Dinler
Hemme dindäki adamlar bir Hudaýa sežde edýärmi?
Dinleriň öwredýän zatlary tapawutlansa-da, Ýehowa olaryň ählisini kabul edýärmi?
Mat 7:13, 14; Ýah 17:3; Efs 4:4—6
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
Ýuş 24:15. Ýuşa halka: «Kime sežde etjekdigiňizi saýlaň» diýdi; olar ýa Ýehowany, ýa-da başga taňrylary saýlamalydylar.
-
1Pa 18:19—40. Ýehowa ysraýyl halkyna Bagal ýaly ýalan taňrylara sežde etmeli däldigini aýtdy.
-
Ýehowa ýalan taňrylara we olara sežde edýän adamlara nähili garaýar?
Ýehowa oňa sežde edýän diýip, ýalan dini däp-dessurlary berjaý edýän adamlara nähili garaýar?
Işa 1:13—15; 1Kr 10:20—22; 2Kr 6:14, 15, 17
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
2Ms 32:1—10. Harun halkyň täsirine düşüp, «Ýehowanyň şanyna» altyn göle ýasady. Ýehowanyň olara gahary geldi.
-
1Pa 12:26—30. Halk Iýerusalimdäki ybadathana gitmez ýaly, Ýerobgam patyşa Ýehowa sežde etmek üçin butlary ýasady. Şeýdip, halky günä etmäge iterdi.
-
Ysraýyl halky ýalan taňrylara sežde etmez ýaly, Ýehowa olara nähili tabşyryk berdi?
Halk ýalan taňrylara sežde edende Ýehowa näme etdi?
Ser 10:6, 7; Zb 106:35—40; Ýer 44:2, 3
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
1Pa 11:1—9. Süleýman patyşa başga milletli aýallarynyň täsirine düşüp, ýalan taňrylara sežde etdi, halky hem ýoldan çykardy. Ýehowanyň muňa gahary geldi.
-
Zb 78:40, 41, 55—62. Asafyň aýtmagyna görä, ysraýyl halky Ýehowa garşy çykdy we ýalan taňrylara sežde edip, ony ynjytdy. Şonuň üçinem Ýehowa halkyndan ýüz öwürdi.
-
Isa Hudaýyň Sözüne garşy gelýän dini taglymatlara nähili garaýar?
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
Mat 16:6, 12. Isa fariseýleriň we saddukeýleriň taglymatlaryny hamyrmaýa meňzetdi. Sebäbi olaryň öwredýän zatlary halka güýçli täsir edip, Hudaýdan daşlaşdyrdy.
-
Mat 23:5—7, 23—33. Isa ikiýüzli kanunçylary we fariseýleri ýalan taglymatlary öwredýändigi üçin ýazgardy.
-
Mar 7:5—9. Kanunçylar bilen fariseýler däp-dessurlary Hudaýyň kada-kanunlaryndan ýokary tutýardylar. Şonuň üçin Isa olary ýazgardy.
-
Isa şägirleriniň dini toparlara bölünmegini isledimi?
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
Ýah 15:4, 5. Isa şägirtlerine üzüm agajy hakdaky mysaly gürrüň berip, agzybir bolmagyň wajypdygyny düşündirdi.
-
Ýah 17:1, 6, 11, 20—23. Isa ölüminiň öň ýanyndaky gijesi şägirtleriniň agzybir bolmagy hakda doga etdi.
-
I asyrdaky mesihçiler dürli ýurtda ýaşasalar-da, olaryň öwrenýän zatlary we Ýehowa edýän seždesi birmeňzeşdimi?
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
Res 11:20—23, 25, 26. Antakyýadaky we Iýerusalimdäki ýygnaklar eginme-egin işleşip agzybir sežde edýärdiler.
-
Rim 15:25, 26; 2Kr 8:1—7. I asyrdaky mesihçiler kyn gününde bir-birine höwes bilen kömek edip, Hudaýa agzybir sežde edýärdiler.
-
Hudaý «Isa Mesihe iman edýän» diýýän başga dindäki adamlaryň hem seždesini kabul edýärmi?
Adamyň öwredýän zady Isa Mesihiň öwredýän zadyna garşy gelse Hudaý olaryň seždesinden razy bolarmy?
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
Mat 13:24—30, 36—43. Isa haşal ot mysaly arkaly ýygnakda ýalan mesihçileriň köpeljekdigini aýtdy.
-
1Ýh 2:18, 19. Ýahýa resul I asyryň ahyrynda Mesihiň duşmanlarynyň köpelendigini aýtdy.
-
Ýalan zatlary öwredýän we Hudaýyň kada-kanunlaryny bozýan mesihçä çäre görülmese ýygnaga nähili täsir eder?
Mesihçiler agzybirligi saklamak üçin näme etmeli?
Mesihçiler näme üçin ýalan dinlere goşulmaly däl?
Biz ýalan dini däp-dessurlary näme üçin paş etmeli?
Başga dine uýýan adamlar bize garşy çykyp, yzarlanda näme üçin geň galmaýarys?