Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

47-NJI SAPAK

Ýehowa Ylýasa güýç berdi

Ýehowa Ylýasa güýç berdi

Izabel Bagalyň pygamberleriniň ölendigini eşitdi. Onuň örän gahary geldi. Şonuň üçin ol Ylýasa: «Ertir senem şol pygamberler ýaly ölersiň» diýdi. Ylýas gorkup, çöle gaçyp gitdi. Ol Ýehowa: «Men indi ýadadym, janymy al» diýdi. Ylýas ýadap, agajyň aşagynda uklap galdy.

Perişde ýuwaşlyk bilen gelip Ylýasy turuzdy. Ol: «Tur, iýip iç» diýdi. Ylýas görse, gyzgyn daşyň üstünde çörek bilen bir küýze suw durdy. Ol iýip-içip ýatdy. Perişde ýene gelip, ony oýardy. Oňa: «Tur, iýip iç. Sen entek köp ýöremeli» diýdi. Ylýas hem turup iýip içdi. Ol 40 gije-gündiz ýol ýöredi. Ahyry Horep dagyna bardy. Ol gije ýatmak üçin bir gowaga girdi. Ýöne Ýehowa: «Ylýas, bärde näme işläp ýörsüň?» diýdi. Ylýas bolsa: «Ysraýyllar beren sözünde durmady. Olar gurbanlyk ojagyny ýumurdylar. Pygamberleriňi hem öldürdiler. Olar indi menem öldürjek bolýarlar» diýdi.

Ýehowa oňa: «Bar, daga çyk» diýdi. Ylýas Ýehowanyň aýdyşy ýaly daga çykdy. Başda güýçli şemal boldy. Soňra ýer titräp, ot ýandy. Ondan soň Ylýas mylaýym ses eşidýär. Ol dony bilen ýüzüni ýapýar. Şol wagt Ylýas gowagyň agzynda durdy. Ýehowa Ylýasdan näme üçin gaçyp gaýdandygyny soraýar. Ylýas: «Men ýeke galdym» diýýär. Ýehowa: «Sen ýeke däl, Ysraýylda maňa sežde edýän 7 000 adam bar. Bar, Alyşany özüňe derek pygamber belle» diýdi. Ylýas derrew Ýehowanyň aýdyşy ýaly edýär. Eger senem Ýehowa gulak assaň, ol saňa kömek edermi? Elbetde, kömek eder. Gel, indi gurakçylyk döwri näme bolandygyny bileli.

«Hiç zadyň aladasyny etmäň, her bir ýagdaýda Hudaýdan kömek sorap doga ediň, minnetdarlyk bilen dileg ediň we ýalbaryň» (Filipililer 4:6).