A4
Töwratda Hudaýyň ady
Töwradyň asyl nusgasynda Hudaýyň ady takmynan 7 000 gezek duş gelýär. Hudaýyň ady ýewreý diliniň dört çekimsiz harplary (יהוה) bilen ýazylypdyr. Şu kitapda dört çekimsiz harplar, ýagny tetragrammaton «Ýehowa» diýip terjime edildi. «Ýehowa» ady Mukaddes Kitapda iň köp duş gelýän atdyr. Mukaddes Kitaby Hudaýyň ylhamy bilen ýazan adamlar Hudaýyň güýjüni we ygtyýaryny görkezmek üçin «Gudratygüýçli», «Allatagala», «Hökümdar» ýaly sözleri ulanypdyrlar, Hudaýyň adyny bolsa tetragrammaton bilen ýazypdyrlar.
Hudaý pygamberlerine «Ýehowa» adyny ýazdyrdy. Meselem, Ýowel pygamber: «Ýehowanyň adyny çagyran her bir adam halas bolar» diýip ýazdy (Ýowel 2:32). Zebur kitabynda: «Goý, älem-jahan seniň adyň Ýehowadygyny bilsin, diňe seniň Allatagaladygyňa düşünsin» diýilýär (Zebur 83:18). Hudaýyň ady diňe Zebur kitabynda takmynan 700 gezek duş gelýär. Hudaýyň halky Zeburdaky aýdymlary ýat tutmalydylar. Onda näme üçin Mukaddes Kitabyň köp terjimelerinde Hudaýyň ady ýok? Şu terjimede näme üçin Hudaýyň ady «Ýehowa» diýip ýazyldy? «Ýehowa» ady nämäni aňladýar?
Mukaddes Kitabyň köp terjimelerinde näme üçin Hudaýyň ady ýok? Munuň birnäçe sebäbi bar. Käbir adamlar Gudratygüýçli Hudaýa belli bir at bilen ýüzlenmek hökman däl diýýärler. Käbirleri bolsa ýehudylar ýaly yrym edipdirler we Hudaýyň adyny ýersiz-ýere agzamakdan gorkup, adyny asla tutmandyrlar. Başgalaryň pikiriçe, Hudaýyň adynyň dogry aýdylyşyny hiç kim anyk bilmeýär, şonuň üçin Hudaý ýa-da Reb diýmeli. Emma aşakda getirilen deliller şeýle pikirleriň nädogrudygyny görkezýär:
-
Käbirleri gadymy golýazmalarda Hudaýyň adynyň bardygyny bilseler-de, Gudratygüýçli Hudaýa belli bir at bilen ýüzlenmek hökman däl diýýärler. Emma I asyrdan öňräk ýazylan golýazmalarda Hudaýyň adyna duş gelse bolýar. Hudaý öz adyny Mukaddes Kitapda takmynan 7 000 gezek ýazdyrdy. Diýmek, Hudaý adyny bilmegimizi we tutmagymyzy isleýär.
-
Ýehudylar ýaly yrym edip, Hudaýyň adyny Mukaddes Kitaba ýazmadyk terjimeçiler bir wajyp hakykata düşünmeýärler. Käbir ýehudy mürzeleri Hudaýyň adyny tutmasalar-da, ony Mukaddes Kitapda ýazdylar. Öli deňziniň golaýyndaky Kumran gowagyndan tapylan gadymy golýazmalarda Hudaýyň ady ençeme sapar duş gelýär. Käbir terjimeçiler Mukaddes Kitabyň asyl nusgasynda Hudaýyň adynyň duş gelýän ýerinde Ýehowa adyna derek «REB» diýen sözi baş harplar bilen ýazypdyrlar. Ýöne şeýle sorag döreýär: Mukaddes Kitapda Ýehowa diýen adyň müňlerçe gezek duş gelýändigini bilseler-de, näme üçin terjimeçiler gorkman Hudaýyň adyny aýrypdyrlar? Hudaýyň adyna derek näme üçin başga sözi ýazypdyrlar? Mukaddes Kitaby üýtgetmäge olara kim rugsat berdi? Muny olaryň özünden başga hiç kim bilmeýän bolsa gerek.
-
Hudaýyň adynyň dogry aýdylyşy näbelli bolansoň, käbirleri ony tutmaly däl diýen pikiri öňe sürýärler. Emma olar Isanyň adynyň dogry aýdylyşyny anyk bilmeseler-de, onuň adyny tutýarlar. I asyrda ýaşan mesihçiler Isanyň adyny başgaça tutupdyrlar. Belki-de, ýehudy mesihçileri Isa Mesihiň adyny «Ýeşua Maşiýah» ýa-da «Ýeşua Messiýah» diýip tutandyrlar. Grek dilinde gepleýän mesihçiler «Ýesous Hristos», latyn dilinde gepleýänler bolsa «Ýesus Kristus» diýendirler. Hudaý Injilde Isanyň adynyň ýewreýçe däl-de, grekçe aýdylyşyny ýazdyrdy. Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesiniň komiteti hem gadymy ýewreý dilinde Hudaýyň adynyň dogry tutulyşy anyk belli bolmasa-da, şu kitapda «Ýehowa» diýen ady ýazmagy makul bildi.
Şu terjimede näme üçin Hudaýyň ady «Ýehowa» diýip ýazyldy? Dört ýewreý çekimsiz harpy, ýagny tetragrammaton (יהוה) türkmen dilinde ÝHWH diýip ýazylýar. Gadymy ýewreý dilinde çekimli harplar bolmansoň, adamlar ähli sözleri, şol sanda tetragrammatony hem diňe çekimsiz harplar bilen ýazypdyrlar. Emma gadymy ýewreý dilinde gepleýän adamlar çekimli sesleri nirede we nädip aýtmalydygyny bilýärdiler.
Töwradyň asyl nusgasynyň ýazylanyna takmynan müň ýyl geçende, ýehudy alymlar çekimli sesleri anyklamaga kömek edýän bellikleri döretdiler. Şol wagtlar ýehudylaryň köpüsi yrym edip, Hudaýyň adyna derek başga titullary ýazypdyrlar. Olar Hudaýyň 1 Musa 13:4; 2 Musa 3:15). Ýöne biz bir zady bilýäris: Hudaý halky bilen gepleşende öz adyny aýdýardy. Halk hem Hudaýyň adyny tutup çagyrýardy. Adamlar özara gepleşende hem Hudaýyň adyny tutýardylar (2 Musa 6:2; 1 Patyşalar 8:23; Zebur 99:9).
titullarynyň çekimli harplaryny tetragrammatonyň, ýagny dört çekimsiz harplaryň arasynda ýazypdyrlar. Şonuň üçin gadymy golýazmalardaky çekimli harplar goşulan tetragrammaton hem «Ýehowa» adynyň ýewreýçe nädip aýdylandygyny anyklamaga kömek etmeýär. Käbirleri şol ady «Ýahwe» diýip aýtmaly diýýär, beýlekiler bolsa başgaça aýdylmaly diýýärler. Grek diline terjime edilen Musanyň üçünji kitaby Öli deňzinden tapyldy. Şol golýazmada «Iao» diýip, Hudaýyň adynyň ýewreýçe aýdylyşy ýazylypdyr. Şeýle-de gadymy grek ýazyjylary şol adyň «Iae», «Iabe» we «Iaoue» diýip aýdylmalydygyny tassyklaýarlar. Şonuň üçin Hudaýyň adynyň aýdylyşy babatda anyk bir zat diýip bolmaýar. Gadymy döwürde pygamberleriň Hudaýyň adyny nädip tutandygyny hiç kim bilmeýär («Täze dünýä terjimesinde» näme üçin Hudaýyň ady «Ýehowa» diýip ýazyldy? Sebäbi Hudaýyň Ýehowa ady türkmen dilinde birnäçe ýyldan bäri ulanylýar. Araz Parwişiň terjime eden «Zebur» kitabynda (1994 ý.) Hudaýyň «Ýehowa» ady üç gezek duş gelýär (Zebur 8:1, 9; 68:20).
Hudaýyň ady iňlis dilinde ilkinji gezek Wilýam Tindalyň terjimesinde («Musanyň bäş kitaby», 1530 ý.) «Iehouah» diýip duş gelýär. Wagtyň geçmegi bilen, iňlis dili üýtgedi. Şol sebäpli Hudaýyň adynyň aýdylyşy hem üýtgedi. Meselem, Genri Eýnswort
«Zebur» kitabyny terjime edende (1612 ý.) Hudaýyň adyny «Iehowah» diýip ýazdy. 1639-njy ýylda Genri Eýnswortyň «Zebur» kitaby bilen «Musanyň bäş kitaby» bir kitap görnüşinde neşir edildi. Şol neşirde Hudaýyň ady «Ýehowa» diýip ýazyldy. 1901-nji ýylda «Amerikan standart terjimesinde» Hudaýyň adynyň asyl nusgada duş gelýän ýerinde «Ýehowa» diýip ýazyldy.Mukaddes Kitaby öwrenýän abraýly alym Josef Braýnt Rotergam «Zebur boýunça gözlegler» (1911 ý.) diýen kitabynda «Ýahwe» däl-de, «Ýehowa» adyny näme üçin ýazandygyny düşündirýär. Ol Mukaddes Kitaby okaýan adamlara tanyş ady ulanmak isländigini aýdýar. 1930-njy ýylda alym A. F. Kirkpatrik «Ýehowa» diýen at barada şeýle diýýär: «Käbir dilçiler Hudaýyň adynyň „Ýahwe“ ýa-da „Ýahawe“ bolmalydygyny aýdýarlar. Ýöne iňlis dilinde „Ýehowa“ diýen at giňden ýaýran. Aslynda, şol adyň dogry aýdylyşy däl-de, adamlaryň Hudaýyň adyny bilmekleri wajyp. Şeýle-de onuň ýöne bir titul däldigine düşünmekleri wajyp».
«Ýehowa» ady nämäni aňladýar? «Ýehowa» ady «bolmak» diýen ýewreý işliginden gelip çykýar. Alymlar şol sözi ýewreý işliginiň ýükletme derejesi hasaplaýarlar. Şol sebäpli Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesiniň komiteti hem Hudaýyň adynyň «Boldurýar» diýmegi aňladýandygyna göz ýetirdi. Hudaýyň adynyň manysy babatda alymlaryň pikiri biri-birinden tapawutlanýar. Şol sebäpli bizem diňe öz pikirimizi öňe sürmeýäris. Ýöne Hudaýyň adynyň «Boldurýar» diýen manysy Ýehowanyň älem-jahany, perişdeleri we adamlary ýaradan, niýetini amala aşyrýan Hudaýdygyny gowy suratlandyrýar. Ol islegini we niýetini diňe bir gadymy döwürde däl, şu günlerem amala aşyrýar.
2 Musa 3:14-de Ýehowa: «Men Kim bolaýyn diýsem, Bolýandyryn» diýip, adynyň manysyny aýtdy. «Bolýandyryn» diýen işlik Allanyň niýetini amala aşyrmak üçin islendik ýagdaýda kim bolaýyn diýse, bolup bilýändigini görkezýär. Emma «Ýehowa» diýen adyň has giň manysy bar. Ol diňe «bolýaryn» diýmegi däl-de, «boldurýaryn» diýmegi hem aňladýar, ýagny Hudaý niýetini amala aşyrmak üçin ýaradan zatlaryny kim ýa-da näme edeýin diýse, şony hem «boldurýandygyny» aňladýar.