Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

B1

Mukaddes Kitabyň esasy temasy

Ýehowa Hudaýyň höküm sürmäge haky bar. Ol iň gowy Hökümdar. Hudaýyň ýer we adamzat babatdaky niýeti hökman amala aşar.

B. e. öň 4026 ý. soň

«Ýylan» Ýehowanyň hökümdarlyk etmäge haklydygyny we gowy Hökümdardygyny şübhä goýdy. Ýehowa ýylany, ýagny Şeýtany ýok etjek «nesliň» ýa⁠-⁠da «tohumyň» geljekdigini wada berdi (1 Musa 3:1—5, 15, çykgyt). Ýehowa adamlara Şeýtanyň golastynda ýaşamaga ýol berdi.

B. e. öň 1943 ý.

Ýehowa Ybraýym pygambere wada edilen «nesliň» onuň neslinden geljekdigini aýtdy (1 Musa 22:18).

B. e. öň 1070 ý. soň

Ýehowa Dawut patyşa, soňra ogly Süleýmana wada edilen «nesliň» olaryň neslinden geljekdigini aýtdy (2 Şamuwel 7:12, 16; 1 Patyşalar 9:3—5; Işaýa 9:6, 7).

B. e. 29 ý.

Ýehowa Isanyň wada edilen «nesildigini», Dawudyň tagtynyň mirasdüşeridigini mälim etdi (Galatýalylar 3:16; Luka 1:31—33; 3:21, 22).

B. e. 33 ý.

Ýylan, ýagny Şeýtan Isany öldürdip, wada edilen «nesliň» dabanyndan çakdy. Ýehowa Isany gökdäki ýaşaýyş üçin direltdi we töleg gurbanyny kabul etdi. Şeýdip, Adam atanyň nesliniň günäleriniň bagyşlanmagyna we ebedi ýaşamagyna ýol açyldy (1 Musa 3:15; Resullar 2:32—36; 1 Korinfliler 15:21, 22).

Tak. b. e. 1914 ý.

Isa ýylany, ýagny Şeýtany ýer ýüzüne zyňdy. Şeýtanyň az wagty galdy (Ylham 12:7—9, 12).

Gelejekde

Isa Şeýtany 1 000 ýyla baglar, soňra ýok edip, göçme manyda kellesini mynjyradar. Ýehowanyň ýer we adamzat babatdaky niýeti amala aşar. Hudaýyň ady mukaddes edilip, gowy Hökümdardygy subut ediler (Ylham 20:1—3, 10; 21:3, 4).