Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

2-NJI BAP

Mukaddes Ýazgylar — Hudaýyň kitaby

Mukaddes Ýazgylar — Hudaýyň kitaby
  • Mukaddes Ýazgylar başga kitaplardan nämede tapawutlanýar?

  • Mukaddes Ýazgylar kynçylyklary ýeňmäge nädip kömek edýär?

  • Mukaddes Ýazgylardaky pygamberliklere näme üçin ynansa bolar?

1, 2. Mukaddes Ýazgylara näme üçin Hudaýyň täsin sowgady diýse bolar?

SEN ýakyn dostuňdan üýtgeşik sowgat alyp görüpmidiň? Alan bolsaň, onda sowgat seni juda begendirendir we göwnüňi göterendir. Bu sowgat, dostuň seni gowy görýändigini görkezýär. Elbetde, sen onuň ýürekden beren sowgadyna minnetdarlyk aýdansyň.

2 Mukaddes Ýazgylar — Hudaýyň gymmatly sowgady. Bu täsin kitap başga hiç ýerden bilip bolmaýan zatlary aýan edýär. Meselem, onda gökdäki ýyldyzlaryň, Ýeriň we ilkinji ynsanyň ýaradylyşy barada gürrüň berilýär. Mukaddes Ýazgylarda kynçylyklarymyzy we aladalarymyzy çözmäge kömek edýän üýtgemeýän prinsipler bar. Onda Hudaýyň niýetini nädip amala aşyrjagy we ýer ýüzündäki durmuşy nädip gowulandyrjagy barada aýdylýar. Hawa, Mukaddes Ýazgylar — täsin sowgat!

3. Ýehowanyň bize Mukaddes Ýazgylary bermeginden, ol hakda näme bilýäris we bu näme üçin göwnümizi göterýär?

3 Şeýle-de bu sowgat göwnüňi göterýär. Onda sowgat beren Ýehowa Hudaý barada köp zatlar aýdylýar. Eger-de Ýaradyjy bize şeýle kitap beren bolsa, diýmek, özi bilen ýakyndan tanyşmagymyzy isleýär. Hawa, Mukaddes Ýazgylar Ýehowa ýakynlaşmaga kömek edýär.

4. Mukaddes Ýazgylaryň şeýle ýaýramagy sende nähili täsir galdyrdy?

4 Häzir Mukaddes Ýazgylar her öýde diýen ýaly bar. Mukaddes Ýazgylar tutuşlygyna ýa-da onuň käbir bölekleri 2 600-den gowrak dile terjime edildi. Şeýlelikde, ýer ýüzündäki adamlaryň 90 prosenti ony öz ene dilinde okap bilýärler. Her hepdede ortaça hasap bilen Mukaddes Ýazgylaryň milliondan gowragy ýaýradylýar! Şu günler tutuş Mukaddes Ýazgylaryň we käbir bölekleriniň milliardlarçasy bar. Görşümiz ýaly, bu kitaba hiç hili taý ýok.

Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Ýazgylary köp dile terjime etdi

5. Mukaddes Ýazgylara näme üçin «Hudaýyň ylhamy» diýilýär?

5 Galyberse-de, Mukaddes Ýazgylar «Hudaýyň ylhamy» (2 Timoteos 3:16-ny okaň). Bu nämäni aňladýar? Mukaddes Ýazgylar şeýle düşündirýär: «Hudaýyň mukaddes adamlary Mukaddes Ruh tarapyndan herekete gelip gepländirler» (2 Petrus 1:21). Aýdaly, bir firmanyň başlygy sekretaryna hat ýazdyrýar. Şol hatda başlygyň sözi we görkezmesi bar. Diýmek, hatyň awtory sekretar däl-de, başlygyň özi bolýar. Şonuň ýaly Mukaddes Ýazgylardaky sözler hem ony ýazan adamlaryň sözi däl-de, Hudaýyň sözi. Şeýlelikde, Ýazgylaryň hemmesi, hakykatdan-da, «Hudaýyň sözi» (1 Selanikliler 2:13).

UTGAŞYKLYGY WE DOGRULYGY

6, 7. Mukaddes Ýazgylaryň utgaşyklygy näme üçin täsin?

6 Mukaddes Ýazgylar 1 600-den gowrak ýylyň dowamynda ýazyldy. Ony her döwürde ýaşan dürli adamlar ýazdy. Olaryň arasynda daýhanlar, balykçylar, çopanlar, pygamberler, kazylar we patyşalar bar. Hoş habarçy Luka lukmandy. Muňa garamazdan, Mukaddes Ýazgylar başdan-aýaga utgaşyp gidýänligi bilen tapawutlanýar *.

7 Mukaddes Ýazgylaryň ilkinji kitabynda adamzadyň kynçylygynyň nämeden başlandygy gürrüň berilýär. Iň soňky kitabynda bolsa, bütin ýer ýüzüniň Jennete ýa-da bagy-bossanlyga öwrüljegi aýdylýar. Ýazgylar adamzadyň müňlerçe ýyl taryhyny öz içine alýar we ondaky ýazylan zatlaryň barysy Hudaýyň niýeti bilen baglanyşykly. Mukaddes Ýazgylar täsin utgaşyklygy bilen tapawutlanýar, şeýle-de bolmaly, çünki bu kitap — Hudaýyň kitaby.

8. Mukaddes Ýazgylaryň ylmy meselede dogry gelýändigini haýsy mysallar görkezýär?

8 Mukaddes Ýazgylar ylmy meselede hem dogry gelýär. Mundan başga-da onuň bilimi Ýazgylaryň ýazylan döwründäki adamlaryň düşünjesinden has öňde. Meselem, Lewiler kitabyndaky kanun arkaly gadymy ysraýyllylar başga halklardan tapawutlylykda karantin hem arassaçylyk barada bilýärdiler. Gadymy döwürde ýeriň şekili barada nädogry düşünjeler barka, Ýazgylarda onuň togalak ýa-da şar şekillidigi aýdylypdy (Işaýa 40:22). Şeýle hem ýer «hiç zatdan» asylgy diýip ýazylypdy (Eýýup 26:7). Elbetde, Mukaddes Ýazgylar ylmy iş däl, ýöne onda ylmy taýdan ýalan düşünje ýok. Eýsem, Hudaýyň kitaby şeýle bolmaly dälmi näme?

9. a) Mukaddes Ýazgylardaky taryhy maglumatlaryň dogrudygyny we ynama laýykdygyny näme görkezýär? b) Ýazgylary ýazan adamlaryň dogruçyllygy nämäni subut edýär?

9 Mukaddes Ýazgylarda dogry, ynamdar we anyk taryhy maglumatlar bar. Onda adamlaryň diňe bir atlary däl-de, käbir adamlaryň nesil şejeresi hem ýazylgy *. Taryhçylar köplenç öz halkynyň ýeňlişini gizleýärler, emma Ýazgylary ýazan adamlar bolsa, şeýle maglumatlary gizlemeýärdiler, hatda öz ýalňyşlary barada hem dogry ýazdylar. Mysal üçin, Töwratda Musa özüniň düýpli ýalňyşy sebäpli berk temmi alandygyny ýazýar (Sanlar 20:2—12). Taryhy dokumentlerde şeýle dogruçyllyk seýrek duş gelýär. Bu bolsa, Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň kitabydygyny ýene bir gezek subut edýär.

AKYLDARLYKDA DEŇI-TAÝY BOLMADYK KITAP

10. Mukaddes Ýazgylaryň deňi-taýy bolmadyk kitapdygyna biz näme üçin geň galmaly däl?

10 Mukaddes Ýazgylar Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan kitap bolansoň, «öwretmek, käýemek, ýola getirmek üçin peýdaly» (2 Timoteos 3:16, 17). Hawa, Mukaddes Ýazgylar durmuşda tejribeli görkezme berýär. Onda adamyň asyl bolşy we gylyk-häsiýeti gowy düşündirilýär. Muňa geň galmaly däl, sebäbi onuň Awtory — biziň Ýaradyjymyz Ýehowa Hudaý! Ol biziň oý-pikirimize we duýgularymyza özümizdenem gowy düşünýär. Üstüsine-de, Ýehowa bagtly bolmagymyz üçin näme gerekdigini gowy bilýär. Şeýle-de nämeden gaça durmalydygymyzy bilýär.

11, 12. a) Isa Dagdaky wagzynda nähili meseleleri düşündirdi? b) Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri ýene nirelerde kömek edýär we olar näme üçin könelmeýär?

11 Isa Mesihiň Dagdaky wagzynda aýdan sözlerine üns ber. Ol Mattanyň 5—7-nji baplarynda ýazylgy. Isa Dagdaky wagzynda durmuşda iň gerekli zatlar, ýagny hakyky bagty tapmak, dawalary çözmek, doga etmek hem-de maddy zerurlyklara dogry garamak barada aýtdy. Isanyň şol wagyzda aýdan sözlerine köp ýyl geçen bolsa-da, onuň taglymatynyň gymmaty gaçanok.

12 Şeýle hem Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri işde, maşgalada we adamlar bilen aragatnaşykda kömek edýär. Bu prinsipleri her bir adam öz durmuşynda ulanyp biler we olar hemişe-de peýdaly, çünki Hudaýyň özi Işaýa pygamber arkaly şeýle diýdi: «Men saňa peýdaly zatlary öwredýän... Reb Hudaýdyryn» (Işaýa 48:17).

PYGAMBERLIK KITABY

Mukaddes Ýazgylarda Işaýa pygamber Babylyň weýran ediljegini öňünden aýtdy

13. Ýehowa Işaýa pygamber arkaly Babyl barada nähili jikme-jiklikleri öňünden aýtdy?

13 Mukaddes Ýazgylarda ençeme pygamberlikler bar, olaryň köpüsi eýýäm ýerine ýetdi. Bir mysala seredeliň. Ýehowa b. e. öň VIII asyrda ýaşan Işaýa pygamber arkaly Babylyň weýran boljagy barada öňünden aýtdy (Işaýa 13:19; 14:22, 23). Hatda onuň nädip basylyp alynjakdygy hem aýdylypdy, ýagny çozup gelen goşun Babylyň derýasyny «guradyp», şähere söweşsiz girmelidi. Ýöne pygamberlik munuň bilen tamamlanmaýar. Işaýanyň pygamberliginde Babyly basyp aljak patyşanyň adynyň Kirdigi hem aýdylypdy (Işaýa 44:27—45:2-nji aýatlary okaň).

14, 15. Işaýanyň pygamberligindäki Babylyň weýran ediljegi barada käbir jikme-jiklikler nädip ýerine ýetdi?

14 Takmynan 200 ýyldan soň, ýagny b. e. öň 539-njy ýylyň oktýabr aýynyň bäşinden altysyna geçen gije, duşmanyň goşuny Babyl galasyna golaý düşledi. Bu goşunyň baştutany kimdi? Pars patyşasy Kir. Şeýdip täsin pygamberlik ýerine ýetip başlady. Ýöne Kir goşuny bilen Babyla söweşsiz girermikä?

15 Şol gije babyllylar meýlis gurnadylar we şäheriň berk galasy bolany üçin, özlerini howpsuz duýýardylar. Şol wagt bolsa, ugur tapyjy Kir patyşa şäheriň içi bilen geçýän derýanyň akymyny başga ýere sowýar. Soňra derýanyň suwy peselende, esgerler şol ýerden geçip, şäheriň galasyna bardylar. Ýöne Babylyň berk galasyna Kiriň goşuny nädip girer? Bir sebäp bilen şäheriň derwezesi şol gije gulplanylman galypdyr!

16. a) Işaýa Babylyň soňy barada näme pygamberlik etdi? b) Işaýanyň pygamberligi nädip ýerine ýetdi?

16 Babyl barada şeýle diýlipdi: «Hiç haçan ýaşalmaz we onda asla ýaşaýjy bolmaz; ol ýerde Arap çadyr gurnamaz we çopanlar sürüleri bilen dynç almaz» (Işaýa 13:20). Şäheriň diňe bir ýykyljagy däl-de, eýsem, onuň hemişelik harabaçylyga öwrüljegi hem aýdyldy. Häzir biz bu pygamberligiň doly ýerine ýetendigini görýäris. Gadymy Babylyň ýeri (ol ýer Irakdaky Bagdat şäherinden 80 kilometr günortada ýerleşýär) häzir harabaçylyk. Ýehowa Işaýa arkaly: «Weýran ediji sübse bilen süpürerin» diýip yglan etdi we şol sözünde-de durdy * (Işaýa 14:22, 23).

Babylyň harabaçylygy

17. Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikleriň ýerine ýetmegi biziň imanymyzy nädip berkidýär?

17 Mukaddes Ýazgylaryň ynamdar pygamberlikleri biziň imanymyzy berkitmeýärmi näme? Ýehowa Hudaý aýdan sözüni hemişe ýerine ýetirýär, şonuň üçinem ol ýer ýüzüni Jennete öwürjek diýen wadasyny hökman ýerine ýetirer (Sanlar 23:19-y okaň). Hawa, biz «ýalan sözlemeýän Hudaýyň ezelden wada eden baky ýaşaýşynyň umydyna daýanýarys» * (Titus 1:2).

«HUDAÝYŇ SÖZI DIRI»

18. Pawlus resulyň aýtmagyna görä, «Hudaýyň sözüniň» güýji nämede?

18 Şu bapda getirilýän deliller Mukaddes Ýazgylaryň üýtgeşik kitapdygyny görkezýär. Mukaddes Ýazgylaryň täsinligi diňe bir utgaşyklygynda, ylmy we taryhy taýdan dogrulygynda, deňi-taýy bolmadyk akyldarlygynda hem ynamdar pygamberliginde däl. Pawlus resul: «Hudaýyň sözi diri hem täsirlidir, her bir iki ýüzli gylyçdan kesgirdir. Ol jan hem ruhy, bogunlary hem ýiligi bölýänçä batýandyr, ýüregiň düşünjeleridir niýetlerine höküm edýändir» diýdi (Ýewreýler 4:12).

19, 20. a) Mukaddes Ýazgylar arkaly biz özümizi nädip gowy tanarys? b) Sen Hudaýyň sowgadyna, ýagny Mukaddes Ýazgylara minnetdardygyňy nädip görkezip bilersiň?

19 Mukaddes Ýazgylar biziň durmuşymyzy üýtgedip bilýär. Ony okasak, biz özümizi gowy tanarys. Belki, biz Hudaýy söýýärin diýýändiris. Emma biziň Mukaddes Ýazgylara garaýşymyz, ýüregimiziň nähilidigini görkezer.

20 Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýdandygy, gürrüňsiz, şonuň üçinem biz ony okamaly, öwrenmeli we gymmatyny bilmeli. Sen Hudaýyň sowgady, ýagny Mukaddes Ýazgylar üçin minnetdar bolsaň, ony dykgatly öwrenmegiňi dowam et. Şeýtseň, Hudaýyň adamlara degişli niýetine gowy düşünersiň. Indiki bapdan şol niýetiniň nämeden ybaratdygyny we ony nädip ýerine ýetirjekdigini bileris.

^ abzas 6 Käbir adamlar Mukaddes Ýazgylaryň bir bölegi başga bir bölegine garşy gelýär diýýär, emma olaryň aýdýanlary esassyz. Ýehowanyň Şaýatlarynyň köp dilde neşir eden «Mukaddes Ýazgylar Hudaýyň sözümi ýa-da ynsan sözümi?» diýen kitabyň 7-nji babyna seret.

^ abzas 9 Mysal üçin, Luka 3:23—28-nji aýatlarda Isa Mesihiň nesil şejeresi doly berilýär.

^ abzas 16 Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikler barada köpräk biljek bolsaň, Ýehowanyň Şaýatlarynyň köp dilde neşir eden «Hemmeler üçin ýazylan kitap» atly broşýuranyň 27—29-njy sahypalaryndan taparsyň.

^ abzas 17 Babylyň weýran ediljegi baradaky pygamberlik — Mukaddes Ýazgylardaky ýerine ýeten pygamberlikleriň biri. Onda Tiriň hem-de Ninewäniň weýran boljagy aýdylypdy (Ezekiýel 26:1—5; Sefanýa 2:13—15). Mundan başga-da Danyýel Babyldan soň haýsy imperiýanyň höküm sürjegini ýazdy. Şolaryň arasynda Midiýa-Pars hem-de Gresiýa bar (Danyýel 8:5—7, 20—22). Goşmaça maglumatyň 199—201-nji sahypalarynda Isa Mesihde ýerine ýeten köp pygamberlik getirilen.