Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Çydamlylyk

Çydamlylyk

Ýehowanyň gullukçylary näme üçin çydamly bolmaly?

Hoş habary wagyz edenimizde näme üçin käbir adamlar diňlemeýär ýa-da garşy çykýar?

Mat 10:22; Ýah 15:18, 19; 2Kr 6:4, 5

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 2Pe 2:5; 1Ms 7:23; Mat 24:37—39. Nuh pygamber wagyz edende adamlar diňlemedi. Tupanda diňe Nuh bilen maşgalasy halas boldy.

    • 2Tm 3:10—14. Pawlus resul Timoteosa köp kynçylyklara döz gelendigi hakda gürrüň berip, çydamly bolmaga höweslendirdi.

Ýehowa gulluk edýändigimiz sebäpli dogan-garyndaşlarymyz garşy çyksa näme üçin geň galmaýarys?

Mat 10:22, 36—38; Luk 21:16—19

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 1Ms 4:3—11; 1Ýh 3:11, 12. Kabyl zalymdy, Habyl bolsa Hudaýa wepalydy. Şonuň üçinem Kabyl inisini öldürdi.

    • 1Ms 37:5—8, 18—28. Ýusup agalaryna düýşüni gürrüň berende, olar gaharlanyp inisini guýa taşladylar. Soňra ony gul edip satdylar.

Bizi yzarlanlarynda näme üçin ölümden gorkmaly däl?

Mat 10:28; 2Tm 4:6, 7

Serediň: Ylh 2:10

Bize käýinç berlende Ýehowa wepaly bolmaga näme kömek eder?

Nak 3:11, 12; Ýew 12:5—7

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 4Ms 20:9—12; 5Ms 3:23—28; 31:7, 8. Musa pygamber Ýehowanyň beren temmisine gynansa-da, ömrüniň ahyryna çenli Hudaýa wepaly bolýar.

    • 2Pa 20:12—18; 2Tr 32:24—26. Hizkiýa patyşa günä edende, Ýehowa pygamberi arkaly oňa temmi berýär. Patyşa eden işine ökünip özüni kiçeldýär we ýene-de Ýehowa wepaly gulluk edýär.

Başgalar Ýehowa gulluk etmegini goýanda imanymyz nädip synalýar?

Ýer 1:16—19; Hab 1:2—4

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • Zb 73:2—24. Mezmurçy erbet adamlaryň bolelinlikde we parahatlykda ýaşaýandygyny görende, imany gowşaýar.

    • Ýah 6:60—62, 66—68. Köp adamlar Isany terk etse-de, Petrus soňuna çenli wepaly galdy.

Bize çydamly bolmaga näme kömek eder?

Ýehowa bilen dostlugymyzy berkitmeli

Mukaddes Kitaby okamaly we oýlanmaly

Ýehowa ýüregimizi döküp doga etmeli

Rim 12:12; Kol 4:2; 1Pe 4:7

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • Dan 6:4—11. Danyýar pygamber janyna howp abansa-da, Ýehowa doga etmegini goýmady.

    • Mat 26:36—46; Ýew 5:7. Isa ölüminiň öň ýanyndaky gije Hudaýa gyzgyn doga etdi, şägirtlerini hem şeýle etmäge höweslendirdi.

Ýehowa dogan-uýalar bilen bilelikde sežde etmeli

Ýehowanyň wadalary barada hemişe oýlanmaly

Ýehowa, dogan-uýalara we hakykata bolan söýgimizi ösdürmeli

Hudaýa imanymyzy berkitmeli

Kynçylyklara dogry garaýyşda bolmaly

Kynçylyklarda çydamly bolsak nähili bereketleri alarys?

Ýehowa Hudaýy şöhratlandyrarys

Nak 27:11; Ýah 15:7, 8; 1Pe 1:6, 7

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • Eýp 1:6—12; 2:3—5. Şeýtan adamlar öz bähbidi üçin Hudaýa gulluk edýärler diýip Ýehowa gyjalat berdi. Eýýup synaglarda berk durup, Şeýtanyň ýalançydygyny subut etdi.

    • Rim 5:19; 1Pe 1:20, 21. Isa soňuna çenli çydap, kämil adamyň agyr synaglarda-da Ýehowa wepaly gulluk edip bilýändigini subut etdi.

Başgalary ruhlandyrarys

Hudaýa yhlasly gulluk ederis

Ýehowany razy ederis we sylagymyzy alarys