3-NJI SORAG
Enem-atam bilen nädip oňuşsamkam?
SEN NÄME EDERDIŇ?
Şeýle ýagdaýy göz öňüne getir: Çarşenbe güni öýlän 17 ýaşly Jefri öýüň işlerini sag-aman dynyp, «indi dynç alsaňam-a bolýar» diýip pikirlenýär. Soňra telewizoryň öňüne geçip oturýar.
Edil şol wagtam kakasy gapynyň agzynda durup, oňa gaharly seredýär-de:
«Jefri, men saňa näme diýdim?! Tur-da, jigiň öý işine kömek et. Sen näme üçin aýdylany etmeýärsiň?» diýýär.
Jefri: «Ýene-de başladow» diýip hüňürdeýär.
Kakasy muny eşidip: «Näme diýdiň?» diýýär.
Jefri: «Hiç zadam diýemok» diýip, uludan demini alýar-da, gözüni alardýar.
Kakasynyň muňa hasam gahary gelip: «Sen maňa gaýtargy berýäňmi?!» diýýär.
Eger sen Jefriniň ýerine bolsaň näme ederdiň?
SAKLAN WE OÝLAN!
Eneň-ataň bilen gürrüňdeş bolmagy ulag sürmek bilen deňeşdirse bolýar. Eger barýan ýoluň ýapylan bolsa, sen başga ýol gözlärsiň.
MYSAL ÜÇIN:
Liýa atly bir gyz şeýle diýýär: «Kakam bilen gepleşmek maňa gaty kyn düşýär. Men oňa bir zat gürrüň berip otyrkam, käte ol: „Sen ýaňy maňa bir zat diýdiňmi?“ diýip soraýar».
LIÝA ŞULARYŇ BIRINI SAÝLAP BILER.
-
1 Kakasyna gygyrýar.
Liýa sesini gataldyp: «Men-ä saňa janygyp düşündirip otyryn, sen bolsa diňläňogam!» diýýär.
-
2 Kakasy bilen gepleşmeýär.
Şondan soň Liýa öz kynçylygy barada kakasynyň ýanynda dil ýarmaýar.
-
3 Amatly pursada garaşýar.
Liýa amatly pursat bolanda kakasy bilen gürleşýär ýa-da kynçylygyny hat arkaly düşündirýär.
Seniň pikiriňçe, Liýa haýsy usuly saýlasa gowy bolar?
OÝLANYP GÖR: Liýanyň kakasy öz işlerine gümra bolup, gyzynyň ondan gaty görendigini bilmeýär. Eger Liýa 1-nji usuly saýlap, sesini gataldyp geplese, kakasy onuň näme üçin gygyrýandygyna düşünmez, aýdýan zatlaryny-da ünsli diňlemez. Şeýle-de Liýanyň öz kakasyna hormat goýmadygy bolar (Efesliler 6:2). Diýmek, 1-nji usul gowy netije bermez.
2-nji usul aňsat bolsa-da, oňa paýhasly diýip bolmaz. Näme üçin? Sebäbi Liýa kynçylyklaryny çözmek üçin kakasy bilen hökman gepleşmeli. Kakasy Liýanyň nähili kynçylygynyň bardygyny bilmese, oňa hiç hili kömek edip bilmez. Hawa, dymmak bilen kynçylygy çözüp bolmaýar.
3-nji usulda Liýa päsgelçiligiň uly böwet bolmagyna ýol bermän, kynçylygy barada kakasy bilen başga wagt gürleşmäge çalyşýar. Eger Liýa kakasyna hat ýazyp, ýagdaýyny düşündirse, biraz rahatlanar.
Şeýle-de ol hat üsti bilen ýüregindäkini açyk beýan edip biler. Kakasy Liýanyň hatyny okap, gyzynyň näme diýjek bolandygyna göz ýetirer we onuň ýagdaýyna gowy düşünip biler. Diýmek, 3-nji usul Liýanyň özüne-de, kakasyna-da peýdaly bolar. Sebäbi bu usul Rimliler 14:19-daky «parahatlyga eltýän... zatlara ymtylalyň» diýen maslahata esaslanýar.
Liýa ýene-de näme edip biler?
Sen aşakda öz pikiriňi ýazyp, soňra onuň nähili netije berjekdigini belläp bilersiň.
PIKIRIŇI AÇYK-AÝDYŇ DÜŞÜNDIR
Ýadyňda bolsun, eneň-ataň seniň aýdýan sözleriňe ters düşünmegi mümkin.
MYSAL ÜÇIN:
Eneň-ataň senden näme üçin keýpiň ýokdugyny soraýar. Şonda sen: «Men bu barada gepleşesim gelenok» diýýärsiň.
Eneň-ataň muňa: «Men kynçylygymy size aýdanymdan, dostlaryma aýdanymy gowy görýärin» diýip düşünmegi ahmal.
Indi bolsa başga ýagdaýy göz öňüne getir. Kyn ýagdaýa düşeniňde, ejeň bilen kakaň saňa kömek etjek bolýar. Emma sen: «Alada etmäň. Men kynçylygymy özüm çözerin» diýýärsiň.
-
Eneň-ataň muňa şeýle düşünmegi mümkin:
-
Näme diýeniňde has gowy boljakdygyny ýaz: