11-NJI BÖLÜM
Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan aýdymlar
Dawut we başga adamlar Hudaýa sežde edende aýdylýan mezmurlary ýazdylar. Şeýle aýdymlaryň 150 sanysy Zebur kitabynda ýerleşdirilen
MUKADDES ÝAZGYLARDAKY iň uly kitap — mukaddes aýdymlar ýygyndysy. Bu kitap müň ýylyň dowamynda ýazylýar. Mezmurlarda Hudaýa bolan iman örän täsirli sözler bilen beýan edilýär. Olarda ynsanyň ähli duýgusy: şatlygy, begenji, minnetdarlygy, gynanjy, gam-gussasy we toba edişi aýdyň görkezilýär. Görşümiz ýaly, mezmurçylar Hudaý bilen ýakyn dostlukly gatnaşykda bolupdyrlar. Geliň, häzir bu liriki eserlerde nähili temalaryň beýan edilendigine seredeliň.
Ýehowa — doly hukukly Hökümdar, ol seždä we şöhrata mynasyp. Biz Zebur 83:18-de şeýle sözleri okaýarys: «Seniň adyň Reb, bütin dünýäniň üstünde diňe Sen hemmelerden beýiksiň». Mezmurlaryň käbirinde Ýehowa ýaradan zatlary üçin şöhratlandyrylýar, meselem: ol ajaýyp tebigaty, ýyldyzly asmany we ynsany täsin tärde ýaratdy (Zebur 8, 19, 139, 148). Başga mezmurlarda bolsa, Ýehowa Hudaýa wepaly gullukçylaryny goraýany üçin alkyş aýdylýar (Zebur 18, 97, 138). Şeýle-de Ýehowa adalatly Hudaý hökmünde beýgeldilýär, çünki ol horluk çekýänlere teselli berip, zalymlary bolsa höküm eder (Zebur 11, 68, 146).
Ýehowany söýýän adamlar kömek we teselli tapýar. 23-nji mezmur iň belli mezmurlaryň biri bolmaly. Bu mezmurda Dawut Ýehowany goýunlaryny ugrukdyrýan, goraýan we aladasyny edýän söýgüli Çopan hökmünde suratlandyrýar. Zebur 65:2-de Hudaýyň gullukçylaryna Ýehowanyň «dogalary eşidýändigi» ýatladylýar. Agyr günä eden adamlar 39-njy we 51-nji mezmurdan köp teselli tapyp bilerler. Olarda Dawut eden agyr günäsi üçin ýürekden toba edýär we Ýehowanyň merhemetine bil baglaýar. Zebur 55:22-de Ýehowa bil baglap, ähli aladaňy onuň üstüne taşlamak barada maslahat berilýär.
Ýehowa Mesihi Patyşalyk arkaly dünýäni özgerder. Mesih barada ençeme mezmurda pygamberlik edilýär. 2-nji mezmurda bu Hökümdaryň oňa garşylyk görkezýän zalym milletleri ýok etjekdigi aýdylýar. 72-nji mezmurda bu Patyşanyň açlygyň, adalatsyzlygyň we zulumyň soňuna çykjakdygy barada beýan edilýär. Zebur 46:9-a görä, Mesihi Patyşalyk arkaly Hudaý uruşlary we ähli ýaraglary ýok eder. 37-nji mezmurda bolsa biz zalym adamlaryň ýok edilip, dogry adamlaryň ýer ýüzünde bol parahatlykda we agzybirlikde ebedi ýaşajakdygy barada okaýarys.
Zebur kitabyna esaslanýar.