Zähmet çekmek, iş
Adam näme üçin höwes bilen zähmet çekmeli?
Adam näme üçin işine ökde bolmaly?
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
1Şm 16:16—23. Dawut ökde sazanda bolandygy üçin patyşanyň köşgünde gulluk etdi. Patyşanyň keýpi gaçanda Dawut oňa saz çalyp bererdi.
-
2Tr 2:13, 14. Huramaby ökde senetçi bolandygy üçin Süleýman patyşa ony ybadathananyň gurluşygyna çagyrdy.
-
Ýehowanyň gullukçylary näme üçin zähmetsöýer bolmaly?
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
1Ms 24:10—21. Rebeka aladaçyl we zähmetsöýer gyz bolandygy üçin Ybraýymyň hyzmatkäriniň haýyşyny artygy bilen ýerine ýetirdi.
-
Flp 2:19—23. Timoteos pesgöwünlidi we işden gaçmaýardy. Şonuň üçin Pawlus oňa jogapkärli işleri tabşyrdy.
-
Hudaýyň gullukçylary näme üçin ýalta bolmaly däl?
Nak 13:4; 18:9; 21:25, 26; Nes 10:18
-
Mukaddes Kitapdan mysal:
-
Nak 6:6—11. Süleýman patyşa garynjany mysal getirip, ýalta däl-de zähmetsöýer bolmagy öwretdi.
-
Biz näme üçin özümizi eklemeli?
Biz näme üçin maşgalamyzyň aladasyny etmeli?
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
Rut 1:16, 17; 2:2, 3, 6, 7, 17, 18. Rut gaýynenesi Nagomynyň aladasyny etmek üçin agyr zähmet çekdi.
-
Mat 15:4—9. Isa Hudaýa gulluk edýän diýip, ene-atasynyň aladasyny etmeýän adamlary ýazgardy.
-
Biz näme üçin zadymyzy başgalar bilen paýlaşmaly?
Biz gazanç etmeklige nähili garamaly?
Ýehowa zerur zadymyzy ýetirýär we zähmetsöýer bolmagy öwredýär
Mat 6:25, 30—32; Luk 11:2, 3; 2Kr 9:10
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
1Ms 31:3—13. Laban Ýakuby aldap hakyny iýdi, ýöne Ýehowa Ýakubyň çeken zähmetine bereket berdi.
-
1Ms 39:1—6, 20—23. Ýehowa Potifaryň öýünde-de, türmede-de Ýusubyň eden işine bereket berdi.
-
Näme üçin işimiz Hudaýa edýän gullugymyzdan öňe geçmeli däl?
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
Luk 12:15—21. Isa mysal getirip, gazanç etmekligi ruhy işlerden wajyp hasaplamagyň nädogrudygyny düşündirdi.
-
1Tm 6:17—19. Pawlus resul barly mesihçileri tekepbir bolman, «ýagşy işleri etmäge» höweslendirdi.
-
Iş saýlanymyzda haýsy prinsipler kömek eder?
-
2Ms 20:4; Res 15:29; Efs 4:28; Ylh 21:8. Şu işde Hudaýyň ýigrenýän zatlaryny etmeli bolarynmy?
-
2Ms 21:22—24; Işa 2:4; 1Kr 6:9, 10; 2Kr 7:1. Şu işe girsem, Hudaýyň ýigrenýän zatlaryny edýän adamlary goldadygym bolmazmy?
-
Rim 13:1—7; Tit 3:1, 2. Şu işe girsem, hökümetiň kanunlaryny bozmaly bolarynmy?
-
2Kr 6:14—16; Ylh 18:2, 4. Şu işiň ýalan din bilen bagly ýeri barmy?
Ýehowa üçin zähmet çekmek
Mesihçiler üçin iň wajyp iş näme?
Biz näme üçin Ýehowa yhlasly gulluk etmek isleýäris?
Luk 13:24; Rim 12:11; 1Kr 15:58; Ýew 6:10—12
Serediň: 1Tm 3:1
Ýehowanyň gullukçylarynyň ýagdaýy biri-biriniňkiden tapawutlansa-da, olar Hudaýa gulluk etmek üçin elinde baryny edýärler
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
Mat 25:14, 15. Isa mysal arkaly şägirtleriniň hemmesiniň birmeňzeş gulluk edip bilmejekdigini aýtdy.
-
Luk 21:2—4. Isa barja zadyny sadaka beren garyp dul aýaly öwdi.
-
Ýehowanyň tabşyran işlerini ýerine ýetirmäge bize kim güýç berýär?
2Kr 4:7; Efs 3:20, 21; Flp 4:13
-
Mukaddes Kitapdan mysal:
-
2Tm 4:17. Pawlus Hudaýyň güýji bilen hoş habary birkemsiz wagyz edendigini aýtdy.
-
Näme üçin Hudaýa yhlasly gulluk etmek şatlyk berýär?
Serediň: Mat 25:23