Nika
Nikany kim döretdi?
Mesihçi kim bilen durmuş gurmaly?
Mesihçi ene-ata suwa çümdürilen çagasynyň suwa çümdürilmedik adam bilen durmuş gurmagyny näme üçin goldamaýar?
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
1Ms 24:1—4, 7. Ybraýym pygamber ogly Yshaga Kengan gyzlaryndan däl-de, Ýehowa sežde edýän gyzy alyp berdi.
-
1Ms 28:1—4. Yshak ogly Ýakuba Kengan gyzlaryna däl-de, Ýehowa gulluk edýän gyza öýlenmegi tabşyrdy.
-
Ýehowa mesihçiniň imandaşy bolmadyk adam bilen durmuş gurmagyna nähili garaýar?
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
1Pa 11:1—6, 9—11. Ýehowanyň Süleýman patyşa gahary geldi, sebäbi ol kanuny bozup, başga milletli aýallara öýlendi we olaryň täsirine düşüp, ýalan taňrylara sežde edip başlady.
-
Neh 13:23—27. Ysraýyllar başga milletli aýallara öýlenendigi üçin Ýehowanyň gahary geldi. Şonuň üçin Nehemýa olara käýedi.
-
Mesihçi Hudaýa wepaly we ýygnakda gowy abraýy bolan adam bilen durmuş gursa näme üçin paýhasly bolar?
Serediň: Efs 5:28—31, 33
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
1Şm 25:2, 3, 14—17. Nabal baý adamdy, ýöne ol gödek we zalym bolandygy üçin Abygaýylyň durmuşyny kül etdi.
-
Nak 21:9. Duşuşýan oglan bilen gyzyň garaýşy deň gelmese-de, durmuş gursalar, olaryň maşgalasy bagtly bolup bilmez.
-
Rim 7:2. Pawlus resul gyz durmuşa çykansoň bikämil äriniň tabynlygynda bolýar diýdi. Şonuň üçin uýalar ýanýoldaş saýlanda ünsli bolmaly.
-
Maşgala durmuşyna taýýarlyk
Erkek adam maşgala gurmazdan öň aýalynyň we çagalarynyň aladasyny edip biljekdigine göz ýetirmeli
-
Mukaddes Kitapdan mysal:
-
Nak 24:27. Erkek adam öýlenmezden we çaga edinmezden öň maşgalasyny eklär ýaly gazanç edip başarmaly.
-
Oglan bilen gyz duşuşanda bir-biriniň daş keşbine däl-de, häsiýetlerine üns bermeli we ruhy taýdan berk mesihçi bilen maslahatlaşmaly
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
Rut 2:4—7, 10—12. Bowaz Ruta öýlenmezden öň onuň il arasyndaky at-abraýy hakda soraşdyrdy we Rutuň zähmet çekişine, maşgalada özüni alyp barşyna we Ýehowa bolan söýgüsine üns berdi.
-
Rut 2:8, 9, 20. Rut Bowazyň mähirlidigini, jomartdygyny we Ýehowany jany-teni bilen söýýändigini gördi.
-
Ýehowa oglan bilen gyzdan tanyşlyk döwründe-de, adaglanansoň hem ahlak taýdan arassa bolmaklaryny talap edýär
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
Nak 5:18, 19. Mähriňi görkezmegiň käbir ýollary diňe är-aýalyň arasynda bolmaly.
-
Aýd 1:2; 2:6. Şulamly gyz bilen çopan oglan duşuşýan döwri bir-birine söýgüsini bildirende, ahlaksyzlyga eltýän hereketleri etmediler.
-
Aýd 4:12; 8:8—10. Şulamly gyz özüne erk edip, päkligini saklady. Ol «gulply bag-bakja» ýalydy.
-
Nikany näme üçin kanun taýdan resmileşdirmeli?
Äriň borjy
Ýehowa ärlerden näme talap edýär?
Är maşgalabaşy borjuny ýerine ýetirende kimden görelde almaly?
Är aýalyna söýgüsini bildirmeli, duýgularyna we ýagdaýyna düşünjek bolmaly
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
1Ms 21:8—12. Ybraýym Bibisaranyň aýdan zatlaryny halamady, ýöne Ýehowa oňa aýalyna gulak asmagy tabşyrdy.
-
Nak 31:10, 11, 16, 28. Paýhasly är başarjaň aýalynyň her bir ädimini yzarlap, ondan kemçilik tapjak bolup ýörmeýär. Gaýtam oňa ynanýar we öwgüli sözleri aýdýar.
-
Efs 5:33. Pawlus resul aýal maşgalanyň äriniň söýgüsine hemişe mätäç bolýandygyny aýtdy.
-
Aýalyň borjy
Ýehowa aýallardan näme talap edýär?
Aýalyň maşgaladaky borjy mertebesini peseldýärmi?
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
Ýoldaşy iman etmeýän uýa Ýehowany nädip begendirip biler?
Uýa näme üçin ärine hormat goýmaly?
-
Mukaddes Kitapdan mysal:
-
1Ms 18:12; 1Pe 3:5, 6. Bibisara Ybraýyma «hojaýynym» diýip hormat goýýardy.
-
Mukaddes Kitapda aýalyň nähili häsiýetleri wasp edilýär?
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
1Ms 24:62—67. Yshak ejesiniň ölümi sebäpli hasrat çekende, aýaly Rebeka oňa göwünlik berdi.
-
1Şm 25:14—24, 32—38. Abygaýyl Dawutdan rehim etmegini haýyş edip, ärini we öý-içerisini halas etdi.
-
Est 4:6—17; 5:1—8; 7:1—6; 8:3—6. Şa aýaly Ester Hudaýyň halkyny halas etmek üçin öz janyny orta goýup, patyşanyň ýanyna çakylyksyz bardy.
-
Kynçylyklary çözmek
Är-aýala maşgalada döreýän kynçylyklary çözmäge haýsy prinsipler kömek eder?
Är-aýala pul meselesinde paýhasly bolmaga haýsy prinsipler kömek eder?
Luk 12:15; Flp 4:5; 1Tm 6:9, 10; Ýew 13:5
Serediň: «Pul»
Är-aýalyň ene-atasy ýa-da dogan-garyndaşlary sebäpli kynçylyklar dörände, olara haýsy prinsipler kömek eder?
Är-aýal jynsy gatnaşyk meselesinde haýsy prinsiplere eýerip biler?
Är-aýal näme üçin ýanýoldaşynyň kemçiliklerine däl-de, gowy häsiýetlerine üns bermeli?
Maşgalada kynçylyk dörände gaharlanyp, öýkeläp ýörmegiň deregine, ony parahatlykda derrew çözmeli
Mesihçilere näme üçin gaharlanmak, gykylyklamak, paýyş sözleri aýtmak ýa-da zorluk-sütem etmek ýaraşmaýar?
Är-aýalyň bir meselede pikiri deň gelmese näme etmeli?
Är-aýal maşgalada Ýehowanyň islegini birinji orunda goýsa nähili bereketleri alar?
Maşgala üçin kada-kanunlar
Mukaddes Kitapda nika we jynsy gatnaşyk hakda näme diýilýär?
Mesihçiler köp aýal almaklyga nähili garaýar?
Näme üçin diňe erkek bilen aýal maşgala gurup bilýär?
Är-aýal näme üçin bile ýaşamaly?
Mesihçiler haýsy sebäbe görä aýrylyşyp bilýär?
Ýehowa sebäpsiz ýere maşgalasyny bozýan är-aýala nähili garaýar?
Ýanýoldaşy aradan çykan är ýa-da aýal täzeden durmuş gurup bilermi?