Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Giriş

Giriş

Käte biz maslahatlara we kömege mätäç bolýarys. Şu kitap arkaly siz Mukaddes Kitapdan gerekli aýatlary we mysallary aňsatlyk bilen tapyp bilersiňiz. Şeýle-de siz adamlary ruhlandyryp, olara dogry karara gelmäge kömek edip bilersiňiz. Siz gerekli temany saýlap, oňa degişli soraglary we Mukaddes Kitapdan mysallary tapyp bilersiňiz (« Kitaby nädip ulanmaly» diýen çarçuwa serediň). Kitapda peýdaly maslahatlar, görkezmeler we ruhlandyrýan aýatlar bar. Kitapdan tapan dürdäne pikirleriňizi başgalara gürrüň berseňiz, olary ruhlandyryp kynçylyklaryny ýeňmäge kömek edersiňiz we peýdaly maslahatlary berip goldap bilersiňiz.

Şu kitapda tema degişli diňe käbir aýatlar getirilýär. Şol aýatlaryň üsti bilen tema degişli başga-da aýatlary tapyp bolýar (Nak 2:1—6). «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanmasy» we «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlarynyň indeksi» arkaly bolsa has çuňňur gözleg geçirip bilersiňiz. Gözleg geçireniňizde aýatlaryň soňky düşündirilişine degişli maglumatlary tapmak üçin soňky çykan edebiýatlara serediň.

«Mukaddes Kitapdan maslahatlar» kitaby Hudaýyň Sözüne gowy düşünmäge, dogry bilim almaga we paýhasly karara gelmäge kömek eder diýip umyt edýäris. Şu kitaby ulansaňyz, «Hudaýyň sözüniň diri hem güýçlüdigine» göz ýetirersiňiz (Ýew 4:12).