Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär? Mazmuny
Ýehowa Adam ata bilen How enäni ýer ýüzünde Jennetde ebedi ýaşamak üçin ýaradýar. Şeýtan Hudaýyň adyny masgaralap, onuň hökümdarlyk etmäge haklydygyny şübhä goýýar. Adam ata bilen How ene Şeýtana goşulyp, hem özlerini, hem neslini günä we ölüme sezewar edýär
Ýehowa pitneçilere höküm çykarýar we Şeýtany ýok etjek Halasgäri, ýagny Nesli berjekdigini wada edýär. Ol pitnäniň getiren ähli zyýanyny we günäni ýok eder
Ýehowa Nesliň, ýagny Mesihiň Ybraýymyň we Dawudyň neberesinden geljekdigini wada edýär. Ol Patyşa bolup, ebedi höküm sürer
Ol Hudaýyň Patyşalygynda höküm sürer we 144 000 kömekçisi bilen uruşlaryň, keselçiligiň, hatda ölümiň hem soňuna çykar
Ýehowa öz Ogluny ýer ýüzüne iberip, onuň wada edilen Mesihdigini görkezýär. Isa Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edýär we adamlar üçin öz janyny gurban berýär. Ýehowa ony ruh edip direldýär
howa Ogluny gökdäki Patyşalygynyň Patyşasy edip, tagta geçirýär. Şondan soň ýer ýüzünde zalym dünýäniň soňky günleri başlanýar. Isa bütin dünýäde Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edýän şägirtlerine ýolbaşçylyk edýär
Ýehowa Ogluna ýeriň üstünden höküm sürmäge ygtyýar berýär. Patyşalyk ynsan hökümetlerini ýok edip, ýer ýüzüni Jennete öwrer we Hudaýa wepaly adamlara kämil bolmaga kömek eder. Ýehowanyň hökümdarlyk etmäge haklydygy ebedi tassyklanylar we onuň ady şöhratlandyrylar