Garrylyk çagy
Adam garranda nähili kynçylyklara duş gelýär?
Serediň: «Göwünlik bermek. Käbir adamlar keselçilik we garrylyk sebäpli isleýşi ýaly köp zat edip bilmeýär»
-
Mukaddes Kitapdan mysal:
-
Nes 12:1—8. Süleýman patyşa garrylyk çagyny şahyrana sözler bilen beýan etdi. Meselem, garran adamyň gözleri kütelýär (penjireden daşary seredýän zenanyň gözleri garaňkyrar), gulagy agyrlaşýar (gyzlaryň aýdymyny gowy eşitmez).
-
Adam garrylyk sebäpli köp kynçylyklara duş gelse-de, bagtly bolup bilermi?
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
1Şm 12:2, 23. Şamuwel pygamber garran çagynda hem Hudaýyň halky üçin doga edýärdi.
-
2Şm 19:31—39. Dawut patyşa Barzylla gojanyň eden ýagşylygyna minnetdar bolup, ony köşkde gulluk etmäge çagyrdy. Ýöne Barzylla ýaşyny göz öňünde tutup, Dawudyň çakylygyny kabul edip bilmeýändigini aýtdy.
-
Zb 71:9, 18. Dawut garransoň Ýehowa üçin köp zat edip bilmejekdigine düşünip, Hudaýdan güýç sorady.
-
Luk 2:36—38. Ýaşy bir çene ýeten Anna atly pygamber aýal Hudaýa wepaly gulluk etdi. Ýehowa-da ony sylaglady.
-
Ýehowanyň gartaşan gullukçylaryny gowy görýändigini nireden bilýäris?
Zb 92:12—14; Nak 16:31; 20:29; Işa 46:4; Tit 2:2—5
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
1Ms 12:1—4. Ýehowa Ybraýyma 75 ýaşynda bir ýumuş tabşyrdy, şol ýumuş onuň durmuşyny bütinleý üýtgetdi.
-
Dan 10:11, 19; 12:13. Perişde 90 ýaşly Danyýara görnüp, Ýehowanyň ony gowy görýändigini we wepalylygy üçin sylaglajakdygyny aýtdy.
-
Luk 1:5—13. Ýehowa Zekerýa bilen Elizabete garran çagy gudrat bilen ogul berdi.
-
Luk 2:25—35. Gartaşan Şimgona Mesih boljak çagany görmek miýesser etdi. Şonda ol Mesih hakda pygamberlik etdi.
-
Res 7:23, 30—36. Ýehowa Musany ysraýyl halkyna baştutan edip bellände, ol 80 ýaşyndady.
-
Biz gartaşan adamlar bilen özümizi nähili alyp barmaly?
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
1Ms 45:9—11; 47:12. Ýusup ýaşy bir çene ýeten kakasyny ýanyna göçürip, ömrüniň ahyryna çenli aladasyny etdi
-
Rut 1:14—17; 2:2, 17, 18, 23. Rut gartaşan gaýynenesi bilen mähirli gepleşýärdi we onuň aladasyny edýärdi.
-
Ýah 19:26, 27. Isa ölüminiň öň ýany Ýahýa resula ejesiniň aladasyny etmegi tabşyrdy.
-
Biz ýygnakdaky gartaşan dogan-uýalara nädip kömek edip bileris?