Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

7-NJI SORAG

Ahlaksyzlyk etmäge yrjak bolsalar näme etmeli?

Ahlaksyzlyk etmäge yrjak bolsalar näme etmeli?

MUNY BILMEK NÄME ÜÇIN WAJYP?

Seniň jynsy gatnyşyk babatda gelýän kararyň bütin ömrüňe täsir edip biler.

SEN NÄME EDERDIŇ?

Şeýle ýagdaýy göz öňüne getir: Helen Maýkly bary-ýogy iki aý bäri tanaýar. Ýöne onuň göwnüne olar biri-birini ömürboýy tanaýan ýaly görünýär. Olar birnäçe sagatlap telefonda gürleşýärler, dynman SMS ýazyşýarlar, biri söze başladygy beýlekisi yzyny dowam etdirýär. Emma Maýkl ýönekeý gürrüňdeşlikden has köp zady isleýär.

Geçen iki aýyň içinde Maýkl bilen Heleniň arasynda el tutuşmakdan we ogşaşmakdan başga hiç zat bolmandy. Helen mundan öte geçmek islemeýär. Ýöne ol Maýkly hem ýitiresi gelmeýär. Sebäbi ol diňe Maýklyň ýanynda özüni şeýle owadan hem-de arzyly duýýar. Şonuň üçinem Helen öz ýanyndan: «Biz biri-birimizi söýýäris ahyry» diýip oýlanýar.

Eger sen Heleniňki ýaly ýagdaýa düşen bolsaň näme ederdiň?

SAKLAN WE OÝLAN!

Jynsy gatnaşyk Hudaýyň maşgala guranlara beren sowgady. Nikadan öň jynsy gatnaşykda bolýan adam Hudaýyň berýän sowgadyny depeleýär. Bu edil sowgat berlen owadan köýnegi esgi edip, tozan süpürmek üçin ulanan ýalydyr

Eger sen fizikanyň kanunyna, meselem, ýeriň dartyş güýjüne sowuk-sala garasaň, zelel çekersiň. Şonuň ýaly-da ahlak kadalaryny, mysal üçin, «ahlaksyzlykdan gaça durmak» baradaky tabşyrygy bozsaň, özüňe zyýan ýetirersiň (1 Selanikliler 4:3).

Eýsem, ahlaksyzlyk etmek nähili erbet netijeleri getirip biler? Injilde: «Ahlaksyzlyk edýän adam öz bedenine garşy günä edýändir» diýilýär (1 Korinfliler 6:18). Bu nähili beýle bolýar?

Geçirilen barlaglara görä, nikasyz jynsy gatnaşykda bolan ýaşlaryň köpüsi eden işi sebäpli gaty lapykeç boldular.

  • ÖKÜNMEK. Nikadan öň jynsy gatnaşykda bolan ýaşlaryň köpüsi eden işine gaty ökünendigini boýun aldylar.

  • YNAMDAN GAÇMAK. Halaşýany bilen jynsy gatnaşykda bolansoň, oglan-gyzlar öz ýanyndan: «Ol başga kim bilen ýatdyka?» diýip, oýlanyp başlaýarlar.

  • ARZUWYŇ PUÇ BOLMAK. Gyzlar özleriniň ulanylyp taşlanmagyny däl-de, söýgi bilen aladasynyň edilmegini isleýärler. Oglanlaryň köpüsi bolsa namysyndan geçen gyzy kän bir halamaýandygyny aýdýarlar.

  • Mundan nähili netije çykarsa bolýar? Sen ahalksyzlyk etseň, gymmatly zadyňy, ýagny ar-namysyňy ýitirip, abraýdan gaçarsyň (Rimliler 1:24). Seniň bedeniň juda gymmatly. Ony öňýeten adama bermän, gaýtam, aýap sakla!

Hudaýyň «ahlaksyzlykdan gaça durmak» baradaky tabşyrygyna eýermegi berk ýüregiňe düw (1 Selanikliler 4:3). Şeýle etseň, durmuş guranyňda maşgala gatnaşygyndan şatlyk taparsyň we nikadan öň jynsy gatnaşykda bolýanlardan tapawutlylykda, özüňi günäkärlemek hem-de ökünmek ýaly duýgular bolmaz (Süleýmanyň tymsallary 7:22, 23; 1 Korinfliler 7:3).

OÝLANYP GÖR

  • Seni ýürekden söýýän adam jan saglygyňy howp astyna salarmy we abraýdan düşürermi?

  • Ol seniň, hakykatdanam, aladaňy edýän bolsa, Hudaý bilen dostlugyňa zyýan ýetirjek işi etmäge iterermi? (Ýewreýler 13:4).