Hudaýa wepalylyk
Hudaýa wepalylyk nämäni aňladýar?
Zb 18:23—25; 26:1, 2; 101:2—7; 119:1—3, 80
Mukaddes Kitapdan mysallar:
3Ms 22:17—22. Ýehowa adamlardan gurban berjek malynyň şikessiz bolmagyny talap edýärdi. «Şikessiz» sözi «wepalylyk» diýen ýewreý sözi bilen baglanyşykly. Diýmek, wepalylyk Hudaýa bütin ýüregiň bilen gulluk etmegi aňladýar.
Eýp 1:1, 4, 5, 8; 2:3. Eýýubyň durmuşyndan görşümiz ýaly, wepaly adam Ýehowa çuňňur hormat goýýar, diňe Hudaýa sežde edýär we onuň ýigrenýän işlerini etmeýär.
Biz näme üçin Hudaýa wepaly bolmaly?
Hudaýa wepaly bolmaga bizi näme höweslendirýär?
Serediň: Nak 27:11; 1Ýh 5:3
Hudaýa wepaly bolmaga näme kömek eder?
Serediň: 5Ms 5:29; Işa 48:17, 18
Mukaddes Kitapdan mysallar:
Eýp 31:1—11, 16—33. Eýýup Hudaýa wepaly adamdy, sebäbi ol ahlak taýdan arassa ýaşaýardy, butlara sežde etmeýärdi we adamlara ýagşylyk edip, hormat goýýardy. Ol Ýehowa bilen dostlugyny at-abraýdan we baýlykdan ileri tutýardy.
Dan 1:6—21. Danyýar bilen üç dosty Ýehowa iman etmeýän adamlaryň arasynda ýaşasa-da, Hudaýyň kanunyny berjaý edip, haram zatlardan iýmediler.
Adam birnäçe gezek agyr günä eden bolsa-da, Hudaý bilen dostlugyny ýene dikeldip bilermi?
Mukaddes Kitapdan mysallar:
1Pa 9:2—5; Zb 78:70—72. Dawut toba edendigi üçin Ýehowa onuň günälerini bagyşlady. Hatda oňa halal adam diýdi.
Işa 1:11—18. Ýehowa halkyny ikiýüzlüligi we eden günäleri üçin ýazgarsa-da, toba edip, erbet işlerinden el çekseler, olary bagyşlajakdygyny aýtdy.