9-NJY SORAG
Ewolýusiýa taglymatyna ynanmak dogrumy?
SEN NÄME EDERDIŇ?
Şeýle ýagdaýy göz öňüne getir: Aleksiň başy çaşdy. Ol Hudaýyň bardygyna we ähli zady onuň ýaradandygyna ynanýardy. Emma şu gün onuň biologiýa mugallymy ewolýusiýa taglymatynyň dogrudygyny, ylmy barlaglaryň netijesinde subut edilendigini aýtdy. Aleks muňa garşy çykmagy akylsyzlyk hasaplap: «Eger alymlar munuň dogrudygyny subut eden bolsa, oňa garşy çykar ýaly, men kim bolupdyryn?» diýip oýlanýar.
Eger sen Aleksiň ýerine bolsaň, diňe biologiýa kitabynda aýdylýandygy üçin ewolýusiýa taglymatyna ynanarmydyň?
SAKLAN WE OÝLAN!
Hudaýa we ewolýusiýa taglymatyna ynanýan adamlaryň arasynda köp çekişmeler bolýar. Olaryň köpüsi näme ynanýandyklaryny aýtsalar-da, oňa näme üçin ynanýandyklaryny düşündirip bilmeýärler.
-
Käbir adamlar ýaradylyşa ene-atasynyň öwredendigi üçin ynanýar.
-
Käbirleri bolsa ewolýusiýa taglymatyna mekdepde öwredendikleri üçin ynanýar.
OÝLANMAK ÜÇIN ALTY SORAG
Injilde: «Her bir öýüň gurujysy bardyr, ähli zady guran bolsa Hudaýdyr» diýilýär (Ýewreýler 3:4). Bu sözlere ynansa bolýarmy?
GIŇDEN ÝAÝRAN DÜŞÜNJE: Älem-jahan güýçli partlamanyň esasynda emele geldi.
1 Muňa kim ýa-da näme sebäp boldy?
2 Ähli zat öz-özünden emele geldi diýmek paýhaslymy ýa-da biri tarapyndan ýaradyldy diýmek?
GIŇDEN ÝAÝRAN DÜŞÜNJE: Adamlar haýwandan döredi.
3 Eger adam haýwandan, ýagny maýmyndan dörän bolsa, onda näme üçin adam maýmyna garanyňda akyl taýdan has ukyply?
4 Näme üçin hatda ýönekeý jandarlaryň gurluşy hem örän çylşyrymly?
GIŇDEN ÝAÝRAN DÜŞÜNJE: Ewolýusiýa taglymaty delillere esaslanýar.
5 Bu düşünjä eýerýän adamlar munuň dogrudygyna özleri göz ýetirdilermi?
6 Adatça, «ähli bilimli adamlar ewolýusiýa taglymatyna eýerýär» diýýärler. Şeýle garaýyş näçe adamyň ewolýusiýa taglymatyna ynanmagyna sebäp boldy?
«Aýdaly, sen tokaýyň içinden ýöräp barýarsyň. Birdenem, bir jaýa gözüň düşýär. Sen: „Bäh, gaty owadan jaý eken! Agaçlar şeýle bir oňaýly ýykylypdyr welin, şu jaý emele geläýipdir“ diýermiň? Elbetde, ýok! Bu akyla sygjak zat däl. Onda näme üçin biz ähli zadyň öz-özünden emele gelendigine ynanmaly?!» Juliýa
«Göz öňüne getir: Biri saňa „çaphanada partlama boldy. Şonda diwaryň ýüzüne syýa syçrap, ullakan bir sözlük emele geldi“ diýýär. Sen onuň aýdanlaryna ynanarmyň?» Gwen
HUDAÝA NÄME ÜÇIN YNANMALY?
Mukaddes Ýazgylarda «pikirlenmek ukybyňy ulanmak» barada maslahat berilýär (Rimliler 12:1). Seniň Hudaýa bolan imanyň aşakdaky zatlara esaslanmaly däl.
-
DUÝGYŇA (Men bir ýokary güýjüň bardygyny bilýärin)
-
ÖNÜP-ÖSEN ÝERIŇE (Men dindar adamlaryň arasynda ýaşaýaryn)
-
ALAN TERBIÝÄŇE (Atam-enem Hudaýa ynanmaly diýip öwretdi. Başga çykalgam ýokdy)
Seniň imanyň ynandyryjy delillere esaslanmaly.
«Mugallym sapakda adam organizminiň işleýşi barada her gezek gürrüň berende, Hudaýyň bardygyna bolan ynamym hasam berkeýär. Bedeniň her bir agzasy, hatda ujypsyz agzalary-da öz etmeli işlerini ýerine ýetirýärler. Käte biz olaryň nähili işleýändigini hem bilmeýäris. Dogurdanam, adam bedeniniň gurluşy haýran galdyrýar». Tereza
«Men beýik jaýy, uly gämini ýa-da maşyny görenimde: „Muny kim etdikä?“ diýýärin. Maşynyň hereket etmegi üçin, onuň müňlerçe bölekleri özara sazlaşykly işlemeli. Eger maşyny biri ýasan bolsa, onda çylşyrymly ynsan bedeniniň ýaradyjysy hökman bolmaly». Riçard
«Men ylmy näçe köp öwrendigimçe, şonça-da ewolýusiýa şübhelenýän... Meniň pikirimçe, Ýaradyja ynanmak üçin däl-de, ewolýusiýa taglymatyna ynanmak üçin has köp iman gerek». Entoni
OÝLANYP GÖR
Onlarça ýyl bäri geçirilýän barlaglara garamazdan, alymlar ewolýusiýa taglymaty babatda belli bir karara gelip bilmediler. Eger olar öz aralarynda belli bir netijä gelip bilmeýän bolsalar, onda sen ewolýusiýa taglymatyna ynansaň paýhasly bolarmy?!