26-NJY BÖLÜM
Ýer ýüzi Jennet!
Ýehowa Patyşalygy arkaly Mesihiň ýolbaşçylygynda öz adyny mukaddesleýär, hökümdarlygyny aklaýar we ähli erbetligi ýok edýär
MUKADDES ÝAZGYLARYŇ iň soňky Ylham kitabyny Ýahýa resul ýazýar. Ýahýa resulyň ýazan bu kitaby ähli adamlara umyt berýär. Bu kitapdaky görnüşler Ýehowanyň niýetiniň gutarnykly amala aşjagyny görkezýär.
Birinji görnüşde, direlen Isa käbir ýygnaklary öwýär we olara nämäniň üstünde işlemelidigini görkezýär. Ikinji görnüşde, Hudaýyň gökdäki tagty suratlandyrylýar. Onuň daş-töweregini perişdeler gurşap, öwgüli sözler bilen Hudaýy şöhratlandyrýarlar.
Guza, ýagny Isa Mesihe ýedi möhür bilen möhürlenen bir kitap berilýär. Ilkinji dört möhür açylanda, göçme manyda dünýä sahnasynda atlylar peýda bolýar. Birinji çapyp gelýän ak atly ygtyýar berlen Isady. Onuň yzyndan dürli reňkli atlar gelýärdi. Pygamberlige görä, bu atlylar soňky günlerde ýer ýüzünde boljak uruşlary, açlygy we gyrgynçylygy aňladýar. Ýedinji möhür açylanda, ýedi surnaý çalnyp, Hudaýyň hökümi yglan edilýär. Soňra göçme manyda Hudaýyň gazabyny görkezýän ýedi bela inýär.
Ýaňy dünýä inen oglanjyk bilen deňeşdirilýän Hudaýyň Patyşalygy gökde berkarar bolýar. Şonda gökde uruş başlanýar we Şeýtan hem-de onuň zalym perişdeleri ýer ýüzüne zyňylýar. Batly ses şeýle diýýär: «Ýer we deňiz, waý siziň halyňyza! Çünki iblis wagtynyň azlygyny bilip, gahar-gazaba münüp, siziň üstüňize geldi» (Ylham 12:12).
Ýahýa gökde Guzyny, ýagny Isany we ýer ýüzünden alnan 144 000 adamy görýär. Olar Isa bilen bile höküm sürerler. Şeýlelikde, Ylham kitabynda nesliň goşmaça böleginiň 144 000 adamdan ybaratdygy görkezilýär (Ylham 14:1; 20:6).
Dünýäniň hökümdarlary «ähli zada güýji ýetýän Hudaýyň uly gününde boljak söweşe» ýygnanýarlar. Bu söweşe Armageddon diýilýär. Ýerdäki hökümdarlar ak atly, ýagny gökdäki perişdelere ýolbaşçylyk edýän Isa bilen söweş alyp barýar. Netijede, bu dünýäniň ähli hökümdarlary ýok ediler, Şeýtan bolsa baglanylar. Isa we onuň 144 000 kömekçileri ýer ýüzüne «müň ýyl patyşalyk ederler». Müň ýylyň ahyrynda Şeýtan ýok ediler (Ylham 16:14; 20:4).
Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygy gulak asýan adamlara nähili ýaşaýyş berer? Ýahýa şeýle ýazdy: «(Ýehowa) olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar aradan aýryldy» (Ylham 21:4). Ýer ýüzi ýene-de Jennet bolar!
Şeýdip, Ylham kitabynda Mukaddes Ýazgylaryň esasy temasy tamamlanýar. Mesihi Patyşalyk arkaly Ýehowa adyny ebedilik mukaddes etdi we hökümdarlygyny doly aklady!
Ylham kitabyna esaslanýar.