişleýin düşündirilýär.