Durmuş gurmazlyk
Durmuş gurmazlygyň nähili gowy taraplary bar?
Durmuş gurmadyk mesihçini maşgala gurmaga höweslendirmek näme üçin nädogry?
Mukaddes Kitapdan mysallar:
Rim 14:10—12. Pawlus resul imandaşyňy ýazgarmagyň nädogrudygyny aýtdy.
1Kr 9:3—5. Pawlus resulyň öýlenmäge haky bolsa-da, maşgala gurmady, sebäbi ol Hudaýa köpräk gulluk etmek isleýärdi.
Adam durmuş gurman hem bagtly bolup bilermi?
Mukaddes Kitapdan mysallar:
Ser 11:30—40. Ýeftahyň gyzy durmuşa çykmasa-da, Hudaýa gulluk edip bagtly ýaşady.
Res 20:35. Isa Mesih öýlenmese-de, başgalara kömek etmekden şatlyk tapýardy.
1Sl 1:2—9; 2:12. Pawlus resul durmuş gurmasa-da, köp adamlara hoş habary wagyz edendigi hakda begenip gürrüň berýärdi.
Näme üçin durmuş gurmadyk mesihçiler ahlak taýdan arassa bolmaly?
1Kr 6:18; Gal 5:19—21; Efs 5:3, 4
Mukaddes Kitapdan mysallar:
Nak 7:7—23. Süleýman patyşa ýaş ýigidiň ahlaksyz aýalyň toruna düşüp, heläkçilige uçrandygy hakda gürrüň berdi.
Aýd 4:12; 8:8—10. Mukaddes Kitapda şulamly gyzyň päkligi wasp edilýär, sebäbi ol Ýehowanyň ahlak kadalaryna berk eýerýärdi.
Mesihçi haýsy ýagdaýlarda durmuş gursa gowy bolar?
Serediň: 1Sl 4:4, 5