Baýlyga kowalaşmak
Mukaddes Kitapda pul gazanmak we baýlyk toplamak ýazgarylýarmy?
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
1Pa 3:11—14. Süleýman patyşa pesgöwünli bolandygy üçin, Ýehowa oňa baýlyk berdi.
-
Eýp 1:1—3, 8—10. Eýýup gaty baý adamdy, ýöne ol Ýehowa bilen dostlugyny hemme zatdan gymmat saýýardy.
-
Näme üçin baýlyk we mal-mülk adamy bagtly edip bilmeýär?
Haçan baýlygyň peýdasy bolmaýar?
Baýlyk adama nädip duzak bolup biler?
Näme üçin aldawçy baýlyga bil baglamaly däl?
Nak 11:4, 18, 28; 18:11; Mat 13:22
-
Mukaddes Kitapdan mysal:
-
Res 8:18—24. Simun ýygnakdaky borçlary pula satyn alyp bolar öýdýärdi.
-
Pula bolan söýginiň nähili zyýany bar?
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
Mar 10:17—23. Baý ýaş ýigit mal-mülkünden geçip bilmändigi üçin Isanyň şägirdi bolmak mümkinçiligini elden gidirdi.
-
1Tm 6:17—19. Pawlus resul gurply ýaşaýan mesihçilere Hudaýyň razylygyny gazanmak üçin pesgöwünli bolmalydyklaryny aýtdy.
-
Baýlyga kowalaşsak, imanymyz gowşap Hudaýdan daşlaşarys
5Ms 8:10—14; Nak 28:20; 1Ýh 2:15—17
Serediň: Zb 52:6, 7; Ams 3:12, 15; 6:4—8
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
Eýp 31:24, 25, 28. Eýýup baýlyga bil baglaýan adamyň hak Hudaýdan ýüz öwürýändigini aýtdy.
-
Luk 12:15—21. Isa Hudaýy razy etmän, baýlygyň yzynda ylgan adam hakdaky mysaly gürrüň berip, baýlyga kowalaşmaly däldigini aýtdy.
-
Baryňa kaýyl bolmaga näme kömek eder?
Baýlykdan hem gymmatly zat näme we näme üçin?
Nak 3:11, 13—18; 10:22; Mat 6:19—21
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
Hag 1:3—11. Ysraýyl halky Ýehowanyň ybadathanasyny gurmagyň deregine, özleri üçin kaşaň jaýlary gurdular. Şonuň üçin Hagaý pygamberiň aýdyşy ýaly, Ýehowa olary köp bereketlerden mahrum etdi.
-
Ylh 3:14—19. Laodikiýadaky dogan-uýalar baýlyk toplap, Hudaýa sowuk-sala gulluk edendikleri üçin Isa olary ýazgardy.
-
Ýehowanyň bize zerur zatlary ýetirip durjakdygyna näme üçin ynamly bolup bileris?