Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Akyldarlyk

Akyldarlyk

Akyl-paýhasly bolmak üçin näme etmeli?

Akyldar bolar ýaly peýdaly maslahatlary nireden gözlemeli?

Biz näme üçin Hudaýdan akyldarlyk dilemeli?

Kol 1:9; Ýak 1:5

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • 2Tr 1:8—12. Ýaş patyşa Süleýman halka baştutanlyk etmek üçin Hudaýdan akyldarlyk soraýar, Ýehowa hem oňa akyldarlyk berýär.

    • Nak 2:1—5. Akyldarlyk, düşünje, parasatlylyk gizlin hazyna ýalydyr. Olary gözleýän adam Hudaýdan bereket alýar.

Ýehowa bize nädip akyldarlyk berýär?

Işa 11:2; 1Kr 1:24, 30; 2:13; Efs 1:17; Kol 2:2, 3

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • Nak 8:1—3, 22—31. Şu aýatlarda akyldarlyk adama meňzedilip, ýaradylan zatlaryň ilkinjisi, ýagny Hudaýyň Ogluny aňladýar.

    • Mat 13:51—54. Isanyň ildeşleri onuň akyldarlygyna haýran galýardy, sebäbi Isa olaryň arasynda önüp ösüpdi.

Hudaýyň maslahatlaryna eýerip akyldar bolan adamyň nähili häsiýetleri bolýar?

Akyldarlyk bizi nädip goraýar?

Hudaýyň akyldarlygyny gazanan adam nähili bereketlere eýe bolýar?

Nak 3:13, 14; 8:11

Serediň: Eýp 28:18

  • Mukaddes Kitapdan mysallar:

    • Eýp 28:12, 15—19. Eýýup pygamber görgi baryny görse-de, akyldarlyk berendigi üçin Hudaýa minnetdardy.

    • Zb 19:7—9. Dawut patyşa Ýehowanyň kanunlarynyň tejribesiz adamy paýhasly edýändigini aýtdy.

Dünýäniň akyldarlygyna eýermek näme üçin howply?