11-nji bölüm
Şu bölümde Injilde ýazylan wakalar hakda gürrüň ederis. Isa kiçijik şäherde doguldy. Onuň ene-atasy Hudaýdan gorkýan adamlardy. Kakasy agaç ussasydy. Isa-da kakasyna kömek edýärdi. Aslynda, Isa adamlary halas etmek üçin ýere gelipdi. Ýehowa ony gökde patyşa edip belledi. Ýehowa hudaýhon maşgalalaryň içinde Isa üçin iň gowusyny saýlady. Ene-atalar, çagalaryňyza munuň üçin Ýehowa minnetdar bolmagy öwrediň. Hirodes patyşa Isany öldürjek bolanda, Ýehowanyň nädip gorandygyny gürrüň beriň. Ýehowa niýetini amala aşyrmaga hiç kimiň päsgel berip bilmejekdigini düşündiriň. Şeýle-de Ýehowanyň Ýahýa nähili ýumuş tabşyrandygyny öwrediň. Isanyň kiçi wagty hem Ýehowany söýendigini, kada-kanunlary boýunça ýaşandygyny düşündiriň.
ŞU BÖLÜMDE:
70-NJI SAPAK
Perişdeler Isanyň doglandygyny aýdýar
Çopanlar Isanyň doglandygyny eşidende, derrew ony görmäge gitdiler.
73-NJI SAPAK
Ýahýa Isanyň geljekdigini aýdýar
Ýahýa ulalanda pygamber boldy. Ol adamlara Mesihiň geljekdigini aýdýardy. Ýahýanyň habaryny eşiden adamlar näme etdiler?