19-NJY BÖLÜM
Isa gelejek barada pygamberlik edýär
Isa Patyşa bolup höküm sürjek döwründe boljak wakalary we zalym dünýäniň soňy barada pygamberlik edýär
ZEÝTUN dagyndan Iýerusalim we onuň ybadathanasy gowy görünýärdi. Isa şol dagda otyrka, dört sany resuly onuň ýanyna gelip, sorag berdiler. Mundan biraz öň Isa Iýerusalimiň ybadathanasynyň weýran ediljegi barada aýdypdy. Ondan öň bolsa, «döwrüň soňunyň» geljekdigini gürrüň beripdi (Matta 13:40, 49). Indi resullar ondan: «Seniň gelmegiňiň we ahyrzamanyň alamaty näme bolar?» diýip soradylar (Matta 24:3).
Isa olara Iýerusalim weýran bolmazdan öň nähili wakalaryň boljakdygyny gürrüň berdi. Emma onuň sözleri gelejekde bütin ýer ýüzünde has uly möçberde hem ýerine ýetmelidi. Isa dünýäde boljak wakalary we şertleri pygamberlik etdi, bularyň ählisi bir alamaty düzýär. Bu alamat arkaly adamlar Isanyň gökde Patyşa bolandygyna düşünerler. Başgaça aýdanyňda, bu alamat Ýehowa Hudaýyň Isany wada eden Mesihi Patyşalygynyň tagtynda oturdandygyny we onuň tizden zalymlygy ýok edip, ýer ýüzünde hakyky parahatlygy dikeltjekdigini görkezer. Isanyň welilik eden wakalary zalym dünýäniň, ýagny häzirki dini, syýasy we sosial jemgyýetiniň soňunyň gelendigine hem-de täze jemgyýetiň başlandygyna güwä geçmeli.
Mesih Isanyň tagta geçendigini nämeden bilse bolar? Ol halkara uruşlaryň, açlygyň, güýçli ýer titremeleriň, ähli ýerde gyrgynçylygyň boljakdygyny we kanunsyzlygyň artjakdygyny aýtdy. Isanyň hakyky şägirtleri Hudaýyň Patyşalygy barada bütin ýer ýüzünde wagyz ederler. Şondan soň ýer ýüzünde hiç haçan bolmadyk «uly muşakgat» bolar (Matta 24:21).
Isanyň şägirtleri bu muşakgatyň golaýlandygyny nädip bilerler? Isa: «Injir agajyndan sapak alyň» diýdi (Matta 24:32). Injiriň şahalary ýumşap, ýaprak çykaran mahaly tomsuň golaýdygyny bilýäris. Şonuň ýaly-da, Isanyň pygamberlikleriniň ählisiniň bir wagtda ýerine ýetmegi dünýäniň soňunyň golaýlandygyny görkezer. Ýöne bu uly muşakgatyň gününi we sagadyny Atadan başga hiç kim bilmez. Şol sebäpli Isa şägirtlerine şeýle maslahat berdi: «Ägä, oýa boluň, doga ediň! Çünki siz ol wagtyň haçandygyny bilmeýärsiňiz» (Markus 13:33).
Mattanyň 24-nji we 25-nji, Markusyň 13-nji, Lukanyň 21-nji baplaryna esaslanýar.
^ abzas 14 Isanyň pygamberlikleri barada köpräk bilmek üçin «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitabynyň 86—95-nji sahypalaryna serediň. Ýehowanyň Şaýatlary çap etdi.